04:40 Dawid Aruşaýans "Garaşmak"1999 | |
Eser garaşmak hakda söz açýar. Ýöne ol hiç kime näbelli. Şol bir aýdylýan, ýagny urşa giden ýan ýoldaşyna garaşýar diýlen pikiri gaýtalasym gelenok. Ol iş adamzadyň garaşmak hakdaky pelsepesini aýtmak isleýän ýaly bolup dur. Biz nirede bolsak-da, aýatda dirimi ýa dälmi parhy ýok yzynda gözü galan ejemiziň soňky nazaryny iň bolmanda bir minutlyk göz öňüne getirsedik belki bu işi has gowy düşinsek gerek. Tomaşaça seretýän bu zenan gözleri öz ejelerimiziň keşbine örän çalym edýär diýsek ýalňyşmasak gerek. Çünki öz mähribanlaryna yhlas bilen garaşýan zenan keşbinde bokurdagynda tegek bolup galan agysyny gözlerinde gizlin saklap çalaja ýylgyryp syr bildirmän durmagy, onuň gaýratlydygynyň şaýady. Türkmen ejeleri bolsa şol mert zenanlaryň hataryndandyr... Döwletmyrat Durdyýew sungaty öwreniji Gündelik ýazgylary 2023 | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |