08:50 Dünýäniñ görki | |
Dört şahyra dört sowal / 2 Dünýäniñ görki Atamyrat Atabaýew Türkmenistanyñ halk ýazyjysy: - 1. Hakykatdan hem, döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlaryñ ilkinji ýüzlenýän temasy ene hakyndadyr. Men häzir çagalar üçin neşir edilýän "Güneş" žurnalynda zähmet çekýärin. Redaksiýa goşgy iberýän mekdep okuwçylarynyñ köpüsi ene hakynda ýazýar,elbetde,ol goşgular çeperçilik taýdan kämil bolmasa-da,olarda çagalaryñ enä bolan söýgüsi, hormaty bar. Meniñ özüm hem mekdep ýyllarynda şeýle goşgulary ýazypdym. Olaryñ hiç haýsy ýadymda galmandyr. Çünki ol şygyrlar "Enem, sen maña ömür berdiñ,gijeler ýatman,meni ulaltdyñ,edep-terbiýe berdiñ" diýen ýaly umumy,galyba giren sözlerden ybaratdy. Has soñrak , ýagny 1970-nji ýylda ýazan "Ene hüwdüsi" diýen goşgym hem umumylykdan halas bolmasa-da,gazetde çap edilipdi. Men ony ýitip gitmesin diýen bilen 1985-nji ýylda çykan "Tylla terezi" atly kitabyma girizdim. Ine,şol goşgy. Enäniñ kalbyna salypdyr lerzan Sallançakda aglap ýatan çagajyk. Başlanda ene öz hüwdilerine, Ýañkyja çagajyk diñdi azajyk. Ene arzuw bilen hüwdiläp ony, Arzuwlaryn süýde garyp emdirdi. Çaga emip arzuw guýlan melhemden, Arzuwlary gursagyna siñdirdi. Enäñ arzuwlaryn kalbynda beslän Çagajyk ulaldy, ösdi,boý aldy. Şol arzuwlar ganat berdi ýigide, Enäñ körpesiniñ akly goýaldy. Kalby arzuw bilen söýgi dolduran Enäni ýürekde saklaryn hökman. Ýaşasyn dünýäde ene hüwdüsi, Arzuwy ömürlik gursagma beklän. 2. Aýal-gyzlar, eneler,olaryñ mähir-muhabbeti, wepasy hakynda ýazan goşgylarym örän kän. Elbetde,şahyr üçin her bir goşgusy onuñ öz perzendi ýalydyr. Perzentleriñ bolsa gowusy,erbedi,iñ gowusy bolmaýar. Olaryñ her haýsy şahyryñ ýüregine ýakyndyr. Men bir wagt "Gowşak goşgular" diýen şygrymda: - Asla sizden geçip bilmen,şikesli perzendinden geçmeýşi deý atanyñ- diýip ýazypdym. Şeýlelikde,eneler hakda,aýal-gyzlar dogrusynda kiçi dilden bärde goşgy ýazyp bolmaýar. Beýle goşgular ýasamalykdan,howaýy sözlerden halas bolmalydyr. Bu babatda diñe bir goşgyny mysal getirmek kyn. Şeýle-de bolsa,men özümiñ "Mertlik" diýen poemamdan ene hakda bir ýigidiñ dilinden aýdylanlary mysal getireýin. Dokuz aýlap dar garnynda göteren, On aý diýilende,dünýä getiren, Öz janyndan jan beren, Öz bagryndan gan beren, Süññünden süýek beren, Etene guş ýalykam, Üstüme ganat geren, Hüwdi bilen ukladyp, Aýdym bilen oýaran, Ak göwsünden süýt beren, Ak göwsünden güýç beren, Sözünden süýji beren, Gözünden gözýaş beren, Söýse,söýüp, Sögse,sögünjin yza Gaýdyp alan, Meñ ugrumda saçy sübse, Elleri kesew bolan, Dert ýoluksa, Gutuldyp, Maña derek kesel bolan, Atam ursa, Maña derek özi aglap, Özi diñen, Söýgüsi gursagma siñen, Saçy ak gyñajy ýaly agaran, Bize ömür berip, Ömri azalan, "Ýola gitsem, Garaşan, Ýoldan gelsem,aglaşan Öz janyna gyýsa-da, Maña gyýmaz enem bardyr, Men enemden dönmenem. Gorkut atanyñ boýlaryna kybapdaş bu goşguda öz perzentleri üçin janyny gaýgyrmaýan ähli enelere mahsus häsiýetler jemlenendir diýip pikir edýärin. 3. Aýal-gyzlaryñ poeziýa bilen meşgul bolmagy ezeldendir. Olaryñ özleriniñ waspy poeziýadaky yşk-söýgi baradaky ajaýyp goşgulardan ybaratdyr. Umuman,poeziýa zenan poeziýasy,erkek adamyñ poeziýasy diýen böleklere bölünmeýän bolsa-da,her halda, olaryñ goşgularynda biziñ ýazýan goşgularymyza garanyñda has inçelik,has duýguçyllyk,has nepislik bar. Bu inkär edip bolmaýan hakykatdyr. Aslynda,meniñ pikirimçe,gelin-gyzlaryñ,eneleriñ hüwdisinden,lälesinden,monjugatdylaryndan başlanýan bolsa gerek. Muña mysal edip,halk döredijiliginden käbir bentleri aýdyp bolar. Meselem: Iññäñ ujy syndy diýp, Urduñ enem ýar-ýar. Indi gidip bararmen Dyndyñ enem ýar-ýar. Görşümiz ýaly, bu bentde durmuşa çykýan gyzyñ enesine bolan söýgüsi hem,kinesi hem jemlenipdir. Şeýle sözleri diñe gyz-gelinler tapyp biler. Ýa-da: Gaýra-gaýra bakar men, Dokma-darak kakar men, Şol joramy görmesem, Eräp-eräp akar men. Her näme diýsegem: "Zenan poeziýasy bar" diýmäge mejbur bolýarys. Rus poeziýasynda Anna Ahmatowa,Marina Swetaýewa, Bella Ahmadullina ýaly özboluşly zenan şahyrlaryñ bolşy ýaly,türkmen halkynyñ-da Mähri hatyn ýaly zenan şahyrlary bolupdyr. Häzirkizaman poeziýamyza ser salanymyzda, enelik mähri bilen,çyn duýgular bilen goşgy döredýän Oguljemal Çaryýewa,Ogultäç Oraztaganowa,Mahym Rozyýewa,Şähribossan Geldimämmedowa ýaly şahyrlaryñ bardygy begendirýär. Eger öz durmuşymyzdan mysal alsam,meniñ ýanýoldaşym Bibi Orazdurdyýewa hem şahyr. Onuñ döredýän goşgularynyñ arasynda öz perzentleri bilen baglanyşykly goşgular-da bar. Meniñ özümiñ hem çagalaryma,gyzyma,ogullaryma diýen ýaly goşgularym bar. Ýöne enäniñ perzende bolan ylasy,söýgüsi,mähiri has başgaça bolýar. Olarda duýgy agdyklyk edýär. Ine,şonuñ üçin-de men şu ýerde Bibi Orazdurdyýewanyñ durmuşa çykýan gyzyna bagyşlap ýazan "Gyzyma" diýen goşgusyny mysal getiresim gelýär. Düýşümmi, huşummy bu bolýan zatlar, Tebigatyñ ýowuz kanunymy ýa?! Maña hemra boldy hemişe ýatlar, Ýakynlarym has uzakda ýaşaýar. Bardy gurjak ýaly eýjejik gyzym, Galardy ol bir göreniñ gözünde. Şol gözümden uçan naşyja keşbi Görýän indi gyzjagazlañ ýüzünde. Meñ olara mährim gidýär şeýlebir, Olar şeýle meñzeş birek-birege. Ak possujak,ýyljak elinden tutup, Baga bile gatnan günlem nirede? Buýra saçyn eginlerde seçeläp, Depesine dakyp akja bantigi, Her gün säher ak mekdebe ugranda, Ah,men akmak, Duýmandyryn bagtymy. Ýyllar şeýlebir tiz geçen ekeni, Ýa şeýlemi bagtly ýyllañ ykbaly?! Durmuş ähli syryn açan ekeni, Ne jadysyn duýdum, Ne-de bir aly. Bu gün bolsa,göýä, agyr ukudan Gara basyp,gama batyp oýandym. Sen öýüme bäş gün myhman ekeniñ, Bäş gün göwne degdim, Bäş gün guwandym. Ykbal seni nirelerden çykardy, Seni söýen bir ýigide taý edip, Munda meniñ boşap galdy giñ dünýäm Altyn-kümüş,lagl-merjenin taladyp. Sen dünýäme meñzeş,ýekeje gyzym, Ýylgyryp geleñde, dünýäm ynjalar. Ýöne ýaşlygymdan bakyp dur maña Menden käte göwni galan gyzjagaz. Hakyky poeziýa eseri hiç haçan könelmeýär. Şeýle hem, çeper eserlerde öz ýazylan döwrüniñ möhiri saklanyp galýar. Biz nusgawy şahyrlarymyzyñ eserlerini okap,onuñ ýaşan döwrüniñ keşbini görýäris. Olaryñ eserleriniñ üsti bilen awtorlaryñ terjimehalyna degişli köp maglumat tapýarys. Häzirkizaman zenan şahyrlarymyzyñ goşgularynda-da Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe bolup geçýän beýik ösüşler,özgerişler öz beýanyny tapýar. Ýokarda atlary agzalan zenan şahyrlarymyzdan başga-da kän-kän gelin-gyzlaryn döredijiliginde hormatly Prezidentimiziñ durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniñ şahyrana waspy belent ýañlanýar. Diñe öz döwrüne buýsanyp ýaşan döreden şahyrlaryñ eserleri taryh bolup,geljek nesillere nusga bolup biler. 4. Hakykatdan hem,häzirki döwürde edebiýat bilen,poeziýa bilen gyzyklanýan ýaş gelin-gyzlar örän kän. Olaryñ hemmesi uly şahyr bolup ýetişmeseler-de, özleriniñ ýürek joşgunyny ýüze çykarýarlar,belki-de, olaryñ käbiri geljekde başga ugry saýlar. Ýöne poeziýa çyny bilen hyzmat edip,özüni kämilleşdiren gelin-gyzlar gowy eserler döredip bilerler. Şu günler öz goşgulary bilen metbugatda,radioda,telewideniýede çykyş edýän ýaş gelin-gyzlar halypalaryñ göreldesine eýerip,gowy goşgular döredýärler. Olaryñ arasyndan Gülşirin Hanowa,Leýli Gurbanowa,Laçyn Pürjäýewa,Aýgül Garaýewa,Bahargül Mejidowa,Suraý Babanyýazowa, Gülnar Baýlyýewa, Laura Maksimowa ýaly aýratyn zehinlileri agzamak bolar. Olar ýürekleri näme diýýän bolsa,şonam kagyza geçirýärler. Ýürekden çykan çyn duýgular olaryñ goşgularyny has täsirli edýär. Eger goşgy okyja täsir etmeýän bolsa, ol kapyýalaşdyrylan sözleriñ sanawydyr. Berlen sowala jogap edip, men şu ýerde Laçyn Pürjäýewanyñ "Yhlas" diýen goşgusyndan käbir bentleri mysal getirmegi makul bildim. Hijran dişin gyjap,zarlaýar gyjak, Aýdyp bilmän,guşlar bir-birin gyrjak, Düşünsem-de muña,ah, men samsyjak, Ýatlap-ýatlap getiräýjek bolýaryn. Du:r tekjede üç ýyl öñki gülüñem, Gözüm düşse, ýürek aglar günüme, Ýyrtyp-ýyrtyp,señ gelmeli günüñe Kalendary ýetiräýjek bolýaryn. ...Ýar, saçlañdan gelýän ysy unutsam, Ýa hatlañdan gelýän ysy unutsam, Kä keşbiñi ýatlap bilmän urunsam, Gözümden öñ petiräýjek bolýaryn. Bu goşgudaky duýgular diñe Laçynyñ özüniñki. Şeýle şahyrana tapyndylar Laçynyñ goşgularyny bezeýär. Men bu ady agzalan ýaş şahyr gelin-gyzlaryñ poeziýanyñ hyzmatynda bolup, ýene-de has gowy goşgular ýazjakdyklaryna, döwrümiziñ waspyny ýetirjekdiklerine tüýs ýürekden ynanýaryn. | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |