13:31 Datly dilli talyp - hekaýa | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR DATLY DILLI TALYP Ikinji synpyň talyby Rejepmyrat iller ýaly her edip, hesip edip üçünji ýyl synpa geçmekligiň gaýgysyny edenokdy. Onuň bar ham-hyýaly synaglardan gowy bahalar alyp, talyp puluny gazanmaga hukuk gazanmakdy. Birinji synpdan başlap, tä instituty tamamlanýança dersleriň ählisi rus dilinde bolansoň, birinji synpda dil meselesinden kynçylyk çeken hem bolsa, indi bu kyn diliň abyny-tabyny alypdy—okan sapagyna düşünýärdem, ony düşündirip hem bilýärdi, gysga söz bilen aýdanyňda, edil aňrybaş tapawutly talyplaryň arasyna girmese-de, özüne göwni ýetýärdi. Talyp puluny almaga hykuk gazanmak onuň üçin iň bir wajyp meseleleriniň biri bolup durýardy, ýagny öýdäkilerine maddy tarapdan ýeňillik boljakdy. Iki gün mundan owal “Mehanikanyň teoriýasyndan” “dörtlügi” bardy, bu gün bolsa iň kyn dersden—“Materiallaryň garşylygyndan” synag gidýärdi. Professor synag otagyna bäş adamdan salýar. Her kim nesibesine düşen petegini alýar-da, taýýarlyk görmek üçin stoluň başyna geçýär. Rejepmyradyň petegi ýigrimi üçünji. Ol petekdäki soraglara göz aýlap oturyşyna dört soragyň birini bilmeýänligini boýnuna aldy, dördünjini—meseläni derrew çözdi-de, beýleki iki soraga taýynlanyp başlady. Ol pikirlenip otyrka, bir gulagy bilen professoryň öňünde synagdan geçip oturan Halnazarowy diňleýärdi. Sähet Halnazarowy diňe öz synpdaşlary däl, institutyň aglabasy (mugallymlara çenli), gürrüňçil, henekçi, ýomakçy, wäşi hökmünde tanaýardylar. Ol bir wakany gürrüň berip başlasa, diňleýjilerini “daňaýýardy”. Onuň dili däl-de, ýüregi gepleýärdi, onuň mylaýym sesine diňleýjileriň käbiri meýmireýärdem. Onuň ýüreginde dörän sözleri agzyndan bal ýaly süýjäp, süýmek görnüşe geçip, mahmal sesi bilen garyşyp çykýardy. Sähediň agzy geplänokdy, bütin durky: elleri, gözleri, gaşlary, eginleri bir aýdymy hor bolup aýdýan ýaly sazlaşykly herekete girýärdi. Şonuň üçin oňa “artist” lakamyny dakan hem bar. “Sähet, sen ýokary okuw jaýyňy ýalňyşypsyň, teatral ýa-da medeniýet institutyna girmeli ekeniň” diýýänler hem bardy. Bu üýtgeşik sese gyzlaryň köpüsi bendi bolýardylar. Halnazarow dodaklaryny şapbyldadyp, atasynyň çagasyna öwüt berýän äheňinde petegindäki soraglara professoryň öňünde jogap berip otyr. Professor Halnazarowy ilkinji sapar görýänindenmi, nämemi, bu talyby üns bilen diňläp, ýylgyryp oturşyna lezzet alýardy. Halnazarowyň petegindäki soraglaryň jogaplaryna Rejepmyrat belet bolansoň, onuň berýän jogaplaryndan göwni suw içmedi, Halnazarowyň ornuna özi baryp jogap beräýesi geldi. —Halnazarow, Siz hemme aýtjak zadyňyzy aýtdyňyzmy? —diýip, professor talybyň ýüzüne çiňerilýär. —Hawa... —Berilen meselänem-ä çözmänsiňiz. —Ýoldaş mugallym, şu mesele meniň üçin örän nätanyş, ilkinji gezek duşýan bular ýaly kyn meselä. Ony häzir öýe baryp, kitaplarymyň hemmesini agtaryp çözerin we ertiriň özünde Size getirip görkezerin... —Ýok, hökman däl. Men Size bir sorag bereýin welin, göwnüňize alaýmaň! —diýip, professor talybyň sözüni bölýär. —Baş üztüne ýoldaş professor. Soraberiň, göwnümde hiç hili kine galmaz mugallym. —Siz şu zehiniňiz, ukybyňyz, sesiňiz bilen artist bolaýmeli ekeniňiz diýip maslahat beren boldumy? —Hawa. Öz höwesim dilçi mugallym bolmakdady, dilewarçy ýa artist bolmakdy, emma kakam göwnemedi. —Ýagşy. “Dörtlük”. Baryň gidiberiň! Üstünlikler arzuw edýärin! Halnazarow çykyp gidensoň, Rejepmyrat synag oturgyjyna geçýär. Petekdäki soraglara jogap berip başlaýar, ýöne professor soňuna çenli diňlemän indiki soraga geçirýär we iň soňunda Rejepmyradyň çözen meselesine göz aýlap oturşyna: —Atagylyjow, Siz şu gün ertirlik edindiňizmi? —Hawa. —Onda näme üçin sesiňiz haýal we ynamsyz çykýar? Ýa, gowy taýynlyk görmediňizmi? —Taýynlandym, ýoldaş professor. —“Üçlük” bolýarmy? —Ýok, ýoldaş mugallym. Onda men talyp pulsuz galýan—diýip, howsala düşýär-de, müzzerýär — Ana, Halnazarow menden has gowşak jogap berse-de, şoň-a “dörtlük” goýduňyz. Professor sesine bat berýär: —Halnazarow Siz ýaly “myňňy-myňňy” edip geplänok. Ol agzyndan çykaran her bir sözüni ýülmäp-ýalap, sypalap-ogşap we saryýagly bal çalyp goýberýär. A Siziň näme aýdýanyňyza düşünip bolanog-a. Baryň, gidiberiň, men Sizi saklamok! —Ýoldaş mugallym, haýyş edýärin...Ýene ýekeje sorag ýa-da mesele beräýiň-dä... Professor talybyň synag depderine hiç bir bellik etmän, gapa tarap ümleýär. —Ýoldaş professor, haýyş edýärin... Professor birneme ýumşap: —Ýeri bolýar. Dörtlük alasyňyz gelýän bolsa, Halnazarowyň çözüp bilmedik meselesini çözäýiň. Rejepmyrat meseläň mazmunyny göçürýär-de, synaga taýynlyk gören stoluna gaýtadan geçip otyrýar. Ol Halnazarowyň şeýle aňsat meseläni çözüp bilmedigine haýran galýar we oňa “dörtlük” bahany diňe dilewarlygy üçin goýandygy üçin bolsa professordan nägile bolýar. | |
|
Ähli teswirler: 22 | |
| |