Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

03:58
Bulutlara dirän sorag belgilem / hekaýa

BULUTLARA DIRÄN SORAG BELGILEM

Bulut hakda hökman agzamaly bolsa şuny aýdyp bilerin: gaty agyr görünýäler. Ýere inip, jaýjagazlary ezmezligi üçin olara sorag belgilerimi diräp goýdum. Gara daňdan iliň üstüne inmesin.
Gara daň däl-de, ak daň diýesim gelýä, ýöne bi ak reňkem halys neme-dä... Goý, onda pöwrize reňkli daň bolsun. Ellerim erkin, çotga elimdekä islän reňkimi çalaýyn.
Gaçan gutular – prikol tutular diýen eken Oguz han. Pöwrize daňy agarmanka garamy saýlamaga mejburyýet gurdugym bu obada ne gözel günlerim geçdi. Aslynda, üýtgeşik gowy günlerimem bolmady welin, hoşlaşykda adatça aýdylaýýan söz. Hezil günlerim geçdi diýip, ine, grek adalaryna aýtsam bolar. Oýa wagtym hiç gitmänligime garamazdan hezildi.
Ýöne gijeler gaty tukat bolýa bärde. Hasam beter heleýiňi söýmeýän bolsaň. Oturyp-otyryp pikir edýän, düşünip bilemok, men näme üçin öýlendim şu aýala?
Aslynda öýlenen wagtym aýal däldi.
Hehe, talyp wagtym ki, o wagtlar biz söýüşýärdik, çatda ýazypdym oňa: «Meni halaman başlan günüň meni öldür!».
Diýseň diýmeseň romantik çaga ekenim.
Olam «Senem meni» – diýip ýazypdy.
Çagaň sesine hemme adam çydanokmyka ýa bir menmikäm? Gülende ýakymlam weli, çirkin aglap başlasa daşary zyňasym gelýä.
Meň hyýalymdaky zatlar düýbünden beýle däldi. Başga zatlardy. Ýo, aýalyma diýemok, umuman.
Futbolçylar näçe aýlyk alýarka? Hem hezil edip futbol oýnaýalar, hem aýlyk alýalar. Üstesine heleýlerem iňňirdeýän däldir. Aý ýoklaý, iňirdeýändir.
Hemme diýen zadyny getirseň, soňam iňirdese, ýürege düşse, meselem, öldürseňem bolýarmyka? Dinde nähilikä şo mesele?
Hudaý saklasyn.
Paýtagtda ortagürp aýdymça iş tapylýarmyka?
Birden problema dörän ýagdaýynda uçastkawoý Mergen meň tarapymda durarmyka? Bir sapar arak alyp beripdim. Ýoklaý, ol beýle ýagdaýda arkaňda durmaz. Gorkar. Alkaş bl... ...mo. Erkegem däl eken.
Birden aýdymçy ýa-da depçi bolup işlesem, maşgala ýagdaýymy sorarlarmyka?
Bulutlara dirän sorag belgilerim gitdigiçe ýegşerilýär. Jogap berdigim, üstüme eňteriljek-de, meni ýok etjek.
Sagat 04:50
Ýarym sagat yza gaýdýan.
Çüýşämi diwara urýan. Çaga aglaýa. Ol bolsa güjümiň şahasynda hallan atyp dur.
Men aglaýan çagaň gözüne görünmäge gaýrat tapyp bilemok.
Hiç zada gaýratym çatanok.
Git diýipdi. Git indi diýipdimi ýa gidäý diýdimi? Öz-ä şoňa meňzeş bir zat.
Bulutlar näme üçin beýle agyr. Ýöremäge goýanoklar.
«Senem meni» – diýip ýazan anyk şolmydyka, ýa başga biridimi ol?
Aý, hiç-le.

© Nejep BAÝAT
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 181 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Nejep Baýat | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 16
avatar
4
1 sussupessimist • 04:15, 08.12.2023
Adamlar irden oýanar, yuwnup-ardynandan soň, eşigini çalşyp, belki-de, çaga-çugalysy ilki olary mekdebe ya çagalar bagyna eltip, bolmasa-da gönümel işe gaydar. Käsi redaksiyada işleyandir, käsi haysydyr bir hassahanada, käsi mebel ussahanasynda, firmada, kafede, bankda... onsoň işe girişmänkä, köne endigine görä kofe alar öňüne. Mümkin, kimdir biriniň kofäniň gõrnüşleri hakda yazan haysydyr bir oylanmasyny yatlap, gyzgynjak amerikanony ya espressony, latteni ya kappuçinony süzüp içip oturan yerinden, Edebiyat kafesine girer. Ol yerde-de sussupessimist täze hekaya yerleşdiren eken ("Şu patsan bir tuyslije-bir tuyslije hekayajyklar paýlaşan bolyaray..."). Bäh, hekayaň ady-ha hiç neneň däl eken, diyer öz yanyndan. yöne "belgilerim" diymän, gepleşik diline golayladyp "belgilem" gõrnüşde ulanypdyr diyip oylanar, munuňam "Aznawur" almanahdandygy baradaky teswiri okap, "şularam öz yanyndan bir zatjyklar eden bolyaray, bir täsinje sözjagazam tapan bolupdyrlar, yasama dälmäy?!" diyip çaaalaja oya batjak bolar, soňam "ay, bolya" diyip, eseri ilkinji gezek okamaga girişer...
Gözüm gidyär-äy şeyle okyja.
avatar
2
2 Seýrаn • 08:43, 08.12.2023
Bulutlaryň agyrlygy ýaly hekaýa okadym. Nejep Baýat gysga ýazýarmy ýa menin gownumemi? Bir demde okadyar. Bu Oguz hanyn powrize renki owadan hem-de manyly renk. "Senem meni" diyen bolsa ganjygadan çykarda saplap goyber.
avatar
1
3 Mekan2 • 09:50, 08.12.2023
maňa-da gözi gitjek bar ekenäý. täsin.

bir ýerini düzedeýin: eseri kopýalap worda geçirer, poçerki Comic Sans MS (çaga ýaly diýäýmäň), şrifti 18 eder, worduň zoom-uny 150% edip ondan soň okar.

hem daýymlara giderin... diýlişi ýaly, ... hem arhiwläbem galaryn.
avatar
1
4 Hydyr • 11:11, 08.12.2023
Gowy. Gara reňkler köpräk welin, gowy. Wagty geler agarar, esasy zat gara reňkde ýazmasaň gowşak bolýar diýmese bolýar. Berekella. Inçeler emma üzülmez.
avatar
1
5 Мango • 12:35, 08.12.2023
ir bilen işe baryp (işim ne hassahana ne ussahana) işe baryp üýtgetmesi kyn, öwrenişenje kub görnüşli kreslamda ornaşyp, дьявольский-aznawurskiý dyňzap duran biriniň şar üstündäki oýnuny okamaga durdum.
bir süri soraglaryny bulut çökäýmesin diýip diräp goýupdyr...
(statistika. hekaýada 10 sorag bar)
o soraglaryň jogabyny tapsa, soraglar aýrylyp buludyň aşagynda ezilermikä?
soraglaryň jogabyny tapsa ezilmek däl, ýok boljak eken: "Jogap berdigim, üstüme eňteriljek-de, meni ýok etjek."
ýok bolmazlyk üçin ýok edilenem o güjüm şahasynda hallan atyp duran boldumy?
aslynda wadalaşylanda özi ilki: "«Meni halaman başlan günüň meni öldür!» -diýipdi-hä. «Senem meni» diýip senden soň aýdypdy-ha. wada görä ilki ölmeli sendiň.
aglaýan çagadan bir gün özüňe ýazyljak hata garaşyber...

---
hekaýaň weli, tüweleme.
...pöwrize reňkli daň - owadan. ýöne o pöwrüze reňkli daňyň agarman gögerse-de boljak eken (öz ýanymdan gögerdip okadym, ýöne).
"Pöwrize daňy agarmanka garamy saýlamaga mejburyýet gurdugym bu obada ne gözel günlerim geçdi.

"Hezil günlerim geçdi diýip, ine, grek adalaryna aýtsam bolar. Oýa wagtym hiç gitmänligime garamazdan hezildi."
şaryň üstündäki şujagaz oýunyň anekdoty ýada saldy.
seň ýaly biri diýýämiş:
ondan öňki ýyl tomusda dynç almaga antalýa gitmedim, geçen ýylam tailanda gitmedim, nesip bolsa bu ýylam grek adalaryna gitmerin. "gitmeýänligime garamazdan" ýaşaýyş hezil.

aznawurçylar. bize gowy zatlary okadyp duruň.
hekaýadan soň bir hili kub kreslam yrgyldan ýaly etdi.
minnetdar.
avatar
0
6 Mekan2 • 14:45, 08.12.2023
aglaýan çagadan bir gün özüňe ýazyljak hata garaşyber...

oýun kän-ow war-a. hiç zady ýadyňdan çykarmaýan bolmaly-da. ernim ýerine gelenok şumat. ýüzümiň myşsalary agyryp gitdi. uzak günüme ýeterläý bugün.
avatar
0
7 Medicall • 15:05, 08.12.2023
aýdar ýaly dä, menem şony okap: " baybuu indem Umyt duela çagyrar muny" diyip otyryn.))))
avatar
0
8 Medicall • 15:18, 08.12.2023
Şu hekaýalary okadýanyňyz üçin sagboluň, ýylgyrman okaman bolmannu bi hekaýanam)))
avatar
0
9 Lacrymosa • 15:27, 08.12.2023
Açykçasy: Sen özüňi patsan hasap etseň, edýänsiň, emma biz-ä seni ýüňi ýeten ýazyjy hasap edýäris.Ömrüň uzak bolsun!
avatar
2
10 sussupessimist • 15:42, 08.12.2023
Awtorlar yazyany üçin sag bolsunlar, hemem yazyp dursunlar... yok, durman yazawersinler!
Okatmak – kompyuter-telefonda iküç düwmäň meselesi. Yazmagy – yürege düwmeli.
avatar
0
11 Medicall • 16:09, 08.12.2023
hawa, olaňam galamy durman ylgasyn, janlary sag, ylhamlary joşgunly bolsun
avatar
0
12 Awtor • 10:35, 09.12.2023
Bulutlary ýüzlenme belgileri bilenem saklap boljak eken ýöne
avatar
1
13 sussupessimist • 12:17, 09.12.2023
Yüzlenme belgisi götermez. Nämüçindigini Ahmet Melä yazan hatlarymyň birindàki parça bilen düşündireýin:

«...Golaýda biri bilen ýazyşanymda näme sebäpden bir ýerinde gödek jogap berendigini soradym welin, ol: «Wiý, men aýtjak bolanlarymy ýüzlenme belgisi bilen ýumşadypdym-a» diýip ör-gökden gelýär.
Onda men:
- Ýumşatjak bolşuň ýalňyş! – diýip düşündirdim. – Sebäbi ýüzlenme belgisi – ýokardan patlap gaçan nokat ahyry.
- Beýle bolsa, sorag näme?
- Aýlawly jogap...»
avatar
0
14 Awtor • 14:54, 09.12.2023
Ozalam ýegşerilip duran görgüliler buludy götärmikä onda?! Olaň öz ýüki ozalam ýetik ahyryn. Olary ýokardan sallap, gaňyrçagyndan asyp bolar bir zady. Ýöne diräp welin, bilmedim...

Hekaýada welin gelşipdir.
avatar
0
15 aygull • 16:00, 17.12.2023
Ýüwürjimiň pantaziýasynda öýlenmek dagy ýokmuka?
avatar
0
16 Medicall • 19:36, 17.12.2023
hehe, öýlenmändirem-a bu çaga entek, ine-da, pantaziýaň önümida bu hekaýada
avatar

Старая форма входа
Total users: 203