22:54 Dokmakiýaź / hekaýa | |
DOKMAKIÝAŽ Tutuş hekaýa taýyn bolsa-da, giriş sözlem gerek bolýar. Ýöne Desse çykalga golaýlanynda, bir zada ahyry anyk göz ýetirdi. Şu uly markediň içindäki hyzmat edip ýören gyzlardan başlap, daşyndaky gyzlaryň hem bary biri-birine meňzeýär. Ýeke tapawut – eşikleri. Bir sagat ozal Gözginiň garşysynda oturdy Desse. Özüne seretdi. Owadandy. Özboluşly däl. Gopbamsy we dymma. Haýbatly bakyşlarynyň astynda durmaga hiç bir ýigit häzirki güne çenli het edip bilmedi. Söýgülisi ýokdy. Iň esasy zat: kitap okaýardy. Moda kowalaşýardy. Şu gezegem öýüniň golaýyndaky markede gitmek üçin geçipdi aýnaň öňüne. Asyl nirä gitse-de makiýažsyz çykanok. Galňadan gaşlarynyň üstünden ýukajyk darak ýöredýär. Iňňe sanjylan dodaklaryna ülje reňkini çaýmasa-da zeleli ýok. Elleri bilen saçlarynyň petini açýar. Sary bilen goňuryň ünjüsiz sazlaşygydy reňki. Gabaklary garamtyk. Ýarym sagat soň, ynha: taýyn. Gapyny açdy, basgançakda çalasyn daşlaşyp barýan aýak sesi ýaňlandy. Ýokarky goňşy jorasy. Olam özüne meňzeş. Işe barýan eken, ähli aladalaryny bir ýana goýup, bökjekläp barýar, makiýažly. Içine bürendi ýene-de Desse. Okan kitaplarynyň biriniň gahrymanyny ýadyna saljak boldy; Julia*. Özi bilen ýaşytdaş bolmaly. Ol beýle boýanmasa-da owadandy. Gözöňünde şony eýläk-beýläk ýöredip gördi, moda podiumunyň üstünden. Özüni göresi geldi onda. Ýöne munuň üçin beýin damaryňy tutmagyň hajaty ýok. Edil şu wagt töwereginde gözüne ilýän gyzlaryň ählisi özüne çalym edip dur. “Men barybir bulardan owadan!” Marketden ýekeje çörek aljakdy. Munuň üçin azyk harytlarynyň duşundan ötüp, himiýa bölümine bardy. Täzelik agtardy, her dürli üýtgeşiklige durky bilen açykdy Desse. Del ýurtlardan getirilýän kosmetikanyň we parfýumeriýanyň aşygydy. Kömekçi gyz ýetişip geldi: “Näme gözleýäňiz, kömek edeýin?!”. Desse gözlerini süzüp, oňa göwnüýetmezçilik bilen äňetdi. Gören badyna gözlerini ýalpa açdy. Ýylgyryp duran gyz – özünden biraz boýy kelte, çepiksije Dessejikdi. Syr bildirmedi: “Özüm görüşdirerin”. Gapynyň daşynda bir daýza gyzgynjak mekge satyp oturan eken. Iýesi geldi Dessäň. Birine duz sepdirdi. Üfläp-üfläp sowatjak boldy. (Ol daýza hem özüne meňzeýärmi-ýokmy, Desse üns bermedi). Bugy öwsüp duran mekgäni güberçek dodaklarynyň arasynda goýup, gür dişleri bilen kertdi. Dili bişdi, süýdüni, tagamyny duýdy. Şeýle görmegeý gyzyň adaty boýdaşlaryna mahsus sadalyk bilen mekge gemrip barşyna iki-ýeke oglan-uşak haýran galmanam durmady. Desse ony magat duýýar. Ýolda käte telefonynyň ýüzüne seredip, öz görküne özem aşyk bolýar. Şularyň we ýene-ýeneleriň gapdalyndan geçdi-de, ýaňadan öz ýalňyzlygyna barha ýakynlaşyp, öýüne girdi, alanjalaryny bir çete goýup, otagyna ýumlukdy. Yzyna düşürip ýören yzgytsyz ünjüsi hem ýanynda çökdi. Ol şatlanmakdan, joralary bilen bir ýere gitmekden saklanýardy. Gitse-de özüne çäk goýup, iýýän naharynyň, içýän kofesiniň, barmak yzynyň ýalňyşlyk bilen gözüniň gytagynda, dodagynyň kenarynda, burnunyň ujunda yz goýmagyndan gorkdy. El bilen ýasalan ýaly bolmalydy bar zat. Oňa telewideniýede şeýle öwredilipdi. Tas ýatdan çykypdyr: ýylgyrmalydy hemişe, şatlykdan ýa gam-gussadan bolsa-da. Ullakan aýnasynyň garşysynda oturyp, ýolda-yzda ulanýan kiçijik gözgüsini aldy eline. Bir gözi sygýardy oňa, gezekleşdirip seretdi. Dodagyna garanynda, çalaja müňküldetdi, öpjek ýaly edip çommaltdy. Öpesi geldi kimdir birini, möwjän duýgulardan ýaňa, ýerinden turup, uly aýna ýakynlaşdy, näzik deminden çala bugarjak ýaly etdi aýna. Öpdi. Özüni öpdi, aýnada yz galdy. Soň ýaňaklaryndan ogşady, ülje reňkli yzlar ýaňaklaryny gyzartdy. Ullakan dörtgyraň aýna äňedip oturşyna, birden gazamatyndan halas bolasy geldi, açaryny ele salan, gözenegiň gulpy ýaly saklap duran gözgüli pudrasyny bat bilen pylçap zyňdy. Şojagaz urga, göýä, ozalam garaşyp ýören aýna pagyş edip, töwerege çym-pytrak saçylyp gitdi. Onuň aňyrsynda gizlenen ençeme Dessä meňzeş gyzlaryň eline bir döwük aýna düşdi. Gyzlar aýnadaky serpikmelerinde daşky ýüzlerinden beter, içindäki dokmakiýaž düşünjesiniň asyl durkuna göz ýetirdiler. Bar güýçleri bilen ellerindäki döwük aýnany gysyp, kesilen elleriniň owuçlaryndan syzýan ganyň gyzylyny dodaklaryna damdyrdylar. Ýüregindäki aýnada bukulan gül görmekleriniň täsirine ýylgyrdylar. Dialog – Mugallym, dokmakiýaž näme diýmek? Goşulyp ýazylýar. – Beýle söz ýok. – Bar, şu wagtjyk hekaýa okadym. – Bir şäheri, ýurdy, otagy göz boýamak üçin wagtlaýyn hetden aşa bezemek. – Men-ä gyzlaryň ýüzüne-gözüne ony-muny çalynmagydyr öýdüpdirin. – Ýok, o däl. Makiýaždan ýadap halys bolmak – dokmakiýaž. Şäher reňbe-reň öwüşgini bilen Aýa nazaryny aýlady. Dolan Aýy ençe günden soň görenine begendi. Ýogsam kiçelip, ulalyp, bir ýerde durman, şäheriň başyny aýlapdy. Elinden hiç zat gelmeýän Aý, naýynjar bakyşyny edip, ýükli bulutdan boşandan soň şäher bilen salamlaşdy. Kölçede suduryny has ýakyndan görkezdi. Ony-da şuwlap barýan ulaglaryň biri basyp geçdi. Bu şäher çyra küýseýärdi, asman küýseýärdi. Her ýerine biri-birinden owadan, şol bir wagtda-da ekiz aýdymlar ýaly biri-birine juda meňzeş ysyrga çyralaryny dakynyp çykypdy. Gündizi-gijesi birini eýlekisinden tapawutlandyryp bolmaýan jaýlarynyň arasynda diňe özüniň aýnadaky şekili bardy. Şäher bir beýik binaň soňky gatyna çykyp, birmahallar köňlüniň tekjelerinde bukup goýan, üsti kereplän duýgularyny daşyna çykarasy geldi. Yzgar düýşleriň üstünde durun Asman jähekleriniň küýsegi bilen Nirä ätsem demir, ýylmanak daş, adam eli we men Meňzeş ýöreýişleriň parhly bolmaga ymtylyşy ... Eý, keşpden keşbe girýän Aý Güneş seni ýakmaýan wagty Ýyldyzlara salamym ýetir “Nätüýslek ýazyldaý bi, uzak ýazjakdym, gaty uzak boldy”. Şäheriň böwrüne ullakan ekskowatoryň agyr susgujy bat bilen zarba urdy. Ýüregi sarsdy. Toprak döküldi. Ýene urgy. Ýene daş garyndyly toprak akdy. Täze ýerde üýtgeşik, owadan, adamlaryň ýörite gül desselerini taşlap gaýtjak binasynyň ilkinji zarbalary urulýar. Nähili ajaýyplygyň gözbaşy! Säher bilen adam hasyrdysy başlady – edaralar, okuwlar, kybapdaşlyklar. Ençeme ýaşytdaş düşünjeler parhly-parhly ýollar bilen biri-birleriniň üstüni ýetirmäge howlugyp barýar. Ýöne şonda-da, bar emeliligiň berýän içýakgyç aýnasy bilen, özüni özünden daşlaşdyryp barýan ugur bilen, biri menzilinden uzaklaşyp barýar. © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |