Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:35
Diý...

DIÝ

Öňki näziň bilen çagyr sen meni,
“Şol öňki-öňkülik, öňki ýoda” diý.
“Hiç ýerinde goýmadym — diý — germewi”,
“Görkezmedim ýakynyma-ýada” diý.

“Aý-aýdyň” diý,
“Öňküsi deý garaýar — diý — asmandan”,
“Aýaklarňa päsgel bermez da:şlar” diý.
“Ýadama — diý — maňa gulak asmadan”,
“Yza: be:rmi gurap galan başlar?!” diý.

Diý: ”Sanama ýyl dolduran günleri
Ýatlanyňda pursatlaryň geçenni.
Ýyllar bilen gitdi köne gülberi,
Boşap galan ýeri aýdar göçenni”

Täze küýzäň suwy sowuk köneden,
Täze günler duýgulary täzelär.
Diý-de: ”Kalbym ara açdy kineden”,
Öňki-öňkülikde bol sen, täze ýar!

© Allanazar REJEBOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 146 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Küle • 23:33, 04.04.2024
Bir zat diýmeli bolsa, "bilmedim-dä" diýäýmesem
avatar
1
2 aygull • 12:06, 05.04.2024
Lirikasyn-a başdanam duýup bolýar welin, kada berk eýeriljek bolup, duýgular erkine goýberilmedik ýaly. Guş ganatyny açjak bolýar, yzyna ýygyrýar...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203