Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:04
«Durmuş iňňe berdi...»

«Durmuş iňňe berdi guýy gazmaga»
diýip, zeýrenmäni tapynypdyryn.
Derýadym men, haňlap galypdyr hanam,
Göreçdim men, halys gapylypdyryn.

Derdimiň nädigin bilmändir ilem,
Her kimiň öz derdi, bilip nätsinler?!
Şatlygmyň ýerini tutupdyr kine,
Çigit ýaljak göwnüm çigitläpdirler.

Gözgüler kimdigmi ýüzüme basýar,
Görkezip güldanda guran nahaly.
Geçmişimi iýýän çörege çalyp,
Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.

Günler gün berenok, aýlar aýanok,
Ýyllar ýaş goşanok, ýaşymdan alýar.
Görseň, bu durmuşda hatda özüňem
Görüp-görüp, ýaşap-ýaşap tanalýar.

Durmuş iňňe berdi guýy gazmaga,
Aýnada özümi tanajak bolýan.
Durmuşyň beren şol iňňesi bilen
Sal-sal ýüregimi ýamajak bolýan.

© Mukam MUHAMOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 183 | Mowzugy paýlaşan: Awtor | Teg: Mukam Muhamow | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 sussupessimist • 00:42, 20.12.2023
Geçmişimi iyyän çörege çalyp
Gòwnüm ajyja zat küysän mahaly...

Yonekey "ajy geçmiş" diyilse pafosly pahyrsyrama, lenç edilen zeyrenme bolardy (yigrenyän zadym). Bu yerde bolsa çörege çalynya.
Mukam!
avatar
0
2 Мango • 01:58, 20.12.2023
"nämetjek?" diýen soraga gaharly biriniň "çörege çalyp iýjek" diýýänini bilýäs. şoň üçin edil "ajyja geçmişini çörege çalyp iýişi" erbedem däl welin... men-ä "Günler gün berenok, aýlar aýanok..." setirlerini has göwwördüm.
avatar
0
3 Kyyas • 07:38, 20.12.2023
Men-ä...
Setir gowy görmedim goşgyny gowwördüm.
avatar
0
4 Pero • 08:47, 20.12.2023
Gowy. Mukam mydama-da gowy ýazardy. Guwanýas dogrusy.
Goşgyñ duýgusy weli...agyr. Beýle agyr duýguly goşgular bizde-de bolupdy tä durmuşda ornumyzy tapýançak. Bilşime görä,Mukamam bir wagt ornuny tapan adam. Belki bu goşgusy irkilerdendir. Şeýle bolsa-ha düşnükli,emma täzelerden bolsa...
avatar
0
5 Mekan2 • 11:06, 20.12.2023
bet ýazýaraý, sluşyý (bet - iňlisçedäki bad däldir).

şunýaly ýagdaýlary

Derýadym men,
Göreçdim men

(öňki) Şatlygmyň ýerini (indi) tutupdyr kine

şeýle ajy bolsa

Geçmişimi iýýän çörege çalyp,
Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.

bu wagt dagy nähilikä. çydar dagy eder ýaly däl. üstesine-de

Günler gün berenok, aýlar aýanok,
Ýyllar ýaş goşanok, ýaşymdan alýar.

juk-juk-juk

ýöne umyt bar

Durmuş iňňe berdi guýy gazmaga,
Aýnada özümi tanajak bolýan.
Durmuşyň beren şol iňňesi bilen
Sal-sal ýüregimi ýamajak bolýan.

ha gayret
avatar
0
6 Pero • 14:04, 20.12.2023
...sluşyý..."diñle" diýjek bolduñyz öýdýän,myhman aga?! :)))
avatar
0
7 Mekan2 • 14:33, 20.12.2023
Soñunda "ha gayret" hem bady-da, gözden sypypdyr öydýän :》
avatar
-1
8 Lacrymosa • 15:03, 23.12.2023
Görüň, bujagazyň dillijedigini! Maşalla-Maşalla!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203