13:57 Daşa ýazylan goşgy | |
DAŞA ÝAZYLAN GOŞGY Balkan welayatynyñ Türkmenbaşy etrabynyñ Garabogaz (õñki Bekdaş) şäherçesiniñ demirgazyk çetinde hut Hazar deñziniñ kenarynda, ýerli ilat tarapyndan "Gaýa" diyilip atlandyrylýan belentlik bar. Ýerli ilat dabaraly günlerde şol belentlikden daş tõwerege, deñze we deñziñ içinde ýerleşýän üsti maýakly "Garaada" diyilip atlandyrylýan ada seretmegi gowy gõrýär. Mekdebi tamamlan ýaş uçurymlar bolsa şol belentlikden Günüñ ýaşyşyny (deńziñ tekizligine Günüñ gabat boluşyny) synlaýarlar. Garagum sährasyndan dogup gelýän güni garşylaýarlar. Bu ýagdaý däp bolup galan hakykat. Bu ýagdaý Garabogaz şäherçesine myhman bolanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Garabogaz şäherinde doglan, ýaşan (soñ Russiýa gõçüp giden) ýaş şahyr ýigit Wladimir Gaýdukow 1971-nji ýylyñ 7-nji iýulynda õz şygra õwrülen ýürek joşgunyny "Gaýa" belentliginiñ daşyna ýazyp, açyk asmanyñ astynda täsin ýadygärlik goýup gidipdir. Belki ol şol wagt õzüniñ ýazyp goýan daş ýüzündäki ýadygärliginiñ asyrdan asyra ašyp, biziñ şu bagtyýar günlerimize gelip ýetjegini bilenem däldir.. W.Gaýdukow dašyñ ýüzüne şu goşgyny ýazypdyr: "Гляжу на море голубое, В даль летит моя мечта. Какой простор, какая ширь Кругом такая красота. В дали гордо и величаво Как страж на рейде у порта. Возвысился над глядью моря Красивый остров Кара-Ада. 7июль 1971г" Bu täsirden ruhlanyp, awtoryñ dõwürdeşi we deñ duşy, häzir Gazagystanda ýaşaýan Amantaý Kaýunow daş ýüzündäki ýazgyny gazak diline şu aşakdaky gõrnüşde terjime edipdir: Kõk teñizge karaýmyn, Armanym uşady alysga. Karasam kõzüm toýmaýdy, Kandaý gažap aýlanga. Port žanynda kõk tõrde Tur äne maýak žakyrdap. Ädemi Aral Kara-Ada! Añyz bolgun Kara-Ada! Häzir tehnalogiýanyñ õsen dõwri, aragatnašyk mümkinçilikleriniñ çägi ýok. Ine şundan peýdalanyp Türkmenistanda dogulyp ýaşap giden, ykbalyñ akymy bilen häzirki wagtda başga ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz Garabogaz şäherçesine gelenlerinde, "Gaya" belentligine çykyp çar ýany synlamagy yrym edinipdirler. Hut şol ýerdenem soñky watanyna jañ edip: "Men şu mahal "Gaýanyñ" üstünde çar ýany synlap, Siziñ salamyñyzy Türkmenistana ýetirýärin we goja Watanymyz Türkmenistandan Size salam ýollaýaryn, õzüm hem W Gaýdukowyñ "Gaýa" belentligindäki daşyñ ýüzüne goşgy ýazan ýerinde durun" diyip ýaýlyma çykýarlar. Tolgundyryjy pursatlar... Şeyle täsirler bilen dagyñ gaýasynda galan bu goşgyny Garabogaz şäherinde işlemek nesip eden Balkan welaýatynyñ Bereket etrabynyñ Isgender obasyndan bolan ildeşimiz edebiýatyñ jankõýeri, şygyrýetiñ muşdagy, sõz keramatynyñ hyrydary Nurmuhammet Muhammedow šu aşakdaky gõrnüşde türkmen diline terjime edipdir: Nazarymy salýan mawy ummana, Arzuw hyýallarym alysa uçýar. Sõz ýetmez gõzellik, gõz ýetmez giñlik Õzüne çagyrýar, gujagyn açýar. Gomlara dõz gelip, labyryn taşlap, Kenary goraýan gämi mysaly. "Garaada" bize bakýar buýsanćly, Rowaýata meñzeş hakykat ýaly. © Didarberdi ALLABERDIÝEW, magtymgulyşynas, mirasgär, şahyr. "Diýar" žurnaly. Öñ goýulan çeşmesi: kitapcy.ru saýty. | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |