23:54 Dollar we 20 sent | |
DOLLAR we 20 SENT hemme zatdan beter oňa tomsuň ahyry ýaraýar, ýok, güýz, mümkin güýzdür, garaz suwa düşülýän kenarda eýýäm birneme sowuk düşdi, onsoň oňam, gün ýaşan badyna suwuň erňeginden ýöremek göwnüne hoş ýakýar, daş-töwerekde yns-jyns ýok, suw bolsa hapa görünýär, suw jansyz görünýär, çarlaklaň uklasy gelmeýär, ýatmaga düýbünden döz gelmeýärler. olar pessaýlap, oň gözlerini, oň kalbyny, oň köňlünden galan-gaçanjalaryny awlamak üçin oň ýanyna uçup gelýärdiler. eger-de sende düýbünden sähelçejik kalp galan bolsa, senem muny bilýän bolsaň, diýmek onda entek sende köňül bardyr. soňra ol oturýardy-da, suwa seredýärdi, suwa seredeňde haýsydyr bir zatlara ynanmak kyn. aýdaly, Hytaý ýaly ýa-da Birleşen Ştatlar ýaly ýurtlaň bardygyna ýa-da Wýetnam ýaly ýeriň bardygyna ýa-da haçanam bolsa bir wagt oň özüniň kiçijik bolandygyna ynanmak kyn. ýok, eger-de çuňrak pikirlenseň, muňa ynanmak beýlebir kynam däl, oň çagalygy şeýlebir birhili bolupdy, olam ony undup bilmeýär. we ýaşlygam: hemme iş ýerlerini hem-de hemme aýallaryny, soňam aýalsyz geçiren hemme ýyllaryny, indi bolsa – işsiz geçirýänlerini. altmyş ýaşly awara. hasapdan öçürilen. hiç zat. oň barça nagt puly dollar we ýigrimi sent. jaýy üçin bir aýlyk tölenen. umman...ol aňyndan özüniň ähli zenanlaryny birlaý geçirdi. käbirleri bilen oňa gowy bolupdy, beýlekileri aýjyndy, sähel sähnedi, gagaldy we dyrnaçaklaşýardylar. otaglar we ýatyş sekileri, hem-de öýler, hem-de täze ýyl baýramlary, hem-de iş ýerleri, hem-de aýdymlary, hem-de hassahanalary, hem-de lapykeç tümlük, körek günleri we gijeleri hem-de çykgynsyzlyk. a bu gün bolsa altmyş ýylyň netijesi: dollar we ýigrimi sent. birsellemden soň ol yzynda gülki sesini eşitdi. olarda ýorgança, çüýşeler, buza gutulary, kofe, buterbrod bardy. olar gülüşýärdi, hahahaýlaşýardy. iki ýigit we iki gyz. syrdam, çeýe, bigam. soňra olaň haýsydyr biri ony gördi. -eý, bu näme? -eý Hudaý, men bilemok! ol gymyldamady. – bu adammy? – o zat dem alýamy? o bulanjyraýamy? -NÄHILI bulanjyraýar? olar hahahaýlaşdylar. ol öz çüýşesini birneme galdyrdy. onda ýene-de nämede bolsa bir zatjyk galypdyr. şu pille owurtlamagyň tüýs wagty. – o zat GYMYLDAÝARAM-EÝ! serediň, o zat GYMYLDAÝA! ol dikeldi we dyzlaryndan çägäni kakdy. – oň eli-aýagy ba! oň ýüzem ba! – ÝÜZI? olar ýene-de gülüşdiler. ol düşünmedi. çagalar beýle däl. çagalar zalym däl. onda bular näme? ol olara ýakynlady. – garrylykdan utanylmaýa. ýigitleň biri buza gutusyny boşadyp barýardy. ol ony bir gapdala zyňdy. – bihuda sarp edilen ýyllara utanylýa, dädejik. sen maňa wagtyňy biderek sarp etmek bolup görünýäň. – men henizem oňat adam, oglum. – a eger-de şu gyzlaň biri seň öňüňde öz “pişijegini” güjeňläp goýsa näme, dädejik, sen nädersiň? – Rod, paýyş gepleme! bu uzyn çypar saçly ýaşajyk gyz dillendi. ol olaryny şemala seçeläpdi, şoň üçinem ol aýaklaryny çägä diräp, tutuşlygyna ýeliň erkine berlen ýaly bolup görünýärdi. – barybir, ýeri, nähili bolar, dädejik? sen näme edersiň? hä? şu tulalaň biri seň üstüňde ýatsa, sen näme edersiň? ol gitmäge meýillendi, olaň ýorgançasynyň daşyndan aýlandy-da, çägäň üsti bilen tagtadan ýodajyga tarap mytdyldap ugrady. -Rod, ýeri bu garry görgülini kemsitmek saňa nämä gerek boldy? kähalatlar men seni çyndan ÝIGRENÝÄN! – HANY BÄRIK GEL, eýjejigim! -ÝOK! ol gaňrylyp, Rodyň gyzyň yzyndan eňip barýandygyny gördi. ol çygyrdy, soňam çasly gülmäge başlady. Rod ony tutdy, olar basalaşyp hem hahahaýlaşyp çägä ýykyldylar. ol beýleki jübtüň dik duran ýerlerinden öpüşýändiklerini gördi. ol ýodajyga ýetdi, oturgyçda oturdy, aýagynyň çägesini süpürdi. soňra ol köwşüni geýdi, on minutdan soň ol ýene-de öz otagyndady. ol aýakgabyny çykardy, çyrany ýakman, sekide süýndi. gapy kakyldy. – Jenap Snid? – hawa? gapy çalaja açyldy. bu öý bikesi – Hanym Konners. Hanym Konners altmyş bäş ýaşyndady, ol garaňkyda oň ýüzüni saýgaryp bilmeýärdi. ol garaňkyda oň ýüzüni saýgaryp bilmeýändigine şatdy. – Jenap Snid? – hawa? – men çorba gaýnatdym. men gowy çorba gaýnatdym. size birje tabajyk getirmelimi? – ýok, men islämok. – wah-wah, Jenap Snid, hany beýtmäň ahyry, gowy çorba, iňňän oňat çorba! geliň men size birje tabajyk getireýin! – ýeri, bolýa. ol ýerinden galdy, garaşmak üçin oturgyja çökdi. hanym gapyny yşyradyp gidensoň dälizden oň otagyna ýagtylyk sümülýär. yşyk dessejigi, birje şöhlejik oň aýaklaryna hem dyzlaryna düşýär. şo ýere-de hanym çorbany goýdy. bir tabak çorba hem çemçe. – size ýarar, Jenap Snid, men gowy çorba taýýarlaýan. – taňryýalkasyn, - diýdi ol. ol otyr we çorba seredýär. peşew deý sap-sary. bu towuk çorbasydy. etsiz. ol otyr we ýagyň kindiwanja köpürjiklerine seredýär. ol şeýdip birsalym oturdy. soňra çemçäni çykaryp, ony tekjede goýdy. tabagy penjirä eltdi, açyp, çorbany ses-selemsiz ýere dökdi. inçejik bug akymjygy göterildi. soň ol eredi. ol tabagam tekjede goýdy, işigi ýapdy, ýene-de sekide ýatdy. öňküdenem garaňkydy, oňa tümlük ýaraýar, tümlükde many bardy. dartgynly gulak gerip, ol ummanyň sesini gapyp aldy. birsellem ummany diňledi. soňra ol uludan dem aldy. bir gezek çuňňur dem aldy we öldi. © Çarlz BUKOWSKI Terjime: © Serdar ATAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |