01:05 Dolanmadyñ | |
DOLANMADYÑ Ondan bäri köp wagt geçipdir. Tebigat özüniñ täsin donuny näçe gez çalyşyp, nijeme bezenipdir. Emma şol iñ soñky gün meniñ hakydamda müdümilik ýazypdyr Seniñ soñky sõzleriñi, ebedilik keşdeläpdir syrdam keşbiñi gõzlerime, baky ornaşdyrypdyr beýik duýgyñy pikirime. Hawa, şol gün. Howa gyşyñ günüdigine garamazdan Gün bulutlaryñ arasyndan yşyklap Seniñ açyk bugdaý reññiñe, gara saçlaryña, syrdam boýuña, balkyldap, dünýaniñ mährini özünde jemlän umman gözleriñe, ýylgyrşyñda älem nuruny jemleýan sadap dişleriñe maýyl bolup bakyşymdanmy, bilmedim, ornuny ýaza beren ýaly aýazy-da duýdurman penalaýan ýalydyñ süññümi. Hawa, ol gün meniñ Seni iñ soñky görüşim boljagyny bilen bolsadym... Asla Seni goýbermezdim.. Ol günüñ işigmiziñ berk sütüni, ruhumyñ õçmez yşygy, mertebämiziñ synmaz tugy, öýmüziñ diregi - Seni bizden alyp barýan gündigini bilen bolsadym... Hiç oýanmazdym... ...Ol gün uçar menziline sizi ýola salmak üçin gelen ýakynlarmyzyñ bir gyrasynda nämäniñ nämedigine oñly düşünip ýetişmedigem bolsam Saña seredip durun, Sen bolsañ beýlekiler bilen elleşip sagbollaşýarsyñ, gõzel didaryñ dünýäni gõrklendirşinden nazarymy Senden sowup bilmeýşim şu günki ýaly ýadymda... Ahyr meñ bilenem sagbollaşmaly pursatyñ gelip ýetdi...Sen meniñ golaýjagyma geldiñ-de dyzyñy epip meni dünýe ýaly giñ goýnuña doladyñ, mañlaýymdan õpdüñ-de, soñ aýak üstüne galdyñ. Men gussa doly gõzlerimi balkyldadyp Saña bakýardym, meni alyp gitmegiñizi sorasym gelip içki dünýamde Senden haýyş edýärdim. Sen meniñ pikirimi okaýan ýaly başymy sypalap durşuña "Sag aman gal, şagyzym, sen õzüñi çaga hasaplama, õzüñden kiçi iki doganyña gõz gulak bol, garry eneñ ýanynda bolup, oña kõmekleşgin! Sen akyl gyz ahyryn!" Hawa, ol sõz Seniñ maña iñ soñky sargydyñ ekendigini bilen bolsamdym.. Seni hiç diñdirmezdim..aglap, ýalbarardym, ýene ýene kõp zatlary aýtmagyñy talap ederdim.. Şol güne dokuz gün diýileninde... howanyñ juda sowuk güni, asman tutuşlygyna bulut bolan mahaly...men ýañy ikinji synp okuwçysy mahalym...mekdebe ýetip barýarkam uly synpyñ gyzlary daşyma üýşüp: "Õýñüzdäkiler gelipdir, bar sen mekdebe gelme-de õýñüze gaýt" diýseler ýol boýy Seni õñki keşbiñde gõrjegime ynanyp ylgap õýe gaýtdym, õñümden çykan jora gyzjagazlaryma-da Seniñ gelenligiñi buşlap bu gün mekdebe barmajagymy aýdýardym, olar bir zatlar diýýardiler, keýpleri welin ýokdy..kõçeden geçenimde howlymyzdaky märekäni gõrüp, adamlaryñ yzan-da çuwanlygyny gõrsem-de olar Señ bilen gõrüşmäge gelendirler diyen begençli duygy bardy ýüregimde. Men adamlaryñ arasyndan, ähli ýerden Seni gõzledim.... Soñ soñlaram Seniñ gidişiñdäki ýaly dolanyp geljegiñe ynanyp ýaşadym. Her gijämi-gündizumi Saña garaşyp geçirdim, "Gelmez" diýenlere hiç ynanmadym, hiç ynanmadym, hiç ynanasym gelmedi... Arman Sen dolanmadyñ Kyblagähim, Arkadagym, Pederim! | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |