Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:24
Çöpleýji / hekaýa

ÇÖPLEÝJI

Kellesi beýhuşdy, gözleri dumanly, ýüregi gubarly, ruhy kiparlap, telbe ýöreýşi bir närsäni artyk kabul edenligini ýüze çykarjak bolýar. Özüne tiňkesini dikip barýanlara dykgat bermän, ýeke gapyň agzynda dyknyşyk döreden märekeden birini saýlady-da, başyny saga egip, hatar-patar diýmän, onuň ýeňinden bir çete çekip çykardy. Pasport bardy ýaňkyň elinde, içinde-de iküç resmi kagyz.
Bir ýurduň ilçihanasydy bu ýer, bu telbäniň saýlap seçeni salyhatlydy, geýnişi erkin, özüni alyp barşy akylly. Ilki elindäki pasporta, soňam uçgunlap barýan nazaryna seretdi, ýene we ýene. Soň dymyşdylar. Kellesini çep tarapa egdi. Ahyry dillendi:
– Ugruň bolsun! Gidiberjekmi? Çagalaryňam alyp gidýänsiň, hä? Soň gelersiň gerek yzyňa? Ýa ymyklymy?
– Maňa diýen sagatlary 3:00-dy. Hemmäni bir wagta ýygnapdyrlar öýdýän.
– Soň işiň taýyn gerek? Bärde bolmadymy? Heý, goşmaça hiç zada maý bolmadymy, hä?
– Çagalaram taýynladym. Doktor özüm, baramda garşy aljaklar. Işlejek, ýaşajak ýerim, çagalaryň okuwy... barysy taýýar durjak.
– Ýöne sen söz ber, yzyňa dolan, ýene gel, hökman gel...
– Gapysy açylaýjak ýaly, ýekän-ýekän aljak bar ýaly...
Kellesi göçgün, hyýaly tutuk oglanymyz jübüsinden el ýalyjak kagyzy çykaryp, «Çagyrsaň gelerin» diýlen ýazgyň aşagyna gol çekdirdi-de, ony ençeme ýyllap garaşylan söýgi haty kimin emaý bilen sypalap, jübüsiniň jülgesine saldy.
Sal-sal eşikleri belli markaňky, äýneginiň nyrhy dodagyňy uçukladýa, özem gelşikli. Başyny ýaýkap, ilçihananyň gapysynda bir-birinden öňürtjek bolup howlukmaç süýşýän, şol bir wagtda hem itekleşmän, gohlaşman ýüregini alysa düwenleri synlady. Bu gezek naýynjar başyny egdi.
Aýagy ýanýodada süýrelip, ozal basylan yzlaryň üstüni çyzýar. Zoraýakdan ýöräp barýar, birini öňe atdygy, yzyndakysy diýen edenok. Bu gezek sataşany owadan gyz. Okuwa, dil öwrenmäge barýar. Elindäki kitap – Ýewropa dilleriniň biri. Agras ýürekli, süýji dilli gyz.
– Sizem öwrenýäňiz, hä? Hezil gerek täze dil öwrenmek? Plan firma işe girjek bolýaňyz gerek? Bu dil kynmy?
– Häzir, bahym sapagym başlaýar. Iňlis dili ýeterlik däl eken. Maňa öwrenip gel diýdiler.
– Size-de garaşýarlarmy ***aliýada? Ösen ýurt gerek, AB*-dan hem gowy diýýärler, hä?
– Adam hasabyna alýamyşlar, kärimi halapdyrlar, men keramikaçy. Dünýä çykarasym gelýär.
– Emma sen gelersiň gerek, hä, hökman gel, bolarmy, söz ber...
– Gijä galaýmaýyn, hanha, mugallym girip barýar?
Jübüsinden el ýalyjak kagyzyny çykaryp, «Çagyrsaň gelerin» ýazgysynyň astynda goluny çekdirdi. Ellerindäki kitapda ýüregiňi jigledýän nätanyş sözler güýçli ýazyjynyň diline wekilçilik edýärdi.
Seýilgähiň deňine ýetende ýetginjekleriň gohunyň arasynda noutbugyna dümtünip, ekranyň ýüzünde gürleşip oturan birini gördi. Başyny çepe egip, ýakynlaşdy. Gözüni petredip seretdi.
– Hawa, menem hoşlaşyp otyryn. Beýtmegiň geregi ýok, agam. Iş tapdylar, programmist men.
– Söz berjekmi, hä? Gelersiň gerek çagyrsam?
– Nirä çagyrjak, agam?
– Geläý, çagyrjak, gijä galmarsyň-a?
– Getir, menem gol çekip tassyklaýyn.
Muňa-da gol çekdirdi, jübüsiniň jümmüşine dykdy kagyzy. Jübüsi galňap barýar, beýnisi güňläp, titrek köňli geňläp barýar. Agaçlar gyşy garşy almaga girişipdir. Bulutlaryň arasynda ne gar gizlenýär, ne göwnüçökgün ýagyş. Adamlaryň ýüzlerinden hoşlaşyk çöpläp ýörşüne, aýtman-etmän gidenlere salam ýollady. Özüne käýindi, sen gitmersiň gerek, hä, galarsyň gerek?
– Aý-u oglan, ýaňja süpürdim o taýsyny, aňyrrakdan aýlan. Eşidenogam bi, aňkasy aşypmy nämemi? Saňa diýýän.
Hanasyndan çykaýjak gözleri bilen gygyryp duran daýzanyň ýüzüne seredip:
– Gelersiň gerek hä, yzyňa?
– Ýit , ýok bol, näme gelmesi, bar git, hapalama ýoly.
– Gidibersene sen, gelme-de sen...
Seýilgähden çykan badyna taksi tutmak üçin elini galdyrdy, bolşuny göwnemedik sürüjiler saklanasy gelmedi. Ahyry biri durdy:
– ***iýa ilçihanasyna, soň ***tan, ***land...
– Mün. Näme-how, bu gün halkara ilçihanalar günümi? Köp eglenmersiň-ä içinde?
– Gelerin, hökman gelerin.
Hersinde 10-15 adamlyk üýşmek döräpdir, diňe seredip oňdy, käsine gol çekdirdi. Taksiň sürüjisini aňryýany bilen razy edip düşdi. Jübüsinden gol çekilen hatlary çykardy, stolunyň üstünde ýazdy.
Owadan şahsyýetleriň üýşen stoly juda alysdan göründi. Mes topraga meňzäp, näme ekseň gögerjek, nahal dikseň sömeljek. Gollaryndan çen tutup nämüçin gidendiklerini anyklasy geldi. Ony başarmady, oňa derek ellerinden dökülýän dürüň gymmatyna göz ýetirdi.
Bulary çagyrsam gelerler gerek, hä, ýekän-ýekän çykyp gelerler, özlerem – gaýdyp geler. Gel, olary Kesi adasyna çagyraýyn, indi ol Uzradan başga hiç kimiňki däl-ä, eýe çykyp başymyzy agyrtjagy bolmaz. Adany ulaldyp bildimikä? Sygarys gerek, şeýle dälmi, sygarys-a? Üstesine-de, giňelderis, binalary beýik gurarys, şeýdip sygyşarys, hämi? Özümize täze at dakarys, häzir bolsa ilki özüm gideýin, soň söz berenlere jaň edeýin.
Birdenem telefonymdaky saz ýaňlandy. Jaň edýäniň adynyň ýerine «Çakylyk» diýen ýazgy dur. «O däldir-le» diýip aldym. Sebäbi men gitmändim. Öz hyýalymda döreden sesim eşidildi: «Senem gelersiň gerek, hä?» diýdi. Ýylgyryp başymy atdym.
Ol ada ne gämi, ne uçar barýar? Gämili aşaryn, ýöne haýsy gämi gidýär, hä? Öýüniň içindäki bar gazetdir-žurnallary alyp, ulagyň arkasyny ýükden doldurdy. Içinde özüniň ady familiýasy doludy. Deňziň kenaryna eltip düşürdiler. Epleşdirip, çöpleşdirip, ahyry ýekberdem ýasady. Nirede sen adajyk diýip ýüzmäge başlady.
Ol Kesi adasyny tapdy, söz berenleriňem bary çakylyga geldi. Üýşdüler.
Aýtdym-a gelerler diýip. Hemmesi geldi, kime jaň etsem ikirjiňlenmän gaýtdylar. Ada sygyşdylar. Bizi gujagyna saldy, çar ýany deňze gömülgi bu ada.
Şondan soň BMA-da täze döwlet peýda boldy. Il bilen deň baýdagyny asdylar, ýurtda ilçihana açylmaz diýen karara gelindi. Biziňkem başga ýerde görünmez. Wiza diýlen düzgüni aýryldy. Sizem gelersiňiz, hä, özem – gaýdyp gelersiňiz!..



© Seýran OTUZOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 224 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 sussupessimist • 02:02, 16.12.2023
.
avatar
0
2 janjennet • 03:20, 16.12.2023
gaýtman gelmek bolanokmy diýesim gelip gitdi...
avatar
0
3 Mekan • 06:57, 16.12.2023
Gelmezler, gardaş, arrygyñam gynama.

Ýok, gyna, barybir gelmezler, onda-da sen eliñden gelenini et.
avatar
0
4 Mekan • 07:32, 16.12.2023
Kesi adasy - her kim bir parçajygyny äkiden adasydymyka?

ýurtda ilçihana açylmaz diýen karara gelindi.

Uteçkañ o ýerde däldigini bilýärem welin, içiniñ yangynyna, gözüniñ endik eden çözgüdini tapan bolya: mesele çykaryan zatdyr öytseñ çözjek bolma, düýbünden ýok et, wessalam.
avatar
1
5 Lacrymosa • 12:24, 16.12.2023
Seýran Otuzowiç, şu hekaýaňyzy kino etjek bolanlarynda Golliwuddan galany bn şertnamalaşaýmagyn. Oskarlyk sýužet, oskarlyk gahryman, oskarlyk edebi esas. Häzirden gutlaýan, soň-a gutlagymyzy ýetirip bilmeris
avatar
0
6 garagar • 00:02, 17.12.2023
Seýran aga, ýazyp dur.
avatar
0
7 Sylapberdi • 04:21, 24.12.2023
Tüweleme. Gowy.
Üstünlik!
avatar
0
8 Мango • 00:18, 30.12.2023
Şondan soň BMA-da täze döwlet peýda boldy...
BMG - düşnükli, emma BMA-ny nähili açyklamaly?
birleşen milletler a.....
avatar
0
9 sussupessimist • 03:21, 30.12.2023
.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203