Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:29
Çagalyk goşgylar
AKJA KEPDERI

Baglar gül açdy, bahar-ýaz geldi,
Guşlar saýraşdy, ördek-gaz geldi.
Garaşýan saňa, akja-kepderi,
Gel sen salama, geç-de köp ýeri.

Akja kepderi,
Oýna erkana.
Päk asmanymda
Ýaýna erkana.

Rahatlyk guşy, göwnümiň hoşy,
Sen bezeg dünýä, aýdymlaň başy.
Ýaý-da ganatyň, gel sen ülkäme,
Ülkäm baý meniň, aýdym mukama.

Hudaýguly ALLAMYRADOW

* * *

MEKDEBIM

Eý, mekdebim jana-jan,
Saňa bolan söýgim kän.
Sen misli enem deýin
Bakdyň maňa mähriban.

Şatlykly wagtym-da sen,
Şöhratly bagtymda sen.
Adamzadyň geljegi
Ylym daragtymda sen.

Kitap berdiň goluma,
Aýdym berdiň dilime.
Ýene öňe gitmäne
Ýagty saçdyň ýoluma.

Barýaryn öňe, mekdep,
Ýol açdyň maňa, mekdep.
Bütin geljegim üçin
Minnetdar saňa mekdep.

Nury BAÝRAMOW

* * *

AK PAGTA

Pagta çigdin ekdik
Mekdep ýanynda.
Güberipjik çykdy
Bahar aýynda.

Ak pagtam,
Gülleriňi aç.
Ak pagtam,
Dünýä nuruň saç.

Gün nurun howa dek
Sorup özüne,
Açylýar pagtalar
Yzly-yzyna.

Ak pagta tabşyryň
Harmanlarymyza.
Täze eşret berýär
Watan ýazyna.

Kerim GURBANNEPESOW

* * *

Ynha Sonajemalyň,
Surat çekýän depderi.
Depderine çekipdir
Ullakan ak kepderi.

Ganatlarny parladyp,
Asmandan uçyp barýar.
Gök otagly meýdanyň
Üstünden geçip barýar.

Gök otagly meýdanda,
Işläp ýör kalhozçylar.
Ak altyndan dag ýaly
Harman ýasaýar olar.

Kerim GURBANNEPESOW

* * *

Ir bilenjik ýanyma,
Assa basyp gelen kim?
Ejem!
"Wagt boldy aý balam,
Indi turaý" diýen kim?
Ejem!

Çagasyny eý görüp,
Şirin jana deňän kim?
Ejem!
Dünýäde iň mähriban,
Iň ajaýyp zenen kim?
Ejem!

Bagyndaky ter gülden,
Çemen bogup beren kim?
Ejem!
Bahar ýaly mylaýym,
Gujagyny geren kim?
Ejem!

Kerim GURBANNEPESOW.

* * *

Ynha meniň kitabym,
Çigit ýaly kiri ýok.
Her gün okap ýörsem-de
Zaýalanan ýeri ýok.

Kitabymy hemişe,
Tämiz saklajak ýörjek.
2-njä geçen ýylym
Jigim Jerene berjek.

Aman KEKILOW

* * *

ÇARYJYK

Alyp kitap eline,
Okap berýär Çaryjyk.
Gulajygny keýerdip,
Diňläp otyr Nurujyk.

Töwerekden diňleýärler
Oglanjyklar gelişip.
"Sag bol" diýýärler Çara,
Gyzjagazlar gülüşip.

Her wagt okap otyr
Kitapjygyn taşlaman.
Şatlanypjyk öz-özi,
Gaýgy gamy ýatlaman.

Aman KEKILOW

* * *

GAR ÝAGÝAR

Gar ýagýar-a
Gar ýagýar,
Daş-töwerek
Agarýar.

Goja boldy
Ýowşan bary.
Sakgal edip
Akja gary.

Gökje borjak
Ak don geýip,
Bu görnüşe
Edýär keýip.

Oý düzlendi,
Ýap gizlendi.
Uzyn jarlar
Tekizlendi.

Aýdyň indi,
Nätmek gerek?
Ynamlyja
Ätmek gerek!

Giçgeldi AŞYROW

* * *

MENIŇ GAPJYK TAPYŞYM

Suwa düşeýin diýip,
Barýan wagtym ylgapjyk,
Tapdym ýoluň ugrundan,
Içi doly pul gapjyk.

Futbol oýnarym ýaly,
Pökgi alaýyn diýdim.
Gawun dilerim ýaly,
Çakgy alaýyn diýdim.

Ýazda geýerim ýaly,
Çepek alaýyn diýdim.
Gyşda geýerim ýaly,
Telpek alaýyn diýdim.

Garda gezerim ýaly,
Ädik alaýyn diýdim.
"Ýöne iliň puluna
Nädip alaýyn?" diýdim.

Kim ýitirdi, sesleniň,
Içi doly pul gapjyk?!
Sag bol alsam bes maňa,
Eltip berjek ylgapjyk.

Hemra ŞIROW

* * *

KIM GÜNÄLI?

Kowalady Arzygül,
Böküp gitdi pişijek.
Jamda duran gatygy,
Döküp gitdi pişijek.

Elin çarpdy Arzygül:
"Ejem gelse görersiň.
Munuň üçin, garagol,
Indi burçda durarsyň".

Gelip görse ejesi,
Halyň üsti zaýady.
Ony pişik dökse-de
Arzygüle käýedi.

Näme üçin beýtdikä,
Bilýäňizmi, siz ony?
Pişik ýa Arzygül
Haýsy etdi günäni?

Mämmet SEÝIDOW
Bölümler: Çagalar edebiyaty | Görülen: 237 | Mowzugy paýlaşan: Atsyzatly | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 11:08, 21.11.2023
oraz barada goşgy bolmaly.
...gör, ýaş oraz,
ekipdi ol injir, üzüm, naryny,
suwlar sepip ýetişdirdi baryny... ýalyrak...

şo wagtam düzüwli ýatlap bilmedim, häzirem ýadymda däl.
ýöne şo goşgyny doskada aýdyp 5-lik alypdym.
doska çykaranda ýatdan bilemokdym, ýöne mugallymyň açyk duran kitabyna gözümiň gyýtagy bilen bakyp okap beripdim.
...
gyssansaň, aldawçam bolmaly bolýar, moşennigem bolmaly bolýar....
meniň gazanmadyk 5-ligim ýadymdan çykanok. :-)
avatar
0
2 Medicall • 11:12, 21.11.2023
Gör ýaş Oraz,
Gyşyn hem ýaz,
Işleýar öz bagynda,
Oýnap gülip miwe ýolup
Iýer tomus çagynda))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203