Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:03
Döwlet Akyýew: barmagy bilen howada surat çeken oglan


Adatça, adamlar hünäri öz ukyplaryna, isleglerine görä ýa-da durmuşda ajaýyp üstünlik gazanan hormata mynasyp ýakynlarynyň torç eden ýolundan ugur alyp saýlaýarlar. Emma hünäriň özüniň saýlan adamlary-da bar. Döwlet Akyýew-de şeýle adamlaryň hataryna degişlidir. Ejesi entek mekdebe gitmedik oglunyň barmagyny üns bilen howada hereketlendirýändigini birnäçe gezek görüpdir. Bir gezek bolsa ol:

– Näme edýärsiň? – diýip sorapdyr.

– Surat çekýärin.

– Ýöne hiç zat görnenok ahbetin!

– Ýadymda saklaýan. Ine, şu ýerde alabaý bar, bu ýerde bolsa towuklar, ine-de howlymyz.

Ejesine ogluna düşünmek kyndy, emma bir zat düşnüklidi: onuň Döwletjigi suratkeş bolar.

Döwlet mekdebe gidip, köp sanly suratly okuw kitaplaryny görende, ol kitapdaky suratlary täzeden çekip başlady. Özem onuň çeken suratlary kitaplardaka gaty meňzeşdi, eger çynyny etse, bire-bir özleri bolup çykýardy, eger-de gara çynyny etse, kitapdakydan-da gowy bolýardy. Klasdaşlary geň galýardylar we biri-birine gezek bermän, ýene birzatlar çekmegi haýyş edýärdiler.

1988-nji ýylda Döwlet Akyýew Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy bölümine okuwa girýär. Soň serhet goşunlarynda gulluk edýär. Watan öňündäki harby borjuny ýerine ýetirip gelenden soň – ýene-de okuw, ýöne bu gezek ýurdumyzda ýaňy açylan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika fakultetinde okaýar, ol ýerde birnäçe ugur boýunça okuw bardy: plakat, desgawy we kitap grafikasy. Döwlet Akyýew kitap grafikasyny saýlap aldy.

Kitap bezeginiň aýratynlygy nämede? Her bir eser hekaýanyň baş gahrymanlaryny şekillendirýän baş surat we her bap üçin aýratyn surat bilen bezelýär, şoňa görä-de şrift saýlanýar. Ýöne bu işe başlamazdan ozal, üns bilen teksti okamaly, hatda ony öwrenmeli diýseňem boljak. Iň gyzykly ýerinde “kadry saklamaly” we hyýalyňy ulanyp, eseriň iň dartgynly bölüminiň mazmunyny surat bilen aňlatmaly. Adatça, iň gowusyny saýlap almak mümkin bolar ýaly, birnäçe nusga edilýär. Kitap bezeginiň ýene bir aýratynlygy-da ähli işiň çalt ýerine ýetirilmeli bolýanlygyndadyr. Şonuň üçin figuralaryň we zatlaryň aglaba köplügi ýatdan ýerine ýetirilýär.

2000-nji ýylda akademiýany gutaran dessine, diplomly suratkeş Döwlet Akyýewi “Güneş” çagalar žurnalyna işe çagyrýarlar, bu ýerde ol çagalary şadyýan, oňyn suratlar bilen begendirip, henizem işläp ýör.

Suratkeş Wepa Annageldýew bilen hyzmatdaşlykda Döwlet Akyýew başlangyç synp okuwçylary üçin surat çekmek boýunça üç kitaby neşir etdirýär. Bu kitaplarda olar oglanlara we gyzlara surat çekmek endiklerini geçirip, hut şonuň ýaly çekmegi öwretmäge synanyşýarlar.

Ýöne onuň iň esasy zehin siňdiren işi kitap bezegidir. Ýüz töweregi kitap: ertekiler, rowaýatlar, taryhy çeper eserler Döwlet Akyýewiň ussat bezegi bilen okyjylary begendirip, ýurdumyzyň kitaphanalaryna we kitap dükanlaryna ýaýrady. Oguzhan, Görogly, Jelalletdin, Çingiz han, Däli Domrul, Gönübek we başga-da köp gahryman Döwletiň kömegi bilen kitap sahypalarynda öz beýanlaryny tapdylar. Suratkeş, gahrymanlaryň täsin şekillerini suratda görkezmezden ozal, dürli döwürlerde syýahat edýär, adatdan daşary wakalara şaýat bolýar.

Döwlet Akyýewiň suratlarynyň köpüsi kalba ýakyn usulda – fantaziýa elementleri ulanylyp, akly-garaly reňkde tuş we ruçka bilen çekilipdir. Suratkeş köplenç öz suratlaryny geň düýşlere meňzeş hyýaly itergileri ulanyp döredýär. Onuň suratlarynyň köpüsinde sýurrealizm, hatda, eger şeýle diýmek dogry bolsa, gündogar sýurrealizmi duýulýar.

Şol bir zady gaýtalamazlyk üçin, Döwlet akly-garaly suratlara gyzyl menek goşup, ýerine ýetiriş usulyny dürlüleşdirýär. Bu menek şemiň alawy, tawusyň peri, açylan gül, dutar bolup biler... Ýöne suratkeş dürli bolmak üçin, nähili ýola baş ursa-da, onuň “elini” başga biriniňki bilen garyşdyryp bolmaýar.

Ynanar ýaly däl, emma – hakykat. Suratkeş “Daňdanakan söweşi” atly suratynyň üstünde 5 ýyl işläpdir. Netijede, 70 x 50 sm ölçegli polotnoda aldym-berdimli uruşda gazaply söweşýän 1350 söweşiji, 685 at, 23 pil, 16 düýe peýda bolupdyr.

Döwlet Akyýew tomaşaçylary geň galdyrmagy halaýar. Mysal üçin, Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan dabara sergisinde suratkeş üç metrlik polotnoda ýol ýöräp barýan kerweni görkezdi, özi-de ol torç edilen çarkandakly adaty ýol bilen däl-de, häzirki zaman asfaltlanan ýol ýaly tekiz ýol bilen ýöräp barýardy. Hakykat we hyýal şujagaz zatda-da galtaşýardy.

Ýaýraň şahaly ullakan alma agajynda suratkeşiň gözi alma ýerine şahadyr ýapraklaryň arasynda hezil edýän bagtly çagalary görüpdir. Şeýlelik bilen, “Bagt agajy” atly şadyýan we oňyn surat dünýä inipdir.

Suratkeşiň höwesleriniň gerimi adatdan daşary giň. Ol söweş we aw sahnalaryna, ertekidäki nägehanlara, asmany gözellere ümzük atýar. Onuň her suratynda drama – aman galmak ugrundaky göreş bar.

Döwlet Akyýewiň Türkmenistanyň medeniýetine goşan mynasyp goşandy onuň döredijiligine ýokary baha berilmegine sebäp boldy: ol üç gezek – 2005, 2008, 2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýesi boldy. 2012-nji ýylda bolsa oňa «Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri» diýlen at berildi.

2013-nji ýylda Döwlet Akyýew eserleri bilen Azerbaýjana Halkara Surat sergisine gideninde, dostlary we kärdeşleri oňa realistik žanrda dördilen eserlerini äkitmegi maslahat beripdirler. Döwlet olaryň maslahatyna eýermändir. Dogram edipdir, sebäbi onuň sýurrealistik suratlary sergä gelýänleriň arasynda has uly gyzyklanma döredipdir.

Döwlet Akyýewiň seýrek zehininiň asyl ajaýyp eserleri bilen watandaşlary we daşary ýurtly tomaşaçylary ýene ençeme gezek geň galdyrjakdygyna şek ýok.

Tamara GLAZUNOWA
Surat suratkeşiň arhiwinden

çeşme: Altyn Asyr Türkmenistan
Bölümler: Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk | Görülen: 85 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203