Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:21
Daýym gyzy Selbä...

Exclusive

DAÝYM GYZY SELBÄ...

Biz — Güne ýanan garaja gyzlar:
ertekewi bakja-baga gitmedik,
multikleri tekrar-tekrar, doýa-doýa görmedik,
gurjagmyzam ýokdy: saçly, gürleýän,
emma çüýşe-adamlary gürledip,
ýöredip, agladyp, güldürip bilen,
geýindirip, iýindirip,
maşyn-motora mündürip,
göz-gaş , burny bolmasa-da uz ýaşynan «gelinleri» bäbekledip, ekledip,
öýerip, köpeldip, öldürip bilen
ukybymyz bardy.

Enem aýtmyşlaýyn, gamsyz çagadyk.
Emma kepbäň arkasynda, saýada,
«Uly maşgalanyň» «keşgin çekýädik».
Ýarty keçä sygan teatrdyk biz:
guda-da giderdik, toýam tutardyk.
Diýjegmizi agzymyza salan ýok.
Biriniň sözüni gaýtalamadyk.
Mammyja-da bolsa, ýalňyşam bolsa,
ÖZ sözümiz bardy.

Iýjegmizem agzymyza salan ýok:
elim ýaly nany suwa basardyk,
onsoň bizden bagtlam ýokdur, baýam ýok.

Biz — Güne ýanan garaja gyzlar.
Mekdebe özümiz gitdik we özümiz geldik.
Hijimiz maşynly gatnadylmadyk.
Elimizden tutulyp, itilib-u-idilip, ýalbarlyp, ýakarlyp, eltilen däldiris.
Gulpagmyzdan çeken bezzatlaryňam
merkini özümiz berdik.
Ýogsa herimizde azyndan ýedi aga bardy,
ýedi-de daýy.

Kirlije, çorluja, porsuja däl biz,
Hapysaja däl biz, ýaltaja däl biz,
Ýo-ok, asssla betnyşan, myrdarja däl biz,
Biz — häki Güne ýanan garaja gyzlar.
Eder-goýaryny, bähbidin bilmez,
Emelsiz, ýalýagy, ysnatja däl biz.
Öýi-öý, köýi-köý, milleti-millet
Hatda döwleti-de döwlet edenler — şu garaja gyzlar!
YKRAR EDIŇLER!!!

Iliň hakyn iýmek diýmek ne diýmek,
Eklenmäniň ýeňil ýoly ne diýmek,
Gybat, töhmet, görip, bahyl ne diýmek,
Bilmeýän, bilmejek, bilmedik gyzlar.
Päkize, päkize, päkize gyzlar.

Biz asssyl garyp däl, han biz, soltan biz,
Garagum sährada biten tülpan biz,
Agaýunus, Meňli, Tumar, Gülpam biz.
Pamykdan, gaýmakdan materialymyz.
Gama batar ýaly biz... neýimiz egsikmiş?!
Nämämiz kemmiş, gününe ýandyklarymyzdan?!

Biz — topraga badaşan, zähmete bişen,
il-güne garyşan — bagta ulaşan,
düýnüň düýn, şu günüň şu gün bolmagy,
ertirleriň ertirlerniň,
nesilleriň nesillerniň
geljegi, geljegi, geljegi üçin
ägirt goşant goşan, goşýan we goşjak ýönekeýje gyzlar,
Häki Güne ýanan garaja gyzlar.

Bilinmese bilinmesin gadyrymyz!
Gymmatymyz bolmanda nä, bolmasyn?!
Gerekmişmi bize ykrar edilme?!
Inkär edenleňem agzy gyýşarsyn!
Ah, Selbi daýzam, ýaaa!!!
Ah, Selbi daýzam!!!

© Laçyn PÜRJÄÝEWA
15.11.2024 ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 59 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Zenan8609 • 20:02, 15.11.2024
Beýle-de öwünmek bor eken...
Şonda-da goşgy oýa batyrdy, kän zatlaň pikirini etdirdi.
avatar
0
2 Мango • 12:09, 16.11.2024
goşgusyny LP hanym täzejeligi bilen hem bu ýerde, hemem biz bilen paýlaşanyna minnetdar. belki Selbi daýzasyndanam öňürti biz okandyrys. :-)

---
biziň deň duşlarymyzam agaç bölejigine, tagtajyga mata sorap, sapak bilen saç ýasap... gurjak edinýänlerini bilýän. özem uzyn köýnekli türkmen gelinjigini ýasaýadylar...
Laçyn hanym çüýşeden ýasaýan eken gurjagyny.
nähili bolýa o? nähili çüýşeden? limonatdan boşan çüýşedenmi?

---
türk seriallaryny köp görýänligiňiz bildirýän ýerleri:

* Gama batar ýaly biz... neýimiz egsikmiş?!

* Ah, Selbi daýzam, ýaaa!!!

---
gowy goşgy.

Arwo Mets daýyň "ÝAŞ GYZLAR..."-y ýada düşdi.
avatar
0
3 Nurdаn • 18:01, 16.11.2024
"Hatda döwleti-de döwlet edenler — şu garaja gyzlar!
YKRAR EDIŇLER!!!".  Mbahhhhhh:))))) tekrar - tekrar õwünebilipdir)))
avatar
0
4 sussupessimist • 11:42, 20.11.2024
sagja bol, Güne ýanan garaja gyz!
avatar
0
5 Mekan • 19:19, 20.11.2024
"Hatda döwleti-de döwlet edenler — şu garaja gyzlar!
YKRAR EDIŇLER!!!".

Öz adymdan gürlesem... Ykrar edýän, tekrar be tekrar.

O wat kola baklaşka ýokdur da, şondan ýasasañ figurasy ha owadan bolardy (şakadyr).
avatar

Старая форма входа
Total users: 203