Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:53
Çykalga
ÇYKALGA

Gije älem giňeýär,
Gämiler gygyrýar asmana garap,
Nikotin bulutlar gaýýar ýokarda.
...Maňa täze kitap ugrat,
Öňkilerňi gutardym.

Içim gysýar, meni täzeden ýarat!
Çydar ýaly däl bi halys
her agşamara.
Bir otagly jaý ber ilki,
Büzmeýinden, amatlyrak.
30 ýyllyk kredit töläp ýaşara -

Daş ber äpet, Köpetdaga daşara,
Güýmenerin tä alynçaň janymy.
Keseller öldürýär käbirlerimizi,
Ýalňyzlyk azaldýar galanjamyzy.

Içim gysýa, intelligent dertlem bar.
Nädip aýtsam?
kän bir... däl-dä gyzykly.
Çemin tapsam çykyp gitjek gijeden,
Sözün tapsam aýdyp dynjak ymykly.

© Begençgeldi ORAZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 239 | Mowzugy paýlaşan: batyr | Teg: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 4.7/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
1
1 Pero • 16:22, 08.05.2023
Begençgeldi Orazowyñ goşgularyny her gezek gaýtalap-gaýtalap okaýan. Gowy ýazýar. Galypda-da diýjek zadyny añryýany bn diýip bilýär weli,bu gez şahyr şygry diliniñ jylawyny hasam gowşadypdyr.

Bir bellijek:"Içim gysýar, meni täzeden ýarat!" diýýär,belki bir dosta ýüzlenýändir diýdim,emma adam adamy ýaradyp bilenok ahyry.
avatar
0
2 atayeva • 17:21, 08.05.2023
Begenç ashgabatly oglan bolmaly. Begench gentleman. Bilemok bu wagt name kär edyar. Belarussiyada okayar diydiler bir gezek. Name ucin jentlemen diyyan. Bu oglan bir gezek maňa hormat bilen univeriň gapysyny açyp beripdi. :) Приятно было
avatar
0
3 Aygul • 17:58, 08.05.2023
Begenc biz bn goňşy ýaşady. Ýüwürjimiň dosty. HTTU-ny okady. Diýseň gowy oglan. Bize köp gelerdi.
avatar
0
4 Aygul • 17:59, 08.05.2023
Büzmeýinli.
avatar
0
5 Häki • 20:33, 08.05.2023
Batyryň paýlaşan weriýanty gowy eken. Gowy ýazýar. Sözünde jan bar, gury däl.
avatar
0
6 atayeva • 21:26, 08.05.2023
Menin diyyanim bashga bolaymasa onda. Enwer Nyzamowyn kursdaşy bolmaly menin diyyan oglanym. Soň name boldy bilemok. Mana dashary yurtda okayar diydiler
avatar
0
7 Aygul • 21:35, 08.05.2023
Hawa,sen beýleki Begenje diýýäñ, familýalaram meňzeş olaryň.
avatar
0
8 Мango • 09:26, 09.05.2023
Begençgeldini "galamdaşdan" okap-tanapdym.
halaýanlaryma öwrülipdi.

–Maňa täze kitap ugrat,
Öňkilerňi gutardym.
–Ýok indi bäşinji kitap,
Aýtjaklarny gutardy.

–Içim gysýar, meni täzeden ýarat!
– Özüň özüňi döret, bar sende şeýle gaýrat.

5 ýyzzyl.
***
intelligent dertler - bu-da gyzykly, bir hili aýnak dertler diýen ýaly...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203