Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:54
"Çarçuwaly" söhbetiň dowamy

“Bir köpmanyly eser ýazaýyn, her okyjy öz geregini kabul eder” diýip bir zat ýazmak, meniň pikirimçe, gaty zyýanly azaşma. Özem soňky wagtda ýüze çykdy: “Şahyryň ýazan goşgusyna okyjy many bermeli”, “Ýazyjynyň ýazanyndan okyjylar dürli many çykarybermeli” diýip. Şol zatlary diýenleriň özleri hiç hili suwytly zat döretmediler, iň erbedi, muňa ynanan ýaşlar hem boş çykarlar. Bu edebiýatdaky krizisiň alamaty bolup biler. Şeýle krizis döwründe döredilen zatlar taryhda galmaz.

Eger edebiýatda galkynyş bolsady, biri-birine meňzemeýän, parlak, monolit, plastik keşpler döräp, göz öňümizde dikelerdiler we ol edebi şahsyýetler, edil taryhy şahsyýetler ýaly nesillere galardylar. Nusgawy döwürde Balzak özüniň romanlarynda bankir Gobsegiň, ata Gorionyň, bandit Wotreniň gaýtalanmajak keşplerini beripdir. Umuman onuň “Adamzat komediýasyndaky” iki müň personažynyň biri beýlekisinden tapawutly. Ol tipleri beýleki ýazyjylaryňky, beýleki döwürleriňki bilen gatyşdyrmak mümkin däl. Bary iýul monarhiýasy döwrüniň Fransiýasyna degişli. Özem biri-birinden tapawutly gahrymanlarynyň hemmesi birigip, ýurduň taryhynyň belli bir döwrüni şöhlelendirýärler. Ine, ussatlyk. Bularyň baryny ilki öz hyýalynda döredip, emele getirip, gaýtalanmajak sypatlary berip, soň dünýä indermeli, ýagny kagyza geçirmeli. Ol iň soňky iş.

Diýmek, ýazyjy hem suratkeş. Şonuň üçin ruslar ýazyjylara hem hudožnik diýýärler. Ikisiniň hem esasy güýji воображение diýen ukypda. Ýöne suratkeşiň serişdesi – boýag, ýazyjynyňky – söz.

Diýmek, sen hekaýa ýazanyňda keşp döredýärsiň. Boýagyň ýerine söz ulanýarsyň. Keşpleri keşp etjek söz. Onsoň sen nädip, boýalary keýpiňe görä çyrşap, bulançak keşp döredip, “muny her kim isleýşi ýaly görübersin” diýjek? Balzak eserlerindäki 2 müň keşbiň biri birine meňzemezigi üçin yhlas edipdir. Sen bolsaň “Meniň hekaýamdaky keşbe bakan 2 müň sany okyjy ony 2 müň hili görýär” diýip, göwnüňi hoşlaýarsyň. Bu – öz-özüňi aldamak. Beýle dünýä ýok. Beýle edebiýat ýok. Beýle hezillik ýok. Ol çyrşak-myrşak, bulançak keşp ertesi gün okyjynyň ýadyndan çykyp gider.

Sözleri ýerli-ýersiz ulanyp, “gahrymanymyň bu sözüne üns berme” diýer ýaly, seniň sözden başga ýene başga bir serişdäň hem barmy? Hä, teswirde düşündirjeksiň gahrymanyň haýsy sözüne ynanmalydygyny, haýsyna owarramlyga salmalydygyny. Belki, käbir okyjylar saňa kömege gelip, gahrymanyňy beýlekilere açyp bererler?.. Çynlakaý bol. Edebiýat saňa bakja-bag däl.

Bir söz gahrymanyňa ýaraşýarmy? Oňa diýdirmelimi şol sözi? Öňünçä gowuja oýlan. Bir agyz söz bir keşbi başga zada öwrüp goýar. Çünki gahrymanalar olaryň sözlerinden emele gelýärler. Pikirleri hem olaryň içinden aýdýan sözleri. Gelişýändigine şübhelenýärmiň? Aýtdyrma şol sözi. Gowsy dymsyn. Ýerliksiz söz bilen onuň masgarasyny çykarýarsyň.

Meselem, sen akwarel bilen bir gyzyň suratyny çekýärsiň. Ýüzüni ak süýt kimin nurana etdiň. Ýene-de bezejekmi? Oňarsaň beze, ýogsam şol durşuna galsyn.

Gyzyl boýaga azajyk ak garyp, gülgüle edip, kist bilen onuň heniz öl ýaňaklaryna damdyrsaň näder?

Ajap gelşer. Gülgün ýaňakly näzenin bolar.

Eger emelsizlik edip, kistiňdäki gülgüle boýagy onuň burnunyň üstüne damdyrsaň näder?

Ajap gelşer. Burny gyzyl kloun bolar.

Ine, ýekeje säwligiň bilen ol keşbi gyzyl meňzinden mahrum edip, ýüzüni ak-tam, burnuny gyzyl etdiň. Emma eden işiňden habaryň ýok, entegem oňa mähir bilen bakarlar öýdýärsiň. Ol bolsa käbirinde gülki, käbirinde gynançdan başga zat oýaranok.

Birine gowulyk islänlerinde “Gyzyl ýüzi solmasyn” diýilýär. “Ýüzüniň suwy dökülmesin” diýilýär. “Abraý” diýmek “aby-ruý”, ýagny “ýüz suwy” diýmegi aňladýar. Adamyň görki hem şol ýüzüniň suwunda. 40-50 ýaşly zenanlar bardyr, çala utanja galsa ýüzi çaganyňky ýaly gyzarar. Bilse-bilmese bu olaryň gymmatly hazynasy. Beýle ykbal, hakykatda, bagtlylyk. Ýaşamak üçin ýüzüniň suwuny dökmek zerurlygy bolmadyk bolsa, olary, diýmek, Alla gorapdyr.

Emma bir sebäp bilen ýaşlykdan, hatda çagalykdan ýüzüniň nury dökülen ynsanlar bardyr. Sebäbi dürli bolup biler. Belki, ykbalyndan, belki, özünden. Olara “ýüzi ýyrtyk”, “ýüzi galyň”, “ýüzünde şykat galmadyk”, “Krakodil koža”, “hamy galyň”, “enter” diýýäler. Käbirleri özüniň şeýledigine buýsanýarlar. “Наглость – второе счастье” diýen bolýarlar. “Men-ä bir binamysdyryn, hiç ýüzüme almaryn” diýýärler. Islän wagty gözüni gyrpman ýalan sözläp bilýändiklerine, şeýdip ýol alýandyklaryna guwanýarlar. Diýmek, bu ýoly olaryň özleri saýlap alypdyr. Şonuň üçinem özlerini kemsidilen duýmaýarlar.

Käbirlerini durmuş muňa mejbur edýär. Olar – ýagdaýlaryň pidasy. Ýöne olaram öz ykbalyna öwrenişýärler. “Gedaý üç gapyny kakandan soň ýüzi ýyrtylýarmyş” diýýärler.

Ýöne bir zat welin belli: ýüz bir ýyrtylansoň, ony öň aram-aram gülgün öwüsdiren utanç-haýa hiç haçan yzyna öwrülip gelmeýär.

Bir hasratly maglumat ýadyma düşýär. Wýetnamdamy, Taýlanddamy, şol töwerekde kiçijikliginden jynsy gulçulyga düşen gyz çagalary reabilitasiýa edýän merkez baradady. Olaryň maksady – şol çagalara köýen çagalygyny, onuň oýun-gyzygyny, kadaly durmuşda ösüşi gaýdyp bermek. Emma utançdan gyzarmak ukybyny? Iň kyny şu bolsa gerek. Mejbury bolsun, meýletin bolsun, nähili ýagdaýda ýitirilende-de, şol ukyby dikeltmek örän nägümana. Oňa gaýtalanmaz hazyna diýýäniizem şondan. Häzirki döwür lukmançylygy islendik diýen ýaly fiziki şikesi düzedip biler welin, ýitirilen utanmak ukybyny dikeldip bilmez. Çünki ynsanyň ýüzüni nurlandyrýan, zenanlaryň ýüzüne bägül reňkini çaýýan bu ukyp – bedende däl-de, ýürekde. Ýüreginden utanç giden adamyň ýüzündenem haýa gidýär.

Ýüreginden utanç, ýüzünden haýa gitmedik adam aňsat-aňsat ýalan sözlemeýär. Mejbur bolup, ýalan sözlemeli bolaýsa-da, dili hem diýenini edenok. Özüne aşa zor salyp, ysgynsyz ses bilen ýa-da sesini sandyradyp ýalan sözläýende hem hökman ýüzi gyzarýar. Käte maňlaýyna, boýnuna çenli çym-gyzyl bolýar. Köplnç şeýdip öz syryny açýar. Adamlar olar ýalaga “Sen ýalan sözlemegi başaraňok” diýýärler.

Ine, Laçyn welin beýle adamlaryň tipinden däl bolup çykdy. Ol ýüzüniň ugruna zabyrdadyp ýalan sözledi. Bu oňa hiç hili problema bolmady.

Onda gülgün ýaňakly ýaş gelni görmäge garaşan okyjy üçin ol gaýtam ýüzi bireýýäm ýyrtylan bolup çykdy. Biragyz sözi bilen ony şykatdan mahrum etdiň.

Edebiýatda hut şeýle hem bolýar. Ussat ýazyjylaryň gahrymanlary esasan olaryň sözleri arkaly döredilip, sözleri arkaly hem ýatda galýar. Pis gahrymanlar hem özleriniň pisligini sözlerinde suratlandyrýarlar.

Eger gahrymanyň tutuş keşbi oňyn bolup, bir agyz sözi başga zatdan nyşan berip duran bolsa näme? Onda onuň ahwaly ýaňky burnuna gyzyl boýag daman suratyňky ýaly bolar.

Şykatsyz keşbini orta çykaranyňda “Her kim islän zadyny görsün, biz munda Zoluşkany görýäris, Şeýtany görýänler görübersinler” diýýän dostlara ynanma.

Zoluşka hem, Şeýtan hem anyk keşpler. Olary biri bilen gatyşdyrmak mümkin däl. Bu bolsa bulançak käşp bolup çykdy.

Umuman, “Edebiýatda aňsat zat bar” diýselerem ynanma. “Bulaşyklykdan haýyr bar” diýselerem ynanma. “Islän keşbini okyjynyň özi görer” diýselerem ynanma.

Beýle edebiýat ýok. Beýle hezillik ýok.
Bölümler: Edebi makalalar | Görülen: 155 | Mowzugy paýlaşan: Ýaran_Ýagmyr_99 | Teg: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 3.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 20
avatar
0
1 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:58, 22.12.2023
Teswirde goýsam okamak kyn bolýar diýensoňlar makala ýaly edip berdim. Ýogsam şol bir teswir
avatar
1
2 Lacrymosa • 11:53, 23.12.2023
Oglanlar, Gyzlar, Ýaran agaň janykmasynyňam jany bar, özi-de edebiýat atly janjagazymyzyňam iň agyrylyja nokatjygyna basdy. Onuň aýdanlary, gynansagam edebi durmuşymyzyň pajygasy. Men-ä Ýaran aga sapak geçiň diýjek. Ine, şu birinji sapagymyz bolsun. Indi ol profsoýuz däl-de ,,Edebiýat kafesiniň edebiýat kafedrasynyň müdiri”. (Men kadrlar bölümi öýdýän şu ýerde))) Aýgül, partadaşym bolarmysyň! Gel şu wagt, hiç kim gelmänkä... prezident partada oturaly.

Şeýle gymmatly pikirlerini, garaýyşlaryny, ylmyny-bilimini, tejribesini (entek saglyk bilen wagtyny aýtmadym, pulunam) paýlaşany üçin özüm-ä sagbolsun aýdýaryn.
avatar
1
3 Medicall • 12:00, 23.12.2023
wo,wo, ýylyň teswirine serediň:))
avatar
0
4 Atsyzatly • 12:30, 23.12.2023
Menem aýdyljak pikir açyk-aýdyň, gunt düşen ýaly saldam sözlemiň içine salynyp beýan edilse gowy görýän. "Ýok, awtor eý diýjek bolmady-da beý diýjek boldy. Ýok, beý diýjek bolmady-da eý diýjek boldy" diýip, ýaňy bir agzyny açan sakawyň näme diýjek bolýanyny öňünden bilmäne çalyşmaga iterýän eser okyja oturyp awtoryň näme diýjek bolanyny güman etmekden başga bir zat berip biler öýdemok. Ýöne, edebiýat durmuşy beýan etmeli bolsa, durmuşda hemme zat Ýaran aganyň aýdyşy ýaly otnositelno hem däl. Şu ak, şu gara, şu dogry, şu ýalňyş diýip barmagyňy çömmerdip görkezip hem bolmaýar. Agyň içinde gara, garaň içinde ak bar. In-ýan ýaly.
avatar
0
5 Lacrymosa • 12:37, 23.12.2023
Ine! eýýäm biz 2 bolduk. 3 bolsak kurs açybermeli. 3 bolsak pagggg!
avatar
0
6 Lacrymosa • 12:38, 23.12.2023
Wo, 3 boljak bolýas. Atsyzatly, varmysyn?!
avatar
0
7 Lacrymosa • 12:46, 23.12.2023
Ine, Alyň ala meýdany - auditoriýa! Okadyň bizi, Ýaran mollum!
avatar
0
8 aygull • 13:03, 23.12.2023
Laçka, men bn oturyp, menden göçürjek bolýansyñ sen.
Bor-la, men bilmesem seniň halyň kim biler...
avatar
0
9 aygull • 13:05, 23.12.2023
Laçka, Ýaran daŷyň aŷdŷanlaryny berjaý etseň, Nobel alaýmagyňam mümkin, ýogsa-da.
avatar
0
10 Seýrаn • 13:45, 23.12.2023
Bulut gelip yagmyr yagdy - nahili anrybash setir. Shu setiri sintaktik, morfologik, filosofik taydan dernap berjeginiz yokmay, menka ynanman otyrlar.
avatar
0
11 Lacrymosa • 13:57, 23.12.2023
göçürdäý, näme, göçürdeniň bilen kartyňdan pul gidýämi?
avatar
0
12 Lacrymosa • 13:58, 23.12.2023
Ýaran daýymsyzam alýan on-a (gopbamja stiker)
avatar
0
13 Мango • 14:00, 23.12.2023
ýuwaş boluň.
görünip duňyz baryňyz kameradan.
teke bazaryna öwürdiňizle börsüni...
avatar
0
14 Lacrymosa • 14:02, 23.12.2023
Waý, okuw bölümi gelipdir-ä
avatar
0
15 Ýaran_Ýagmyr_99 • 14:06, 23.12.2023
Ine, hut "Jany bar" diýilse bolar. Jany bar hakykatlary aýdýandyryn öýdýän.

Emma olara ýeke-täk diýmek beýle-de dursun, beýlekilerden üstün, agalyk edýän hakykatlardyr hem öýdemok.

Edebiýatda-da nusgawy döwürden bäri ýüze çykan täze-täze konsepsiýalar dominirowat edip bilerler. Bulara esaslanyp häzirkizaman okyjysynyň wkusyna laýyk eser döredip, halkyň döwrebap edebiýata işlerini ödäp bilersiň. Hyrydarlyk teklibi döredýär.

Emma sen döwrüň damaryny yzarlap, islegini bilip, onuň hajatyna laýyk nähili eser döretmelidini bilýän bolsaň, nusgawy edebiýatyň dogmalaryna baglanyp oturman, täze tilsimleri batyrgaý tejribe ediber. Köne ussatlaryň eserleri hem bir wagt täzelikdi, galmagal baryny turzupdy.

Emma bu ýerde töwekgelçiligi höweslendirmek bolar, ýeňil ýola, owarramçylyga , geleňsizlige "ýok" diýmeli bolar.

Edebiýatyň düýp binýatlyk kanunlaryny we sagdyn paýhasyň talaplaryny hemişe berjaý etmeli bolar.

Sapak barada aýdylanda bolsa, "sapak" diýen jogapkärçilikli adalgany ödemeýän mesawy söhbetjiklerimi bermäge men taýyn.
avatar
0
16 Lacrymosa • 14:21, 23.12.2023
bäi-bä, okuw bölüm geldi we mollumam geläýdi, Şu ýerde-de barlag bolmasa okatjak däl-dä adamlar
avatar
0
17 Lacrymosa • 14:22, 23.12.2023
Ýaran mollum, biz okamajak bolup yza deperis, ýöne siz ähli zanny guýmagursak mollumlar ýaly ruhdan düşmän okatmagyňyzy dowam ediberiň, haýyş!
avatar
0
18 Kyyas • 15:13, 23.12.2023
Bary bir okuwdan gijä galyp aýak üstünde duran soñ men kän sapakdan bilemok
avatar
0
19 sussupessimist • 21:46, 23.12.2023
Yaran aga, makala owrulen teswiriñiz uçin minnetdar. Eserlere, edebiyata iň bolman biperway garamayanlygyňyz begendiryär.
Özüňizem klassikadanam gowy habarly adama meňzeyäňiz. Agam, kiçijik hayyşym bar, iş görmeseňiz.
Siz, elbetde, "Don Kihot", "Robinzon Kruzo" romanlaryny okansyňyz. Bize şol eserleri ähmiyetli edyàn zatlary (bar bolsa) hakda aydyp beräyseňiz, minnetdar bolardym. Pikir alyşasym gelyär. Namuçin hut şu eserleri sorayanymy pikiriňizi bilenimden soň aytmakçy. Haki bir edebiyat söhbeti, dogrusy.
Hemem, ine, siz Balzagy agzadyňyz. Onuň eserlerini menem gowy göryän, hasam "Sur bagana" (Шагреневая кожа) romanyny. Yone siziň XX asyr edebiyaty, Joysuň, Kafkaň, Hemingueyiň, Bekketiň, Kortasaryň eserleri baradaky pikirleriňizi hem bilesim gelyär. Şolaň yazanlary namuçin gymmatly hasaplanyarka? Meselem, Kafkaň "Proses" romany ya "Öwrulmesi", ya-da, bular size tanyş ya gyzykly däl bolsa, ine, Hemingueyiň "Десять индейцев", "Убийцы", Jeyms Joysuň "Аравия" yaly çaklaňja hekayalary bar. Internetde tapmak kyn dal. Okap, şo baradaky pikirleriňizi aydaysaňyz.
avatar
0
20 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:20, 23.12.2023
Nesip bolsa, öz pikirimi aýdaýyn olar hakda aram-aram çykyş edip.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203