13:22 Durmuş kynmy ýa-da biz gowşak? | |
DURMUŞ KYNMY ÝA-DA BIZ GOWŞAK? Bir hekaýat bar: Ýoluň gyrasynda bir gury agaç bar ekeni. Bir gün gije şol ýoldan ogry geçip barýan eken welin, ol garaňkylykda gury agajy özüni garawullap duran polisiýa işgäridir öýdüp, gorkupdyr-da, assyrynlyk bilen ökje ogurlap, gaçyp gaýdypdyr. Onuň yz ýanyndan şol ýerden bir aşyk geçip barýan eken welin, ol gury agajy görüp, ony özüne sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran magşugydyr öýdüp, begençli ýylgyrypdyr-da, ylgap agajyň ýanyna barypdyr. Ýalňyşanyny bilibem örän gynanypdyr. Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda bolsa ejesi öz oguljygyny ýanyna alyp şol ýoluň ugry bilen geçip barýan eken welin, oglanjyk gury agajy doly saýgaryp bilmän ol arwahdyr öýdüp, gorkup aglapdyr. Golaýlanlarynda bolsa özüni gorkuzan “arwahyň” ýönekeý gury agaçdygyny görüp, biçak begenipdir. Gury agaç bolsa özüne kimiň seredýändigine, günüň haýsy wagtydygyna garamazdan şol gury agaçlygyna durupdyr… Bizem edil şu hekaýatdaky adamlar ýaly, hemişe durmuşa öz içki, ruhy ýagdaýymyzdan, bilim derejämizden, öz isleglerimizden ugur alyp baha kesmäge çalyşýarys. Durmuşymyzda haýsydyr bir kynçylyk emele gelende, durmuş, edil ýaňky gury agaç ýaly “arwaha” öwrülýär, biz ondan oglanjygyň gorkuşy ýalt eýmenip başlaýarys. Işimiz şowuna bolsa, biziň özümizi alyp barşymyz şol gury agajy magşugydyr öýden aşygyň bolşuna çalym edýär. Ol bolsa şol öňki üýtgewsizligine galýar. Gurbannazar Ezizow: “Seni söýüp düşündim bir zada, kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýip ýazypdyr. Dogrusy, durmuşdan eýmenmek ýa-da zeýrenmek üçin bahana gözlemeli däl, ol näçe diýseň el ýüzünde ýatyr. Gowy iş tapyp bilemok, sebäbi diplomym ýok. Diplomymyň ýoklugynyň sebäbi puluň bolmasa okuwa girip bolmaýar... Garaz, şuňa çalymdaş “çynlakaý kynçylyklar” hemişe-de tapylýar. Ýöne şol “kynçylyklary” aradan aýyrmak üçin hötjetlik hem tutanýerlilik bilen dyzamak welin, bize ýene-de “kyn” düşýär. Muňa-da biz günäkär däl-de, durmuş günäkär. Sebäbi biz juda gowy, akylly, bilimli, medeniýetli, şonuň üçinem bize hemme zady eliň aýasynda bermek maksadalaýyk bolup durýar... Şeýlemi? Ýa-da gury agajyň hemişe “gury agaçlygyna” durandygyna düşünip, zähmet çekmek dogry bolmazmy?! Şu aýdylanlara degişlilikde ýene-de bir zady belläýin. Kosmos giňişliginiň gadymy döwürlerde ynanyşlary ýaly, daş gümmez däl-de wakuumdygy hakynda fransuz alymlarynyň pikirleri-ynançlary dogry, ýöne bu dogry pikir başga bir ýalňyş ynanjyň emele gelmegi üçin esas bolup hyzmat edýär. „Dostum Gorasio, jahanda biziň danalarymyzyň düýşüne-de girmeýän zatlar köp!“ diýýär, şü temada seljerilip başlanan badyna ýatdan çykarylan şahyr! Pyragy atamyz bolsa: “jahanda näler görüner” diýýär. Ýene-de bir beýik şahyrlaryň birem: “Giňdir dünýe, giňdir akyl ýeterden, Çar tarapda biserhetdir Älemler, Aň ýetirjek bolup Allaň aklyna, Jahan içre janserekdir alymlar (Saparmyrat Türkmenbaşy. Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy. “Namazlyk” goşgusy)” diýip ötüpdir. 1790-njy ýylyň 24-nji iýulynda, günorta-günbatar Fransiýanyň Žer departamentinde (dolandyryş-çäk birligi) meteorit gaçypdyr we bu barada Fransiýanyň Ylymlar akademiýasyna habar berlipdir. Şonda akademikleriň biri, meşhur fransuz himigi Klod Bertolle özüniň diňe bir garamaýak halkyň wekilleriniň däl-de eýsem ylymly-bilimli resmi adamlaryň hem şeýle ertekilere, ýagny asmandan daş gaçyp biljekdigi hakyndaky ertekilere ynanýandyklaryna gynanýandygyny ýazypdyr. Sebäbi fransuz akademikleri asman giňişliginiň efir görnüşinde bolup, onuň daşdan gümmez däldigini, şonuň üçinem ondan daş bölekleriniň döwlüp ýere gaçyp bilmejekdigini ykrar edipdirler. Şeýle, ine! Çehowyň meşhur çeper gahrymany – unterPrişibeýewi ýadyňyza düşýärmi? Onuň tymsala öwrülen: “Beýle zat bolup bilmez! Sebäbi beýle zat hiç haçan bolup bilmez!” diýen, ebedilik argumenti bilen bilelikde... ***** “Ýeriň ýüzünde iň üýtgewsiz zat nedir?!” diýip, bir ulamadan sorapdyrlar. “Ýazgytdyr!” diýip, jogap beripdir. “Neçün?!” diýipdirler. “Älem ýaradylmanka ähli janly-jandaryň, ot-çöpüň ýazgydy ýazyldy. Galamam döwlüp, ýok edildi!” diýipdir. “Ýazgydy üýtgedip biljek zat nedir?!” diýipdirler. “Yhlasdyr!” diýip, jogap gaýtarypdyr. ***** Durmuş bizi ýepbekleýär. Bu gowumy ýa-da erbet?! Iň kesgir gylyçlaram, iň çydamly gurallaram demirçiniň sandalynyň üstünde ýekedaban bilen “ýepbeklene-ýepbeklene” taplanyp, synmaz polada öwrülýär. Iň gowy tamdyrlar depgilene-depgilene şykgy edilen toýun palçykdan ýasalýar. Iň ussat boksçularam türgenleşiklerde “ýepbeklene-ýepbeklene” ýeňilmez derejä ýetýärler. Şonuň üçinem, köpi gören adamlar-a, gaýta “ýepbeklenýäniňe” minnetdar bolmaly diýip hasaplaýarlar. Onsoňam, öňki döwürler ýasawullar düzgüni bozan adamy saklap, oňa temmi taýagyny uranlaryndan soň ondan gaňryp “taýak hakyny”, ýagny özleriniň zähmeti üçin tölegem alypdyrlar. Bu wagt bolsa, seni “ýepbekleýän” adamlaram, durmuşam senden töleg soraman, mugtuna işleýärler. ***** Meniň pikirimç-ä, nämedir bir zady gutarnykly düzetjek bolmak ýa-da şoňa dalaş etmek, özüňe çakdan aşa baha bermeklikden nyşan. Adam bir ukyby hem mümkinçilikleri çäkli jandar. Ol diňe ilki bilen-ä mümkin boldugyndan özüne, onsoňam özüne sarpa goýýan töweregindäkilere az-da-kän-de täsirini ýetirip bilýär. Ýöne, suwa daş atsaň şonuňam tolkunlary halka-halka bolup çar ýana ýaýraýar ahyry. Ýagşy niýetlerdir, gowy işler hem şonuň ýaly. Tolkun atyp ýaýrawyny giňeldýärler. Eliňden ýagşy iş gelmeýärmi, onda iň bolmanda, ýagşy sözleri bir diýmegiň hötdesinden gelmeli. Belki, seniň aýdan sözleriňden güýç alan bir bende ýagşy iş gaýryp, alkyşa mynasyp bolar. Onuň alkyşyndan hem saňa bir ülüşjik ýeter. Eger-de ýagşy söz aýtmaga-da ýagdaýyň ýokmy, onda ýagşy niýetde, ýagşy pikirde, ýagşy umytda bir bol! Eger-de ol hem eliňden gelmese, onda ýaman işden, ýaman niýetden, ýaman sözden we erbet pikirlerden bir saklanmagyň hötdesinden gel! ***** Onsoňam, meniň şahsy pikirim-ä şeýle, bu durmuşa oýnawaç ýaly garamagam gowy däl, ýöne hemme zady beýlebir çyndyram öýdüp ýörmegem ýöntemlik bolaýmasa... Gurbannazar neresse-de: “Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýibem-ä ýöne keýpine, owadan söz ýa-da akgynly kapyýa üçin-ä aýtmadymyka diýýärin. Elbetde, hakyky betbagtlyk bilen ruhubelentligem, alçaklygam bir ýere sygyşmaýar. Ýöne, betbagtlygyň hakykysyndan Allaň özi gorasyn. Durmuşda bolsa, edil süýde siňe seretseň gan görnüşi ýaly, diňe islegiň şol bolsa görmäge-de, boýyň bilen başbitin çümmäge-de hapa kän. Ýöne: “halwa, halwa” diýip gaýtalanyň bilen agzyň süýjemeýşi ýaly, “poh, poh” diýip üznüksiz sarnanyň bilenem agzyň poh bolmaýar. Diňe töweregiňdäkileriirizýärsiň... “Sözläp bilseň ýagşy sözle halk ýamanyň bizarydyr”... diýibem bize görä has akylly adam aýdyp geçipdir. Onsoňam, üns berseňiz, durmuşda hiç hili gaýgy-alada özüni aldyrman şähdaçyk ýaşamaga çalyşýan, alçak adamlar hemme ýerde-de gowy görülýändir. Zeýrenjeň, günesöwer ýaly hemişe gargynyp ýören adamlar kän halanýan däldir. Elbetde, alçaklyga-da, garasöýmezlige-de adamyň 100 göterim özi günäkär däl. Zanny-ýasaw diýibem bir zat bar. Ýöne, şonda-da, hatda tebigat saňa aňrybaşydanambarypýatan beter garasöýmez häsiýet bagyş eýlän bolsa-da ony ýeňmäge dyrjaşmalymykadiýýärin. ***** Meşhur fransuz dramaturgy Pýer Ogýusten Bomarşeniň bir jümlesiniheran-haçan ýatlapdurmalymyka diýýärin: “Eger-de men bu durmuşa gülmesem, onda aglamaly bolardym”. Ýa-da başga bir jümle: ÝAŞAÝYŞA ŞATLANMAK ÜÇIN, ILKI BILEN-Ä ÝAŞAMALY, SOŇAM ŞATLANMALY!!! Her kimiň ryzkyny berýän Alla! Özi bermese näçe çarp ursaňam ýetdirmeýär. Berende welin, edil hemmeje zat aý dogan ýaly ap-aňsat bolýar duruberýär. Ýöne köne gürrüňleriň birinde: “Haktagala-da maňa garşy bir garyş süýşene Men oňa garşy iki garyş süýşerin” diýipdir, diýýärdiler. Şeýlelikde, kazyýet seljermesiniň netijesinde ýene-de bir gezek bir hakykat anyklanyldy: Eger-de Adam ata How enemiziň gepine gidip gadagan edilen nygmaty - bugdaý iýip (hakykatda käbir kitaplarda mekru almasy diýilýär) behiştden kowulmadyk bolsa, biziň kellämizi agyrdýan meseleleriň birem bolmazdy. Aslynda, durmuşyň özi ahyry ölüm bilen tamamlanýan bejerip bolmajak kesel diýýärler. Durmuşyňda mesele döredimi, ony her tarapyndan bir baryp itiň girisine ilen süňküň daşyny ýalap ýörüşi ýaly süýjüdip ýörmeli däl-de, belli bir derejede, öz ygtyýarlygyňdaky mümkinçiliklere görä çözjek bolmaly. Eger-de çözüp bolmaýarmy, onuň daşyndan aýlanyp geçmegiň ýoluny gözlemeli. Mysal, meniň bir tanşym, ýaş başyna maşgalasybilen oňuşman, gelnini, iki sany çagasynyalyp, öýlerinden çykyp gitdi. 3-4 aýlap garyndaşlarynyňkyda ýaşady, soň 1-2 aý dostunyňkyda. Ýöne, näme, dostuňam, garyndaşyňam nähili gowy bolanda-da, “Myhmanyňky üç gün, üç günden soň göçgün” diýilmeýärmi, olam ahbetin kireýine jaý alyp ýaşamaly boldy. 1-2 ýyl şeýle halda kösendi. Soňam şäherden alysdaky obalaryň birinde ýaşaýan garyndaşlarynyň ýanyna göçdi. Ol ýerde mellegiň bahasy arzandy. Toýun palçykdanbir otaglyk jaý salyndy. Hatda öýüne ýazmagadüşegem ýokdy. Emma melleklerine teplisa gurdular, mal sakladylar, ilki köneje ulag alnyp kireý etdi. Soň jaýa başlady. 2-3 ýylda salyp dyndy. Häzir, tüweleme, gurply hojalyk. Halypalarymyň biri, obadaş şahyrymyz, göwünlik bermek üçin,öwran-öwran: “Bizi içimizden-daşymyzdan ýakjak bolup dert-azara galýarlar. Bizem-ä, şol bizi ýakmakçy bolýanlaryň içjagazyny ýakyp, ýanmajak bolarys!” diýerdi. Üýtgeşik, ýiti täsirli jümle. © Serdar ATAÝEW Çeşme: https://makalam.com/durmus-kynmy-ya-da-biz-gowsak-649/ | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |