11:54 Diluzyn / hekaýa | |
DILUZYN Reality Show Epizod 1. Göwreli gyz Alyp baryjy mikrofony mekdebiň girelgesinde somalyp duran, ýüzüne birgiden ownujak düwürtik ören okuwçy oglana uzadýar. – Öňler Zynatyň kän yzyna düşdüň, oňa lak atanyňda, mydama ýüzüňi alar ýörerdi. Ýaňy synpdaşyňy göreňde, ol hakda näme pikir etdiň? – Gelinlik bet gelşipdir diýip oýlandym. Okuw ýyly uzaldylmadyk bolsa, Zynat [Nämüçindir her kim onuň adyny ikinji bognuna basym berip aýdýar – alyp baryjynyň belligi) boýdaşlary bilen bir hatarda mekdebi iki örüm saçly, tahýaly gyzlygyna tamamlamaga ýetişerdem belki. Emma boljak iş bolansoň, ol öýmesiniň çowuny dişläp, gutardyş synaglaryna iliň soňunda barmaly boldy. Şonda-da dört-bäş okuwçyň gözüne ildi. Ertirden bäri garaşyp, synaga girmäge ýaýdanyp duran ýetginjeklerem, halys surnugan mugallymlaram Zynaty gören batlaryna janlanan ýaly boldular. Mugallymlar gezekleşip mikrofona kelle uzadýar: – Dogrusy, onuň mekdebi abat gutarmajagy öňdenem bellidi-le. – Ýöne, tüweleme, Aý ýaly gelin bolaýypdyr. Mekdebiň direktory teswir bermekden ýüz öwürýär. Toýdan öň Zynatyň aş saýlaýanyny bileninden soň iýeni aýry gitmeýän jorasy tizjek onuň bilen arany üzüpdi. – Ol öz ýeňilkelleligi zerarly agyraýak boldy – diýip, gamgyn jorasy uludan dem alyp gepleýär. – Men oňa kän duýdurypdym, gitme şol oglan bilen kwartira, gowlugyň üstünden barmarsyň diýip. Meniňem içimde syr ýatanok. Test alanyny, onuňam iki çyzyk görkezenini ejeme gürrüň beräýmenmi. Olam: «Gaýdyp şol göwreli gyzyň ýanyna baranyňy göräýmäýin» diýdi. Hernä, ony abraý bilen ýygnadylar. Näme diýeýin men?! Alny-bagty açyk bolsun! «Jora diýenim agyr günümde şeýdip dönüklik edip bilýän bolsa, gümünden aňryk gitsin!» diýip, Zynat öz ýanyndan muňa biperwaý görünmäge çalyşdy. Ol hut göwresinde göterip ýören çagasynyň kakasyna durmuşa çykanynam anyk aýdyp biljek däldi, onuň bilen söýüşýän wagty özünden bir ýaş uly başga ýigide-de göwnüni aldyrypdy. Mydama ýyly nazar bilen garaýan şol ikinji oglan gaýtam gyzyň gözüne has yssy görünýärdi, dogrusy. Zynat kamera bakyp: – Arman ol ýetde-gütdelikde ýaşaýan hojalykdan-da – diýip, gamgyn grimli klounlara öýkünip, dodaklaryny kemşerdýär, ýumrugy bilen gözünde ýok ýaşy süpürýär. Alyp baryjy ara goşulýar: – Kime arman, kime hernä? Aslynda, ol ýigidiň hemişe bir garny aç bolany üçin çöregi bitin eken diýjek tomaşaçylarymyzam bardyr, elbetde. Zynat ölçerip döküp, ahyrsoňy «Içimdäkiň kakasy şu!» diýip, güzerany gurat ýeri – prokuroryň ýeke ogly Nobaty görkezdi. Okuwy gutarmadyk gyzyna söz aýtmaga geljeklerini bileninde hem-de sawçylary «tilki» etmäge hakynyň ýokdugyna düşüneninde Zynatyň kakasy Parahat aga sögse-de, gargynsa-da, gyzyň özüne barmagyny batyrmady. Şarpygy, gamçyny, taýagy... garaz, çala dadanyňda doýdum diýdirýän ajy zatlaryň baryny ejesi iýdi. – Weh, howwa, ýençdim. Gyzyňy, gör, nähili ýetişdiripsiň diýip, temmisini berdim. Näler aýdypdym, berkräk dara diýip. Hana, indi ýüzümizi ýere saldy, namysa goýdy, it masgarasy et-dä bizi! Epizod 2. Toýuň hysyrdylary Gudaçylyk meselesini ýaşlaryň ejeleri özara çözlüşdiler, ile bellemşa bolmazlyk üçin dawa-jenjelsiz dil tapyşdylar, ärlerinem razy etdiler. Ähli däp-dessurlar göwnejaý ýerine ýetirildi. Sawçylar açyk ýatan saçakdaky çöregiň gyrasyndan gädip, «Ýitigimizi idäp geldik» diýip, matlabyny aýdanynda, Parahat aga olaryň ýüzüne seretmäge utanyp, telewizor görüp otyrdy. Ol ýerde bolsa amerikan kinosy gidip dur: çola ýerde maşynda oturan oglan bilen gyz birden şapbyl-şupbul ogşaşyp, eşiklerini çykaryşyp başlaýar. Öý eýesi ýaýlymy çalyşjak bolup, aldygyna pultuň düwmelerine basyşdyrýar, olam teý geçenok. Telewizora arkan ornaşan myhman aýallar gürrüňiň arasynda ekrandaky hezillige üns bermeseler bermezdem welin, gyzyň kakasynyň halys aljyrap, pultuň arkasyna kakyp oturşy olary yzyna gaňrylmaga mejbur etdi. Onýança filmdäki jübüt eýýäm doly ýalaňaçlanyp, haýdap yzky oturgyja geçipdi. Halys der basan Parahat aga gahar bilen pulty aýalynyň öňüne taşlap, gözlerini mölertdi: – Işlänog-a munyň! Batareýini çalyş diýmänmidim saňa?! – Indi söz gezegini öýlenen ýigide bereliň – diýip, alyp baryjy mikrofony uniwersitetiň dördünji ýylyny tamamlan talyp Nobata uzadýar. Ýigit uly joşgun bilen gepleýär: – Zynat üzümiň suwy ýaly owadan gyz bolansoň, beýleki ýigitleriň agzyny öweltmek üçinem ony ojagymda aýal edinip oturdanyma degýär diýip, nikamyza birjik-de garşy bolmadym. – Öň bir ýola serhoş wagtyň dostlaryň ýanynda Zynat hakda bir tüýsli, gelşiksiz gürrüňler edipdiň. Şondan utanmadyňmy? – diýip, alyp baryjy soraýar. Nobat ýeňsesini gaşaýar: – Jikme-jik hiç zat gürrüň bermedim-ä... Howwa, bile düşen suratlarymyzyň käbirini görkezipdim... Äý, görkezilen gyz kän, haýsy biridigini oglanlaryň bilesem ýok-la. Beýleki ýigidiň peýda bolmagyndan howatyrlanan Zynat «sim-kartymy ýitirdim» diýdi-de, telefon belgisini üýtgetdi. Ondan karty dikeltmäge derek, belgini çalyşmagyň nämä gerekdigi barada gyzyklanan adam bolmady. Nobat ýokary okuw jaýy gutarandan soň, harby gullukdan sypmagyň aladasyny edip ýördi ol wagt. – Tizräk iki çaga ýasap bolmazmyka? Gyz halkynyň aglaba bölegi ýaly, Zynat toýy uludan tutmagyň, uzyn guýrukly, fataly ak köýnek geýmegiň, azapdözmez aýdymçylary çagyrmagyň arzuwy bilen ýaşaýardy, emma garaşylmadyk hamylalygy zerarly ondan ýüregi sowan Parahat aga meseläni çürt-kesik etdi. – Men oňa gönümelläp: «Gyz tarapyň ýerine belaň sapyny görersiň» diýdim. Sag-aman ýygnasalar begensin. Paltalap öldürmänime şükür etsin-le, dü-ü-üýt, dü-ü-ü-üýt! Diýmäýin diýsem... Oglanyň kakasy Amanbaý aga-da duýdansyz çykdajylara jany ýanyp, Nobatyň öňünde şert goýdy: «Okuwa salmak üçin näçe pul syçanymy bilýäňmeý? Şonuň üçin 250 adamlyk ýönekeýje gapy toý edýäs. Düşdüňmi? Kaşaň toý isleseňem, maşynyňy sataý». Ulagsyzdan är bolmaz diýen pelsepä uýýan ýigidiň jogaby özüňe belli. – Palatkada et welin, maşynyma degme, kaka! Öňi-soňy Nobatyň ejesi Altynyň sözi ýol aldy: «Ýeke dikrarymyň toýunda pul tygşytlajak bolýaňmy, kakasy? Goýaweri! Ertesi gün bize ile çykmaga ýüz gerek». Mahlasy, uly restoranda 450 myhmanlyk toý etdiler. «Hezil toý boldy» diýşip, wideosyny henizem gaýtalap görüp otyrlar. Epizod 3. Seslek gelin Zynat toýdan alty aý geçip geçmänkä ýeňledi (çaganyň möhletden ir doglanyna hossarlaryň özlerem tas çyny bilen ynandy). Enesi bäbejigiň adyna Abat dakdy. Atasy: «Ogulgerek dakaýmaly ekeniň» diýdi, ýöne keýwanysynyň saýlan adyny makullady. Alyp baryjy mikrofony Halkara «Ene mähri» merkeziniň şepagat uýasyna uzadýar. – Çaga sagdyn, on iki süňňi abat dünýä indi. Ony inkubatorda ýatyrmaly hem bolmady. Jynsy – gyzjagaz. Agramy – 3,5 kg. Ýeri gelende belläp geçsek, biziň bäbekhanamyzda dünýä inýän çagalaryň we olaryň eneleriniň saglygyny goramak üçin ähli mümkinçilikler döredilen... Gaýynlaram, boýy ýeten baldyzam Zynaty örän mähirli garşyladylar, öýe bäbek getirilip, ene süýdiniň ysy ýaýran gününden soň-a ýaşmakly çepiksije gelni ýitirip tapan ýaly apalap, maşgala goşdular. Guda tarap bilenem gatnaşyklar tiz ýola goýuldy. Mikrofon Amanbaý agada: – Oglumyza ýaşajyk gyz alyp berenimiz gowy boldy. Aňy bişişmedik çaga, näme diýseňem, aýdylany alýa, oňa öz terbiýäňi berip bolýa. Plastilin ýaly eliňde mynçgalap, islän kaddyňa getiriberýäň-dä. Howwa. – Näme üçin çagalanyndan soňam Zynatyň ýaşmagyny aýyrtmadyň? – diýip, alyp baryjy Zynatyň gaýyn enesinden soraýar. – Ikinji agtykdan soň aýyrdaýaryn. Meniň pikirimçe, gelin bilen bellibir derejede araçäk saklamaly. Altynyň gelninde oňlamadyk ýeke zady – gije sesiniň gaty çykmagy. Ýogsam bu öýüň diwarlaram galyň, gapylaram aňsat-aňsat ses geçirmeýänlerden. Gaýyn enesi ýagdaýy Zynata nädip ýuwmarlap düşündirjegini bilmän, ilki kakdyryp gördi. Gyzyna: «Gije hor çekişiň bütin öýe ýaňlanýar, barymyza eşidilýär. Birneme ýuwaşrak bolaýarlar» diýdi. Gelin düşündi. Sesler birneme ýuwaşady, ýöne diň salsaň, gulaga ýetýärdi. Indikide ýumşaklyk bilen ogluna duýdurdy. Şonda-da, gulaklar birneme öwrenişeni üçin bolmagam ahmal, ýene tünüň ýaryndaky imi-salalykda ysgynsyzja iňňildi eşidilýän ýaly boldy durdy göwünlerine. Dogrusy, bu öýüň diwarlaram birgeňsi, sesleri ýuwudyp, soňam wagtly-wagtyna daşyna çykaryp, öýüň içinde gatnadýana meňzeýär. Gijelerine goňşy otagdan gelýän owazlara birneme gobsunyp ýatýan Amanbaý aganyňam soňky döwür ýassykdaşyna mähri artdy. Klimaksy geçirip ýören Altyn soňabaka özi bilmezden ärini seslek gelin bilen ýeke galdyrmaga gorkup ugrady. – Aý, gelinjigimiz ejizje-dä – diýýär Altyn. – Ýaşlary tizräk göçürmesek boljak däl. Özlerine aýry tünek edinýänçäler eşitmezlige salmaly bolar. Epizod 4. Döwlen hozuň içinde Nobaty «ýaramly däl» edip, harby gullukdan alyp galdylar, tanyş görlüp, ol derrewjik gazançly bir edara işe ýerleşdirildi. Toýdan iki ýyl soň gaýyn atasy ýaşlara niýetläp, prokuraturanyň işgärleri üçin gurlan täze jaýlaryň birinden dört otagly öý satyn aldy. Emma Nobat bilen Zynat ol ýere göçüp, özbaşdak hojalyga öwrülip ýetişmänkä, Amanbaý aga tussag astyna alyndy. – Ony nämede aýypladylar? – diýip, alyp baryjy Baş prokuraturanyň umumy gözegçilik bölüminiň korrupsiýa garşy göreşmek bölümçesiniň uly prokuroryna mikrofony uzadýar. Prokuror alyp baryja gözüni alardyp seredýär. – Size bu gepleşigi düşürmäge kim rugsat berdi? Öňki düşewüntli wezipesinden boşadylan Nobat kiçeňräk firma işe geçdi. Bu ýerdäki başagaýlyga garamazdan alýan ujypsyzja iş hakyny aýalynyň, çagasynyň, ejesiniň hem-de durmuşa çykandan soň aýrylyşyp yzyna gelen gyz jigisiniň eklenjine ýetirinmeli. Günde halamaýan işini etmäge mejburlygy zerarly onuň tutuş süňňüne hiç aýrylyp gidibermeýän argynlyk siňip galdy. Ýadawlygyny nirä, nämä, nädip çykarjagyny bilmänsoň, çala bahana tapdygy, öýündäkilere iňirdäp ýörenden boldy. Aýallar öýüň ýeke erkeginiň igenjini tabynlyk bilen çekip çydaýardy. Ýöne howada elmydama tüsse ýaly ajy dartgynlyk gaýmalaýardy – şepbik garaguruma çalymdaş ýakymsyz dartgynlyk. Nobat her agşam öýe göwünli-göwünsiz dolanýardy, köplenjem içgili halda. Paketde kileleýin hoz getirip, telewizoryň öňünde zol-zol şolary çekiçläp, çakar oturar. Maňzyny pytratman, bitewiligine alybilse, ony içgin synlap: «Bä-ä, munuň adam beýnisine meňzäýşinäý! Barypýatan gudrat» diýip, her gezek geň galar. Öýdäkiler gapdalynda ornaşyp, maňyzdan dadyp ugrasalar, agyzlaryna garap, oýa batar. – Beýnimi iýýärler. Zynat öz durmuşyny beýle göz öňüne getirmändi, mydama özünde garamaýak köpçüligiňkiden tapawutly, gaýgy-aladasyz ýaşaýşa getirjek üýtgeşikligiň bardygyna ynanýardy. Gaýyn atasy basylmanka bu hojalykda geçiren iki ýarym ýylynyň dowamynda, bolmanda, şol elpe-şelpeligi dadyp gördi. – Nähili elpe-şelpelik? – Islesem, deňizde dynç alýan, islän biçüwimde eşik tikinýän, gymmatbaha sowgatlaryň özi üstüme ýagyp dur, çagama gaýnym bilen baldyzym seredişýär. Käbir deň-duşlarym ýaly aşhanada çüýremeli bolmadym, köplenç nahary sargap getirdýärdik, ýa-da, gözel göwnüň, kafede, restoranlarda iýip-içýäň. Indi bolsa, artyp galan Instagramy ýa TikToky işletmek üçin gerekli VPN-iň tölegem artykmaç çykdaja öwrüldi. Ýöne... – Zynat kamera gözüni gypyp, mikrofona pyşyrdap gepleýär, – mende dünýäni haýran etmäge gowy mümkinçilik döredi... Epizod 5. Dünýäni haýran etmäge gowy mümkinçilik Bir ýola saçak başynda üýşüp, agşam şamlygyny edinip otyrkalar Nobat gyzyna käýinip ugrady-da, yzýany adata öwrülen rikoşete görä aýalyna hüňürdemäge başlady. – Bolup oturşyň nähili, Abat? Gutabyňdaky bar süzmäni ýüzüňe çalyp çykypsyň-a. Seret-dä, haw, gyzyňa, üsti-başy çyr-çyrşak, burny-gözi durşy bilen süzme bolup dur. Çaga göz aýla ahyryn... Gyzjagaz birde elindäki gutaba, birde daşyndakylara gözüni mölerdip, ýüzüni aşak saldy, soňam burnunyň ujundaky süzmäni dili bilen ýalap goýberdi. Esgi alyp, gyzynyň ýüzüni süpürmek üçin ýerinden turan Zynat çagasynyň eden hereketine aňk boldy. «Waý, Alla janlarym, bu çaganyň dilini! Itiňki ýaly edip, burnuna ýetirip dur». – Diljagazy öňem uzynjady, balamyň – diýip, gaýyn enesi Altyn uklap galan alyp baryjynyň elinden mikrofony gaňryp alýar. – Syrkawlan wagty bokurdagyny görjek bolup, agzyny açdyranda lukmanlaryň gulagy galýardy. Kamera: «Howwa, dogry aýdýar, täsin!» diýip, Altynyň sözüni tassyklaýan harry gulak lukmanlary görkezýär. – Tüweleme! Daşary çykamyzda, goňşularam haýran şoňa. Ekranda goňşy daýzalar peýda bolýar: «Aýtma, gy-y-yz, diliňi görkezäý diýşip, çagajygyň ýüregine-bagryna düşýäs». – Olam içlerini ýakyp, görkezäýenok. Oýnatgyňyz barmy diýýän ýaly, balajygym, eminden gelýär-le. Menem: «Göresiňiz gelse, muzduny töläň» diýýän. Ha-ha-ha... Mikrofon ýapyrylyp, hoz döwüp oturan Nobatyň agzyna eltilýär. – Dili mundanam beter ösüp gitse, gözüne düşüp duran saçynam özi ýalap aýrar-da. Ejesinden-ä darap beren bolmaz. Çagasynyň adatdan daşary uzyn diliniň bardygyndan Zynat, elbetde, habarlydy, ýöne ol derejede ösüp, süýnüp gidiberendir öýtmändi. Öz dilini çykaryp gördi, bar güýjüne uzadanynda, ýokarky dodagyndan çalaja geçirdi. Nobatyňam dili gysga. «Toba, kimiňkä meňzedikä?» diýip oýlandy gelin. Zynat internetde dünýädäki iň uzyn diliň eýesi hakdaky maglumaty gözläp tapdy. Hindistanda ýaşaýan 20 ýaşly ýigidiň dili tas 11 sm ýetýän eken. Kaliforniýada ýaşaýan ýene bir adam dilini burnuna, tirsegine dagy ýetirip bilýän eken. Gyzlaň arasynda dünýäde iň dili uzyny Germaniýada ýaşap ýör. 12 ýaşly ol gyz agzyndakysyny esgi ýerine ulanýarmyş, uzynlygy – 7 sm. Ertesi irden oýanan badyna Zynat Abatjygyň dilini ölçejek boldy. Görmek üçin ýalbar-ýakar etdi, netije bermänsoň, haýbat atdy. Çaga aglamjyrap, dilini çykaranynda, çyzgyç tutup seretdi. Gyzjagazyň diliniň uzynlygy hem 7 sm bolup çykdy, ýöne nemes gyzdan tapawutlykda, bu çaga ýaňybir 4 ýaşynda. – Diýmek, dili ýene uzar gider-dä, dogry gerek? Beýlekileriňkem häli-şindi ile görkezip ýöreni üçin uzandyr. Gör, Kaliforniýadaky diluzyn adam bu aýratynlygyndan peýdalanyp, ençeme ýurt gezipdir, dünýäni görüpdir. Her öňýeten kirpik, dyrnak ýaly zatlar bilenem Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyryp ýör. Näme üçin meň çagam dünýä belli bolmaly däl? Epizod 6. Türgenleşik Zynat Ginnesiň kitabyna ýazylmagyň düzgünnamasy bilen tanşanynda, özi üçin birgiden ýakymsyz açyşlar etdi. – Rekord üçin pulam tölänok ekenler, husyt meýdi ýanmyşlar! Gurama, gaýtam, ýüz tutýan adamlaryň özünden 700$ soraýar. Töleseň, 5 günüň dowamynda ýüzlenmäňe seretjekler. Bolmasa-da, mugtuna azyndan 12 hepde garaşmaly. Iki ýarym aý. Bagty çüwse, rekordyň eýesine sertifikat gowşurylýar, ady kitabyň indiki neşirinde ýazylýar. Onsoň her dürli telegepleşiklere çagyrylýaň. Zynat Ginnesiň rekordlar kitabynyň salgysyna hat ýazdy. Abadyň diliniň uzynlygyny 7 däl-de, 8 sm diýip görkezdi. – Jogap gelýänçä, emelini tapyp, süýndüreris. Ginnese ýüz tutandygyny gelin hiç kese aýtmady. Çagasy bilen ýeke galanynda oňa dilini çykardyp, eýläk-beýläk aýlamagy, tirsegine ýetirmäge synanmagy tabşyrdy. Çaga aglap, diýleni etmese, kä süýji-şokolad wada berip yrdy, käte-de urup-sögüp diýenini etdirdi. Abat ejesinden gorkup ugrady, emma hiç kimiň ýanynda türgenleşik hakda ýeke agyz dil ýarmady. Öňlerem juda geplemsek bolmadyk gyzjagaz soňabaka asylam öýke-kinesini ýuwudyp, agzy mumlanan ýaly gezdi ýördi. Kakasam, ejesem elmydama üstüne käýinip ýörensoň, günäniň özündedigine ynandy. Bu zatlary beýleki çagalardan tapawutlandyrýan süýri dilinden gördi. Multfilm görende deň-duşlary özlerini şazada ýa şa gyzlaryna deňeseler, ol mydama özüni ikinji derejeli betgelşijek gahrymanlara meňzedýär. – Serediň, ine, men... Men, hanha, şol itjagaz... Bir ýarym aý geçensoň Zynat gyzynyň dilini çyzgyç bilen gaýtadan ölçedi. Onuň bary-ýogy 20 mm uzanyny görüp, gaharlandy. Bahym: «Subutnamasyny iberiň» ýa-da «Beýle täsinligi gözümiz bilen görmek üçin özümiz barýas» diýip, Ginnesiň rekordlar kitabyndan habar geläýse nätmeli bor? Mundan soň gelin çaganyň diliniň ösmegine öz eli bilen ýardam bermeli diýen karara geldi – elligini geýip, çaganyň dilini çalajadan çekeläp başlady, ony sakgyç ýaly süýndüräýjek boldy. Gyzjagazyň haýyna-waýyna gulak asman: «Agyrýa» diýse-de dowam etdi: «Hany, jögüleme, gaty çekemok ahyryn. Çykar diliňi!» Iki hepde soň Abat ýarawsyzlyk tapyndy. Alyp baryjy mikrofony stomatolog lukmanyň agzyna tutýar: – Çaganyň dili güp ýaly çiş. Ýuwdunmasy, geplemesi kynlaşypdyr we demgysma peýda bolupdyr. Gijelerine wägirip turýar. Dilinde goçbuýnuz şekilli tegmiljikler emele gelen. – Dil boldumy, göz boldumy, bilmedik – diýip, sözüni bölen enesine lukman pert jogap berdi. – Glossitiň bir görnüşi boldy. Çagasy gutulýança Zynat onuň ýanyndan aýrylmady. Laýyk bäş aý soň gelniň elektron salgysyna hat geldi. Gara penjekli, çypar ýüzli, sarymtyl-ak saçly adam mikrofonyň öňünde durup, äýnek dakynyp, elindäki haty okap başlaýar: – Ýüztutmaňyzda görkezilen rekordy Ginnesiň ahlak kadalaryna laýyk gelmeýänligi sebäpli nazara alyp bilmeýändigimizi habar berýäris. Rekordyň eýesi azyndan 12 ýaşanyndan soň guramamyza gaýtadan ýüz tutup bilersiňiz... Hata howul-hara göz gezdiren Zynat biperwaýlyk bilen sahypany ýapdy. Ol gyzyny çagalar bagyndan getirmelidi, agyraýak halyna yzyndan gatnamak barha kynlaşyp barýardy. Gelin öz ýalňyşyna düşündi hem-de bir zada göz ýetirdi: – Çagany heniz bäbeklikden saýlanmanka taýynlap başlamaly. © Maksat BÄŞIMOW | |
|
Ähli teswirler: 9 | |
| |