00:11 Çarlz Bukowskiden pikirler | |
ÇARLZ BUKOWSKIDEN PIKIRLER Ol başly-barat jynsy gatnaşyklarda bolupdyr, kän içipdir, geplände iki sözüniň biri paýyş söz ekeni. Ýene-de... Ol ýazypdyr. Ýiti. Kinaýaly. Çyn. “Men jemgyýetiň özümi özüne görä gaýtadan kesip-biçmegine ýol bermerin” diýip ol, bir gepinde aýdypdyr. Ömrünem şu ýörelgä eýerip ýaşapdyr. Kakabaş. Özdiýenli. Hötjet. Köp zat hakda özpikirli... 1920-nji ýylyň 16-njy awgustynda-ha doguldy. 1994-nji ýylyň 9-njy martynda-da aradan çykdy. 74 ýyl ömründe-de 45 kitap ýazdy – 6 roman, 7 hekaýalar ýygyndysy, 32 sanam goşgular ýygyndysy... Döwürdeşlerem, ondan soňkularam ony: “beýik sinik” (ahlak kadalaryna, medeni gymmatlyklara düýbünden hormat goýmaýan adam) diýip atlandyrdylar. Ol bolsa öz-özüne: “Tur çöpdüýbi! Ýüzüňe sowuk sepele-de, ýör keýp çekmäge!” diýdi. Şondanam birki agyz söz. Kim halar, kim halamaz... * * * Öz bahaňyzy biliň Men bu dünýäni bitewüligine isledim ýa-da hiç zady. Siz özüňiziň mynasyp bolan ýa-da isleýän zadyňyzdan az zada razy bolmaly dälsiňiz. Gowudan-gowusyna ymtylyň hem-de sizi doly bagtly edýän zatdan başga hiç bir zady kabul etmäň. Soň hemişe ökünip ýörmek üçin, diňe aralyk netijelere boýunalyk bolup, siziň öz maksatlaryňyzdan ýüz öwürmegiňiz hiç hili manysy ýokdur. Sapy çykýança ýaşaň Ölümiň özi gorkuly däl-de, adamlaň öz ömürlerini ölýänçäler ýaşaýyşlary gorkunç. Paraşýutly bökesiňiz gelýär-de, ýöne muňa hiç aýgyt edip bilmeýäňizmi? Diýmek bökmegiň pursaty ýetdi! Sungatyň taryhy boýunça okuw möwsümini geçesiňiz gelip ölüp barýarsyňyz-da, ýöne onuň öz durmuşyňyzda size gerek boljagyny bilmeýärsiňizmi? Şu günüň özünde okuwlara ýazylyň! Sizde diňe ony gönüden-göni şu wagtda ýaşamak mümkin bolan birje ömür bar. Çenden aşa giç bolýança garaşmak nämä gerek? Özüňizi söýüň Men – özümde bolan ähli zatdan iň gowy güýmenje. Hiç kes kämil däl, bu hakykat, ýöne şeýle-de muň üçin öz-özüňi gemirmekde-de hiç hili many ýok. Her bir owunjak etmiş üçin özüňizi köteklemäni bes ediň we öz gowşaklyklaryňyza azajygam bolsa eglişik ediň. Bu öz-özüňi kämilleşdirmegiň üstünde işlemeli däldigini aňlatmaýar, ýöne her neneňsi ýagdaý bolanda-da, özüňiziň iň uly janköýeri hem hemaýatkäri boluň. Hasratdan heder etmäň, onsuz siz bagtyň nämedigini duýup bilmersiňiz Siz hakykatdanam ýaşamaga başlamakdan öňünçäsi birnäçe gezek ölmelisiňiz. Yza, gam, gahar, lapykeçlik, howsala – biziň durmuşymyzy zäherleýän we käbir ýagdaýlarda bizi gutarnykly betbagt edýän ýaramaz duýgular. Ýöne siz hiç haçan olaň gapma-garşylygyny bilmezden, durmuşyň bize hödürleýän ýagşy duýgularyna doly möçberde baha kesip bilmersiňiz. Şoň üçinem, haçan-da sizi göwnüçökgünlik eýelände, ýatda saklaň, bahym hemme zat üýtgär we iň garaňky pursatam atyp gelýän daňyň gözelligini has aýdyň görkezer. Terjime: © Serdar ATAÝEW Çeşme: https://tengrinews.kz/mixnews/prostyie-istinyi-ot-charlza-bukovski-300542 | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |