Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:06
Diri öli

DIRI ÖLI
(hekaýa)

...Irden oýananda ol özüniň ölendigini duýdy…
Ýöne, aljyramady.
Tolgunmadam.
Dagy, nähili bolsun?!
Näme, ölüler aljyrap-tolgunar ýaly, olarda duýgy bolýarmy?!
Ol öli ahyry.
Sop-sowuk jeset.
Düşeginde, ellerini kellesiniň aşagyna sokup, gözüni dikmaýtaryna dikip ýatdy.
…Güýz ortasynda şahasyndan tänip, kätebir ýere gaýýan, sary tut ýapraklary deýin, birlän-ikilän, seýrek, duýgusyz pikirler bolsa, aňynda emele gelýärdi-de, derrewem yzsyz-tozsuz ýitip gidýärdi.
Öýde ümsümlik.
Çagalary-aýaly ýok.
Okuw ýyly tamamlandy. Ejeleri bilen mamalarynyňka dört-bäş günlük gitdiler.
Ýeri, indi onuň özi, bu ölüligi bilen näme etmeli?!
Hymm…
Näme etmekden Hudaý saklasyn!
Ýeri, ölüpsiň taň edipsiň.
Näme “öldüm” diýip, dünýeden bizar bolup ýatmalymy?!
Ölseň ölüpsiň-dä.
Ýeriň ýüzünde ölýän gytmy?!
Şolaryň birisiň-dä.
Öldüňmi?!
Bolupdyr-da.
“Beterinden Hudaý saklasyn!” diýäge-de, edenine şükür edip, öleniňe kaýyl, ýaşabermeli bolar-da…
Dagy, näme etjek?!
Ol islemezlikden doly biparhlyk bilen düşeginden turdy.
Dälize çykdy.
Hammama girdi.
Göýä, näme işlejegini bilmeýän dek, hammamyň bosagasyndan ätlän ýerinde oýurganyp durdy.
Ýuwunmankaň, ilki ýeňlemeli dälmi?!
Ýogsa-da, ölülere ýeňlemek, ýuwunmak gerekmikä beri?!
Iňkise gitdi.
Ýeňsesini gaşady.
Ençeme ýyllap dowam edip gelýän endikleri, onuň böwrüne dürtüp, günde irdenki edýän hereketlerini gaýtalamagy talap edýärdi.
Şol endikleriň döreden biynjalyklygyndanmy nämemi, näme üçindir kellesinde däl-de, böwrüniň çepinde bir ýerlerinde anyk oýlanma emele geldi.
Işe gitjek bolsaň, porsap-aňkap gidib-ä bolmaz, şonuň üçin ýeňlemelem bolar, ýuwunmalam…
Onuň buz ýaly sowuk biperwaýlykdan püre-pür göwni, bu pikire geň galdy.
“Işe gitjek bolsaň” diýýäňmi?!
Näme, işe-de gitmelimi?!
Ol öli ahyry.
“Ölüler işe gidýän däldir-ä?! Ýa gidýärmi?!” diýip ol, ikirjiňlenip, böwrüne geňeşdi.
Böwrüniň çepinde öz-özünden döreýän parhsyz pikir, hiç hili buýtar-suýtara ýer goýmady. Çürt-kesik jogap gaýtardy.
Hawa gidýär.
Başga nähili bolsun?!
Bu jahanda, sen öli bol, diri bol, eliň-aýagyň gymyldaýan bolsa, hökman işe gidäýmeli!
Çep böwrüniň jogaby, ony gutulgysyz takdyra ten berer derejede kanagatlandyrdy.
Öwrendikli hereketler bilen ýeňledem, ýuwundam.
Ertirlik welin, iýmedi.
Ilki bilen-ä, ölülere iýmit nämä gerek?!
Galyberse-de, onuň endikleriniň gyşarnyksyz yzygiderlilik bilen amala aşyrylyp durmagyna jogap berýän hem-de berk gözegçilik edýän çep böwrem, bu niýetine garşylyk görkezip durmady.
Megerem, şu hereketiniň şeýle bolmalydygy, onuň gündelik edähetler ulgamynda öňem ornaşdyrylan bolara çemeli.
Endikli ýoly bilen, günde gatnaýan awtobusyna mündi. Düşdi. Işine bardy.
Günde salamlaşýan işdeşleri bilen adatdakysy ýaly salamlaşdy, hal-ahwal soraşdy.
Hemişeki iş ýerine baryp, gündelik edýän işleri bilen endikli meşgullandy.
Günorta naharyna gitmedi.
Çünki ölülere iýmit nämä gerek?!
Galyberse-de, özi üçin derkary ýok zatlara pul sarp edip, näme, ol, ömürboýy urşup-urjaşyp toplan müňläp düýe ýüki hazynasy bilen, Müsüriň ähreminde (piramida) jaýlanan pyrgaunmy?! Hä?!
Ýok.
Ol, adaty bir, gün-güzeranyny zordan aýlap ýören öli.
Onuň her teňňesi hasaply.
Şonuň üçinem, ölülere iýip-içmek zerurlygynyň ýoklugy, bir tarapdanam gowam boldy. Tygşytlylyk üçin. Gara bokurdagyna siňdirmedigini başga derdine ýaradar…
Gijara, iş wagty tamamlanandan soň, adaty gaýdýan wagtynda öýüne gaýtdy.
Geldi.
Eşiklerini çalyşdy.
Ýene-de hiç zat iýmän, irdenki ýygnalmadyk düşegine geçip süýndi…
Ertesi günem düýnki güni gaýtalandy.
Birigünem…
Soňkusy günem…
Özüniň eýýäm üç-dört gün mundan ozal ölendigini bolsa hiç kime aýtmady.
Dagam, aýdarmy?!
Ýene-de näme?!
Näme, ol, ölse-de jaýlanman, adamlaryň arasynda ap-arkaýyn gezen bolup ýörendigini her öňýetene gürrüň berer ýaly, samsykmy?!
Dirikä-de ol akmak bolmandy, öleninden soň-a hasam akyllandy. Sebäbi öň dirikä, her niçik-de bolsa, käte-käte duýgularyna tabyn bolup, nähilidir birhili manysyz, tenteksi hereketleri edip goýberendigini özem duýman galýardy.
Indi öleninden soň-a şol ýetmezi hem aýryldy. Sebäbi onda duýgy ýok. Diňe endikler galdy.
Kimdir biri bilen derdiňi paýlaşsaň welin, goý, ol hatda, iň ýakyn dostuň bolaýsyn, agyz-agyzdan ýel alar-da, birje gün geçip-geçmänkä, onuň öli halyna dirileriň arasynda gezip ýörendigi äleme jar bolar.
“Ikiň bilýänini item bilýär” diýilmeýärmi?!
Onsoň bu habary eşiden adamlaryň nähili hereket etjekdiklerini bir Alla bilýär.
Hemmä mälim.
Adamlaryň aglaba köpüsi, hemme zatdan beter, ilki bilen görip bolýar.
Onsoň olaryň: “Biziň merhumlarymyz-a, il deňinde etmelisini edip, aradan çykandan soň mazarlarynda gymyldamanjyk ýatyrlar! Bi bolsa, ölenem bolsa, ile meňzeş bolubermän, aramyzda entän bolup ýör! Uly iliň ölüsinden onuň nämesi artykmyş?! Ýa, iliňki ýaly, öldümi, göründe gömülsin, ýa-da beýdip, mundan buýanky beýlekilerden artykmaçdygyny sereşlän bolup, güjeňläp ýörmän, hassahana girsin-de, kellesini bejertsin!” diýip, üstüňe dübläp başlamajakdyklaryna, kim güwä geçer?!
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ol, öz ýagdaýy barada hiç kesiň ýanynda, kelam agyz dil ýarmady.
Diňe onuň öleninden soň bäş-alty gün geçip, atasy öýünden gelen aýaly, onuň öňküliginiň ýokdugyny, özüni alyp barşynyň düýpgöter üýtgändigini gördi.
Özem, ýüzüniň hamy saralyp, itiň hory bolup galypdyr.
Assyrynlyk bilen doganlaryny çagyryp, ony aldap-ogşap, hassahana, barlagdan geçirmäge alyp gitdiler.
Psihiatr lukman, ony tas bir güne ýakyn wagtlap öwrenenden soň: “Kotaryň sindromy” diýip, diri öliniň keselini kesgitledi…
Emma ol, öz keseliniň kesgitlemesi bilen ylalaşmady.
-Dogry, inkär edemok. Men öldüm! Ýöne meniň aklym siziňkiden düzüw! Özüme “däli” diýdirip, namys astynda galanymdan, zombi bolup mert gezenim ýagşy! Men däli däl! Men zombi!-diýip, şol gaýtalady oturdy…

© Serdar ATAÝEW

Çeşme: https://makalam.com/diri-oli-hekaya-783/
Görülen: 107 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Lacrymosa • 17:35, 15.12.2023
hawa, maşgala diýen gymmatlyk bolmasa adam-adamzat zombilaşmak bilen bolar.
,,Perzent seni sana salar'' dp 1 nakyla sygdyryp goýberýä türkmen bu hekaýanyň mazmunyny, ideýasyny.
şeý diýsem, sögüşmäge gelmezmikä Serdar aga :))
avatar
0
2 Мango • 17:46, 15.12.2023
belki psihiatr lukman, oňa “Kotaryň sindromy” diýip, dogry diagnoz goýandyr.
avatar
0
3 Mekan • 19:11, 15.12.2023
Бред Котара, также известный как синдром ходячего трупа или синдром Котара, представляет собой редкое психическое расстройство, при котором пострадавший человек придерживается бредовой веры в то, что он мёртв, не существует, разлагается или потерял свою кровь или внутренние органы
avatar
0
4 Küle • 21:16, 16.12.2023
Öziýa bir zad-a ýetenak...
avatar
0
5 Mekan • 22:15, 16.12.2023
Ýada birzatlar artyk
avatar
0
6 sussupessimist • 02:35, 17.12.2023
«Ölümiň bize galtaşyan yeri yok; biz barkak, entek ölüm yok, ölüm gelende-de eyyàm biz yok», diyipdir bir döwür Epikur Nejep Bayada (indi "Dostlarymyň biri aydypdy şony" diyip, yadyna salyp bilmàn otyr...)
Ahyrsoňy özüniň zombidigine düşünen bolsa, entek munsunyň kliniki ölümdigine umyt bar.
Yone beyle gogolpisint syuźete yumor yetmeyän yaly bolup dur.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203