Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:22
Diagnoz 2

DIAGNOZ 2

Reňk goşuldy hyýallara
Aýakda durmazlyk üçin.
Maňa birazajyk endorfin,
Iki owurdam telbelik ýaz, lukman!
Bolmasyn hakykat garylan.
Ruhumy ugratjak, iki ýyl öň
Düwülip goýulan goşhaltam bilen.
Indi gitmegim gerek.
"Ynanma" — diýdi salgymlar
Iki jürdek mähire zarkam
Adamlardan.
Ýene ýaz sen gulagyma ylahy
Özümde täze bir ynanç döretjek.
Uçmazlyk erkinde däl eken guşlaň,
Uçýarkada däl olar erkin.
Bu eýýamda
Ýyldyzlardan paý ýetmedi gijäme.
(Bijinli mazarlar çelgi bolup dur
Barmagyny çommaldyp akly gijäne.)
Jentelmen ýaşadym başym selleli —
Bakyşy ýazykly, ýüregi salyk.
Myrtarlaşdym, hem aýnatdym
Gyzlaň gündeligine ikilik ýazyp.
Indi ysgyna gelýän, saýgarýan reňki.
Men gitmek isleýän, gelenok uklan.
Ýogsa-da,
maňa birazajyk morfin,
Iki owurdam tüsse ýaz, lukman!

© Rahat ŞYHYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 174 | Mowzugy paýlaşan: Şyhyýew | Teg: Rahat Şyhyýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 16
avatar
0
1 Lacrymosa • 17:41, 27.03.2024
okadym, 
ne diýjegmi bilmäp otyn
ýazyp dur diýäýmesem
şo iň neýtral hal
avatar
0
2 Küle • 18:58, 27.03.2024
Meň häzirki ruhy ýagdaýyma has ýakyn geldi. Haladym.
avatar
0
3 Medicall • 19:04, 27.03.2024
Umytjan, saña-da morfin ýazmalymy?!

Özemmara bular näme bejergi etmelidigini, haýsy derman ýazmalydygynam aýdýarlar nämede bolsa:)
avatar
0
4 Medicall • 19:09, 27.03.2024
Goşgyny haladym, 5 ýyldyz
avatar
0
5 Şyhyýew • 19:47, 27.03.2024
"Reňk goşuldy hyýallara"

diýip başlaýan bolmaly. Düzedişde ýalňyşlyk bolupdyr öýdýän.
avatar
0
6 Şyhyýew • 19:50, 27.03.2024
Laçyn hanym ne diyejegiňi bilmezlik gowa däl. Iň bolman pylçap goýber birki analiz.
avatar
0
7 Küle • 21:36, 27.03.2024
Bu günler samoleçenieden başyň çykmasa, arkaýyn keselläbem bolanok. Iki sanjymlyk dert üçin tas dograpdylar.
avatar
0
8 Medicall • 22:14, 27.03.2024
Analizlenmän, umumy barlagdan geçmän edilýan samoleçeniýeler bilen ilki öz dertlerini has çuñlaşdyrýar, çylşyrymlaşdyrýar adamlar, soñam lukmanlardan şikaýatçy bolýarlar:)
avatar
0
9 Medicall • 23:42, 27.03.2024
Şyhyýew, şu söz iñ başynda bolmalymy:

"Reňk goşuldy hyýallara"
Men aýyrdymmykam?!
şeýle bolsa bagyşlañ, görmän aýyrandyryn adyny ýokarda düzlejek bolup.
avatar
0
10 Medicall • 23:44, 27.03.2024
Dogry goýdummy ýerine?!
avatar
0
11 Lacrymosa • 19:21, 28.03.2024
6 teswire
Hasany aýlap göýbän-ä saňa-da!

derrew hakyllanarsyň

ana, myhmana seret, hasany bir aýladym, öýdäki sözünden çykybilmän otyr indi

iki sözüniň biri öýdäki-öýdäki bolaýandyr

nämemiş öýdäkimiş. hamala işdäkimiş, içdäkimiş-daşdakymyş, ýoldakymyş-yzdakymyşlaram bar ýaly, birnäçe çalşyrgyjy barmyş-da, biziň haberimiz ýokmuş
avatar
0
12 begenc • 19:47, 28.03.2024
Diagnozyňy goýduryp gel.
avatar
0
13 Şyhyýew • 21:24, 28.03.2024
Begam, bu köne diagnoz ahyryn. Hemem posta neçün komment galdyranyňy bilipjik oturandyryn, berebekgeý!
avatar
0
14 Seýrаn • 23:20, 28.03.2024
Gowy eken Şyhyýew.
avatar
0
15 Şyhyýew • 01:52, 29.03.2024
@Nurdan, dogry, sagboluň!
avatar
0
16 Pero • 07:54, 29.03.2024
Derdiñem,goşgyñam ýamman agyr eken, Şyhyýew!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203