12:51 Çuňluga ymtylyş | |
ÇUŇLUGA YMTYLYŞ hekaýa Gowuja surat çekýän, Ştutgartdan bolan bir ýaş zenana, bir tankytçy, oňa hiç hili ýamanlyk islemezden, diňe ony goldamak niýeti bilen, onuň ilkinji sergisinde, diýdi: - Siziň edýän zadyňyz, zehinli hem naşyja, ýöne, size çuňluk ýetmeýär. Ýaş zenan tankytçyň nämäni göz öňünde tutandygyna düşünmedi hem-de bahym onuň belligini ýadyndan çykardy. Emma, bir gün yz ýany gazetde şol tankytçynyň syny peýda boldy-da, onda diýilýärdi: “Ýaş nakgaş hanym örän ukyply, onuň işlerem ilkinji garaýyşda ýeterlik derejede özüneçekiji; gynansak-da, olara çuňluk ýetmeýär”. Şu ýerde ýaş zenan oýa batdy. Ol öz suratlaryny gözden geçirmäge we köne jiltlerini dörüşdirmäge başlady. Ol özüniň hemme suratlaryna, şol sanda häzirki wagtda üstünde işleýän suratlaryna-da birlaý seredip çykdy. Soňra ol tuşly çüýşeleriniň gapaklaryny towlady, syýagalamlarynyň uçlaryny süpürdi-de, arassa howadan dem almaga çykdy. Şol agşam ol myhmançylyga çagyrylypdy. Adamlar, göwnüňe bolmasa, tankydy syny ýat beklän ýalydylar, öwran-öwran nakgaş hanymyň uly zehini hakda-da, onuň eserleriniň ýüzugra göze dürtülýän özüneçekijiligi barada-da gürleýärdiler. Ýöne, yzky hatarda, oňa arkasyny öwrüp duranlaryň hyşy-wyşysyndan, ýaş zenan, ünsli diňlände, aňşyryp bilýärdi: -Çuňluk ýok, onda. Ine gep nämede. Zehin-ä bar-la, ine çuňluk welin, gynansagam, ýok-da. Tutuş indiki hepde ýaş zenan hiç zat çekmedi. Ol öz öýünde ses-selemsiz oturyp, içinden oýlanýardy, kellesinde-de bir ýeke-täk pikir aýrylmasyz pyrlanyp, onuň galan ähli oýlaryny, edil çuňňullykdaky sekizaýak deý öz holtumyna dolap-düýrläp, ýuwudýardy: “Näme üçin mende çuňluk ýok?”. Ikinji hepde hatyn, ýene-de surat çekmäge synanyşdy, emma, ebeteýsiz garalamalardan başga hiç zady başarmady. Birden-birden-ä oňa hatda kindiwanja çyzyjagy çyzmagam başartmaýardy. Ahyrynda bolsa ol şeýlebir güýçli titreýärdi welin, syýagalamyny syýaly çüýşä batyrmagam oňarmady. Şonda ol aglap ugrady-da, gygyrdy: -Hawa, hemmesi dogry, mende çuňluk ýok! Üçünji hepde ol sungat barada ýazylan jiltlere ser salmaga başlady, özge nakgaşlaryň işlerini öwrendi, yhlas bilen sergihanalara we muzeýlere gatnap ugrady. Ol şekillendiriş sungatynyň nazaryýeti boýunça kitaplary okaýardy. Ol kitap dükanyna baryp, satyjydan onuň dükanynda bolan iň çuňňur kitaby sorady. Ol haýsydyr bir Witgenşteýniň eserini alsa-da, ony jinnekçe-de ulanyp bilmedi. Şäher muzeýinde geçirilen “Ýewropa suratyna 500 ýyl” atly sergide ol, zallarda sungat terbiýesi mugallymynyň aýlap ýören bir mekdep synpyna goşuldy. Duýdansyz, Leonardo da Winçiň suratlarynyň biriniň ýanynda ol öňe çykdy-da, sorady: -Bagyşlaň, siz maňa aýdyp bilmersiňizmi, bu suratda çuňluk barmy ýa-da ýok? Mugallym onuň ýüzüne gülümsiredi-de, aýtdy: -Eger-de siz meniň bilen degişme degişmek isleýän bolsaňyz, hormatly hanym, onda size irden irräk turmak gerek! Synp, durky-düýrmegi bilen hahahaýlamaga başlady. Ýaş hanym bolsa öýüne gaýdyp barşyna, ajy aglady. Şondan soň ýaş zenan, barha birgeňsi bolup ugrady. Ol özüniň ussahanasynyň diwarlaryny zoraýakdan terk edýärdi, emma barybir işläp bilmeýärdi. Ol uzagrak oýalykda gezmek üçin gerdejikleri içýärdi, ýogsa, özi näme üçin köpräk oýa gezmelidiginem bilmeýärdi. Haçan-da ýadasa ol oturgyjynda uklap galýardy, sebäbi ýatyş sekisinde ýatmaga ukusynyň çuňlugyndan gorkýardy. Ondan başga-da ol içmäge başlagy, özem uzakly gije çyrany öçürmän goýmagy çykardy. Ol indi surat çekmeýärdi. Haçan-da oňa Berlinden bir gadymy zatlary satyjy (antikwar) jaň edip, birnäçe eskizi taýýarlamagy haýyş edende, ol telefona gygyrdy: -Meni öz günüme goýuň! Mende çuňluk ýok! Wagtal-wagtal ol plastilinden nämedir bir zatlary ýasaýardy, ýöne dogrusy ol zatlar bolgusyzlykdy, belli-külli zatlar däldi. Ol diňe plastiline barmaklarynyň ujuny çümdürerdi ýa-da ondan kindiwanja logalajyklary togalardy. Ol özüniň daş sypatynam başyna goýberipdi. Geýim-eşigine esewan etmeýärdi, öý-içerisi serenjamsyzdy. Onuň dostlary ynjalyksyzlanýardylar. Olar diýişýärdiler: “Oňa ýardam bermeli, bu mahal ol çökgünçilik zolagynda. Bu çökgünçilik ýa adam zerarly ýa-da döredijilik häsiýetli; ýa-da bu çökgünçilik – maliýeleýin. Birinji ýagdaýda biziň alajymyz ýok, ikinji halatda şol girdapdan onuň özi çykmaly, a üçünjide bolsa – biz onuň üçin serişde ýygnamagy gurnap bileris, ýöne, bu hem, mümkin, oňa ýakymsyz bolar”. Şeýlelikde onuň dostlary, ony yzly-yzyna günortanlyk naharyna we meýlis agşamlaryna çagyrmak bilen çäklendiler. Ol bolsa, hemişe iş köplüginiň bahanasy bilen çakylyklary ret edýärdi. Ýöne, ol düýbünden işlemeýärdi, diňe öz otagynda oturyşyna, çat maňlaýyna dikilip, plastilin mynçgalaýardy. Bir gezek bolsa ol öz-özi bilen şeýlebir lapykeç haldady welin, bir çakylygy kabul edenini duýman galdy. Ony halaýan bir ýaş ýigit, gijeki oturylyşykdan soň, onuňkyda belli bir maksatly galmak üçin ony öýüne äkitmek isledi. Şonda ol oňa aýtdy, elbetde, baş üstüne, ol onuň bilen şol işini bitirip biler, çünki olam oňa ýaraýar; ýöne, dogrusy, ol onda çuňlugyň ýokdugyna öňünden taýyn bolmaly bolýar. Muny eşiden ýaş ýigit öz matlabyny myrat etmekden saklanmagy müwessa bildi. Haçanam bolsa birmahal, şeýle gowuja surat çekýän ýaş zenan, indi günsaýynam däl-de, sagatsaýyn pese düşýärdi. Ol indi hiç ýere çykmaýardy, özüniňkide hiç kimi kabul etmeýärdi, hereket azlygyndan ol semredi, arak-şerapdyr çilimden ýaňa ol geň galdyryjy çaltlykda garrady. Onuň öýi çüýremäge başlady, özünden heňiň ysy gelip ugrady. Öz wagtynda oňa otuz müň marka miras galypdy. Ol şol pullara üç ýyllap ýaşady. Şol döwürler ol Neapola syýahata gidip geldi, ýöne nädip, nähili ýagdaýdadygy hiç kese mälim däl. Kimde-kim oňa lak atsa, jogaba derek düşünksiz hümürdi eşidýärdi. Puly gutarandan soň hatyn, özüniň ähli suratlaryny deşişdirdi, kesişdirdi-de, teleýaýlym minarasyna çykyp, 139 metrlik belentlikden aşak bökdi. Ýöne, şol gün güýçli ýel öwüsýändigi sebäpli ol, minaranyň astyndaky asfalt meýdançada çym-pytrak bolmady, ýel ony tutuş süle meýdanynyň üstünden tokaýyň gyrasyna çenli uçuryp, şol ýerde-de arçalaryň çürbaşyna taşlady. Emma muňa garamazdan ol şol ýerde jan berdi. Köçe metbugaty bu hadysany minnetdarlyk bilen gapyp aldy. Öz-özüne kast etmek, göwraniň gyzykly uçuş ugry, bu wakada birmahal döredijiligi kän umyt döredýän nakgaş hanym hakda gep-gybatyň barlygy, üstesine-de onuň özüneçekiji daş keşbiniň bolandygy – bu zatlaryň barysy ýokary maglumat gymmatlygyna eýedi. Onuň öýüniň ýagdaýy şeýlebir ebla bolup çykdy welin, fotosuratçylara ol ýerde kaşaň suratlary düşürmek başartdy: müňlerçe boş çüýşe, hemme ýerde harabaçylygyň yzlary, jyrym-jyrym edilen suratlar, diwarlarda plastilin tokgajyklary, otagyň burçlarynda bolsa hatda meýdan edilen yzlaram bar! Bu barada ýazýan gazet bir sahypasyny tutuş şu waka bagyşlamaga we üçünji sahypasynda bu hakda ýene-de bir habary ýerleşdirmäge aýgyt etdi. Edebiýat goşundysynda bolsa, başda ýatlanylan tankytçynyň belligi ýerleşdirilip, ol onda ýaş zenanyň şeýle aýylganç usulda öz-özüni heläk etmegi barada doly ynjalyksyzlygyny beýan edýärdi. “Ýene-de we ýene-de” diýip ol ýazýardy: “bu biz, dirileriň depämizden eýmenç hadysa bolup inýär – haçan-da biz nädip, ýaş, zehinli adamyň öz gurşawynda özüni tassyklatmaga özünde güýç-gaýrat tapmazlygynyň biygtyýar şaýady bolmaly bolýarys. Ilkinji nobatda, adamzat gurşawynda howandarlyk etmek hem-de çeper döredijilik çygrynda paýhasly döredijilik delalatyny bermek barada gürrüň gidende, diňe bir döwlet hemaýatynyň we hususy başlangyçlarynyň ýeterlik däldigi mese-mälim gürrüňsizdir. Dogrusy, bu ýerde şeýle pajygaly ahyryň başlangyçlarynyň, hut şu ýagdaýda, pidanyň şahsy häsiýetlerinden gözbaş alýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Çünki, onuň bize sadaja görünen ilkinji işlerindenem bize, kakabaş, hut şeýle netijäni gazanmaga gönükdirilen, reňkleri we öwüşginleri bulam-bujar etmek arkaly, şol içine towlanan, towlamy gurçukşekilli, içki çuňluga agyz urýan we ahyrky serhedine çenli duýgulardan dykyzlanan, ýöne dörediji-ýaradyjynyň özüniň tüm-garaňky “menine” garşy nalajy garşylygyndan püre-pür, şol elheder aldyryjy ikileýinlik seretmeýärmi? Şol ýer-ýegsan ediji, meniň şu ýerde aýdasym gelýär, çuňluga bolan rehim-şepagatsyz ymtylyş?”. © Patrik ZÝUSKIND Terjime: © Serdar ATAÝEW *** Patrik ZÝUSKIND Patrik Zýuskind 1949-njy ýylyň 26-njy martynda, Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň golaýyndaky Ambah atly obajykda, ýazyjy, žurnalist Wilgelm Emmanuel Zýuskindiň maşgalasynda dogulýar. Onuň ejesi sport tälimçisi, uly dogany Martin – žurnalist. Zýuskindiň maşgalasynyň asly Germaniýanyň wýurtemberg begzadalary (aristokratlary) bolup durýar. Çagalygynda P.Zýuskind saz bilimini alyp, ol fortepiano çalýar. Orta bilim alandan soň ol harby gullukda bolýar, soňra Mýunhen uniwersitetinde taryh ugrundan ýokary bilim alýar. Ol dürli hünärlerde, ýagny barmen, stol tennisi boýunça tälimçi ýaly işlerde işläp gazanç edipdir. Aýdylyşyna görä, P.Zýuskind bir gezek edebiýat sapagynda mugallymasynyň teýeneli sözlerine jogap hökmünde özüniň adyny ebedilik galdyrjak kitaby ýazjakdygyny aýdypmyş. Ýazyjynyň soňraky terjimehaly hakykatdanam bolan ýa-da onuň biografiýasyna ýöňkelýän bu sözleriň amal bolandygyny görkezýär. P.Zýuskind soňam ýaşlyk ýyllarynda Fransiýanyň Eks-an-Prowans şäherinde okaýar, emma okuwyny doly tamamlaman taşlaýar. Soňra ol Siemens firmasynyň patent bölüminde, tans okuwlarynda tansçy, tälimçi ýaly işlerde işleýär. Soňra ol Pariže gidip şol ýerde ýazyjylyk bilen meşgullanyp ugraýar. Emma, ol çap edilmeýän hekaýalary ýazýar, hiç kimiň kinofilm düşürmek islemeýän ssenariýalaryny taýýarlaýar. Diňe 1980-nji ýylda onuň birsahnaly monology “Kontrabas” çap edilenden soňra P.Zýuskindiň ýazyjylyk işi ugruna bolup ugraýar. 1985-nji ýylda çap bolan onuň “Parfýumer” (Müşkçi) romany bolsa oňa meşhurlyk getirmek bilen birlikde, ilk-ä Ýewropa edebiýatynda, galyberse-de dünýä edebiýatynda-da özboluşly bir fenomen hökmünde ykrar edilýär. Soňra ýazyjynyň “Kepderijik. Üç waka we bir synlama”, “Jenap Zommer hakda kyssa” ýaly meşhur eserleri çap edilýär. 2006-njy ýylda P.Zýuskindiň “Müşkçi” (Parfýumer) romany boýunça režissýor Tom Tykwer “Parfýumer. Bir ganhoryň taryhy” atly dünýä ýaň salan çeper filmini düşürýär. Mundan soň P.Zýuskindiň meşhurlygy edebiýat Olimpine çykýar. Häzirki güne çenli P.Zýuskindiň bu romany 46 sany dünýä dillerine terjime edildi. P.Zýuskind söhbetdeşlikler geçirmeýär, mümkin boldugyndan jemgyýetçilik ünsünden daşdaky durmuşda ýaşamaga çalyşýar. Ol birnäçe gezek edebiýat sylaglaryndan, baýraklaryndan ýüz dönderdi. | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |