08:48 Çägäň kitaby / hekaýa | |
ÇÄGÄŇ KITABY ...thy rope of sands... George Herbert ...çägeden ýüp... Jorj Gerbert Çyzyk köpsanly nokatlardan ybarat; tekizlik – çyzyklaryň tükeniksiz köplüginden; kitap – tekizlikleriň soňsuz känliginden; başkitap – kitaplaryň bimöçber sansyzlygyndan. Ýok, düýbünden beýle däl. Hekaýa munuň ýaly more geometrico (beýle geometriýalaýynlyk) bilen başlanmaly däl. Eger-de islendik çypdyrma onuň çynlygy hakda ynandyrmalar bilen başlanýan bolsa, onda meniňem hekaýam hakykatdan-da – sap-arassa çyn. Meniň ýeke özümi Belgarno köçesinde, dördünji gatda ýaşaýan. Birnäçe aý mundan ozal, iňrik garalanda gapym kakyldy. Men açdym welin, işikden nätanyş girdi. Bu uzyn boýly, reňksiz keşpli adamdy, ýöne mümkin onuň şeýle bolmagy meň şowakörlügim zerarlydyr. Oň keşbi salyhatly garyplygy aňladýardy. Oň özi bolsa görnüksiz çaldy, oň elindäki ýansebedem çaldy. Onda çetýurtlyny syzsaň boljakdy. Ol maňa ilkibada garry göründi, soň men düşündim, oň açyk, aga ýakyn – edil demirgazyklylaňky ýaly – saçlary meni bulaşdyrypdy. Biziň bir sagatdan artyga gitmedik gürrüňimiziň dowamynda, men bildim, ol Orkneý adalaryndan ekeni. Men oňa oturgyjy görkezdim. Nätanyş başlamaga howlukmaýardy. Ol gussalydy – edil meniň şu wagtkym ýaly. Ol: -Men injilleri satýan,-diýdi. Men bolsa belli bir derejede özüme göwnühoşluk bilen jogap berýärdim:-bu öýde birnäçe iňlis injilleri bar, şol sanda birinjisem – Jon Uiklifiňki. Ýene-de Sipriano de Waleraňky we Lýuterowyňkam bar, edebiýata degişlilikde olam beýlekilerden erbet däl, Wulgataň nusgasam bar. Görşüňiz ýaly, injiller ýeterlik. Ol biraz dymdy-da, jogap berdi: -Mende diňe bir injiller däl. Men Size bir mukaddes kitaby görkezeýin, ol Sizi gyzyklandyrmagy mümkin. Men ony Biankarada aldym. Ol ýansebedini açyp, kitaby stolda goýdy. Bu mata sahaplanan kiçeňräk jiltdi. Onuň köp elde bolandygy bildirýärdi. Men kitaby aldym. Onuň agyrlygy haýran galdyryjydy. Sahabynda “Holy Writ” diýen ýazgy durdy, aşakda-da “Bombay” diýip ýazylgy. -On dokuzynjy asyr bolmaly öýdýän,-diýip men belledim. -Bilemok. Muny hiç haçan bilmeýärsiň,-diýen jogap berildi. Men gabat gelen sahypany açdym. Harplaryň sudury nätanyşdy. Sahypalar maňa tüýdülen bolup göründi, neşiri solak, ýazgysy (teksti) edil Injildäki ýaly goşa sütün bolup gidýärdi. Harplaň gabarasy ownuk, ýazgy tesimlere bölünen. Men jüp sahypada, aýdaly 40 514 diýen sanyň, indiki täk sahypada – 999 sanyň bardygyna üns berdim. Men ony agdardym – sahypa sany sekizbelgilidi. Bu sahypada edil harplyklardaky ýaly kiçijik suratjyk bardy: labyr, edil çagaň ebeteýsiz eli bilen ýelekde çekilen ýaly. Şonda nätanyş aýtdy: -Gowuja synlaň, Siz ony gaýdyp hiç haçan görmersiňiz. Äheňde däl-de, sözlerde duýduryş eşidilýärdi. Men sahypany belledim-de, kitaby ýapdym. Dessine-de ony açdym. Men sahypama sahypa labyryň şekilini bihuda ýere agtarýardym. Aljyraňňylygymy gizläp, men soradym: -Bu Hindistanyň dilleriniň birindäki mukaddes ýazgylar gerek, rastmy? -Hawa,-diýip ol jogap berdi. Soňam sesini peseldip, edil syr ynanýan dek:-ony men bir dagetek obasynda, birnäçe rupiýa hem-de Injile çalyşdym. Onuň eýesi okap bilmeýärdi, özem bu Kitaplaryň Kitabyny tumar diýip hasaplandyr diýip pikir edýän. Ol iň astky gatlaga (kasta) degişlidi, öz kölegesine şek ýetirmezlik üçin, oňa basmaga het edip bilmeýänlerden. Ol maňa düşündirdi, onuň kitaby Çägäň kitaby diýlip atlandyrylýan ekeni, çünki olam edil çäge ýaly başsyz hem ahyrsyzmyş. Ol menden birinji sahypany tapmagy haýyş etdi. Men sol elimi baş sahypasyna goýup, jebis gysylan barmaklarym bilen kitaby açmaga synanyşdym. Hiç zat paşmaýardy, elim bilen baş sahypanyň arasynda her gezek birnäçe sahypa peýda bolýardy. Göwnüňe bolmasa, olar Kitapdan gögerip çykýan ýalydy. -Indi soňuny tapyň. Ýene-de şowsuzlyk; men zordan hümürdemegiň hötdesinden geldim: -Bu bolup biljek zat däl. Ýuwaşja, adaty ses bilen injilleri satyjy diýdi: -Bolup bilmez, ýöne şol-a şeýle. Bu kitapdaky sahypalaň sany tükeniksiz. Ilkinji sahypa ýok, soňkusam ýok. Bilemok, nämüçin olaryň beýle başy-barat belgilenendiginem. Mümkin, tükeniksiz hataryň agzalarynyň islendik tertip sanyna eýe bolup biljekdigi hakynda düşünje bermek üçindir. Soňam ol arzuwçyllyk bilen sesini belende galdyryp diýdi: -Eger-de giňişlik tükeniksiz bolsa, biz giňişligiň haýsam bolsa bir nokadynda durus. Eger-de wagt tükeniksiz bolsa, onda biz wagtyň haýsam bolsa bir nokadynda durus. Onuň pelsepeçilsiremegiňi gaharyňy getirýärdi. Men soradym: -Siz hudaýhonmy? -Hawa, men preswetirançy. Meň wyždanym päk. Men ýerlini aldadym, oňa şu arwahy kitabyň deregine Hudaýyň Sözüni berdim. Men ony ökünere hiç zadyň ýokdugyny ynandyrdym-da, soradym, ol biziň jelegaýlarymyzda uzak wagt boljakmyka? Ol jogap berdi, ýene-de birnäçe günden watanyna dolanmakçymyş. Şonda-da men onuň Orkneý adalaryndan şotlanddygyny bildim. Men özümiň Şotlandiýa bolan söýgümi aýan etdim – Stiwenson hem-de Ýum sebäpli. -Hem-de Robert Berns üçin,-diýip ol üstüne goşdy. Biz gepleşýärkäk, men tükeniksiz kitaby şol synlap durdum. Birdenem ýasama biparhlyk bilen sowal berdim: -Bu geň-enaýylygy Britan muzeýine hödürlemek isleýärsiňizmi? -Ýok, men ony Size teklip edýärin,-diýip ol jogap berdi-de, ýeterlik ýokary bahany agzady. Men hakykata laýyklykda bu bahany kabul edip bilmejekdigimi aýdyp, pikire çümdüm. Birnäçe minudyň dowamynda mende etsem-petsem emele geldi. -Men Size alyş-çalyş hödürleýän,-diýdim:-Siz bu jildi birnäçe rupiýa bilen Mukaddes Kitabyň öwezine alypsyňyz; Size ýaňyja alan nepagamy we gotiki hatdaky Uiklifyň Injilini teklip edýän. Ol maňa atam-enemden galypdy. -Uiklifiň Gotikasyny!-diýip ol pyşyrdady. Men ýatyş otagyndan getirip, oňa puly we kitaby berdim. Ol sahypalary agdaryşdyrmaga we kitaphonyň gylawy bilen sahabyny elleşdirmäge başlady. -Ber eliňi. Onuň söwdalaşmazlygy geňdi. Diňe soň men onuň Kitap bilen aýrylyşmak üçin alnymda peýda bolandygyna düşünip galdym. Puly, ol sanaman ýygşyrdy. Biz Hindistan barada, Orkneý adalary hem-de olary birmahal dolandyran norweg serdarlary hakda az-owlak gepleşdik. Ol gidende agşam düşüpdi. Men ol adamyň adyny bilmedim, soňam ony hiç haçan görmedim. Men Çägäň kitabyny Uiklifiň Injiliniň ornunda goýmak isleýärdim, ýöne soň pikirimden dänip, ony “Müň bir gijäň” başly-barat jiltleriniň aňyrsynda bukdum. Men ýatdym, ýöne uklamadym. Sagat dörtlerde ýagtyldy. Men özümiň aklyňy haýran ediji kitabymy aldym-da, sahypalaryny waraklap ugradym. Birinde nikabyň şekili basylypdyr. Ýokary çetinde, haýsydyg-a ýadyma düşmeýär welin, san durdy, dokuzynjy derejeli. Men öz hazynamy hiç kese görkezmeýärdim. Kitaby eýelik etmek eşretine, ony ogurlamaklaryndan gorky, nähilem bolsa onuň tükeniksiz däldigine howatyrlanma gatylyp-garylýardy. Bu tolgunmalar meniň hemişeki garasöýmezligimi (mizantropiýamy) güýçlendirdi. Mende entek dostlar galypdy – men olar bilen görüşmegimi bes etdim. Kitabyň ýesiri, men, köçede düýpgöter görünmeýärdim diýen ýalydy. Men saralan jildi ulaldyjy aýnada synlaýardym, özümiň mümkin bolan gözboýagçylyga uçrandygym hakyndaky oýlanmalarymam kowýardym. Men owunjak suratjyklaryň her iki ýüz sahypadan bir gezek sataşýandygyna üns berdim. Olar hiç wagt gaýtalanmaýardy. Men olary ýandepderçämde bellik etmäge başladym, ol bada-bat doldy. Gije, ukusyzlyk horlamaýan seýrek sagatlarda, men Kitap bilen uklap galýardym. Tomus aýak bolup barýardy, men şonda düşündim, Kitabyň aýylgançdygyna. Ondan gözümi-de aýyrmaýan meniň, ony elindenem düşürmeýän halyma, ondanam beter eýmençdigim bolsa, hiç zada täsir etmeýärdi. Men duýýardym, bu Kitabyň garabasmadan dörän, onuň durmuş hakykatyny wejera hem-de ret edýän çekip-çydap bolmajak zatdygyny. Ot barada pikir emele geldi, ýöne kitabyň ýanmagynyň tükeniksiz dowam edip, bütin saýýarany tüssä bogmagynyň mümkindigi gorkunçdy. Niredendir bir ýerden okalan zat ýada düşdi: ýapragy tokaýda gizlemek iň gowusy. Nepaga çykmazymdan öň men Milli kitaphanada işleýärdim, onda dokuz ýüz müň kitap saklanýardy. Men bilýärdim, girelgehanaň sagyndaky dik basgançak ýerzemine eltýärdi, o taýda gazetlerdir kartalar goýlandy; işgärleň ünssüzliginden peýdalanyp, men Çägäň kitabyny şo taýda galdyrdym-da, ony gapydan näçe daşlykda hemem haýsy beýiklikde goýanymy unutmaga çalyşdym. Birneme ýeňledi, ýöne Mehikoň köçesinde görünmek barada, hatda pikirem edesim gelmeýär. © Horhe Luis Borhes Terjime © Serdar ATAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |