Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:28
Durmuş we men

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär


DURMUŞ WE MEN

Meýilli däl añdan añyrky güýje,
Bärki ulaltma-da eýleýär ezbez.
Besdir maña şu durmuşyñ öz bolşy,
Göwnüm ondan özge ýerde ýerlemez.

Ruhumy owmaç deý owýar ümsümlik,
Eşdilip durmasa köçäniñ gohy.
Ýokdur ýaşamakdan uly wezipe,
Ýokdur ynsan ýaly gudrat ylahy.

Ýalan bolsa, idemezdim syrdaşy,
Şatlyga uçrasam, batsam ýa gama.
Iñ eý görýän zadym eziz ömrümi,
Ykbalymy baglamazdym adama.

Tokunsa ysgyndan gaçar dag-daşlar,
Yhlasyndan ýalkym düşýär mise-de.
Bu ukyp hemmede barka, ynanmañ,
Zehinime adaty däl diýseler.

Adaty däldigi rasdyr sulhumyñ,
Ýanbermez raýyny ýykyp bilmerin.
Söýýänim, duýýanym, ylhamym-durmuş,
Goýnundan uzaga çykyp bilmerin.

Ähli haly bilen derdime emdir,
Taýyn onda hemişelik ga:lmaga.
Ýaşap bilmen ýagşy-ýamanyn görmän,
Golumy uzadyp geçmän pa:lmana.

Keşbi simap bolup siñdi synama,
Ýüregini diñläp, janym howlady.
Kä şahyrlañ Hakdan gelse galamy,
Meniñki durmuşyñ hut öz sowgady.

Sabyr bilen çözdüm sowallaryny,
Kapasada gabamadym bagt guşun.
Hiç ýerde, hiç haçan dalaşgär dälkäm,
Baýragyna eýe boldum durmuşyñ.

Indi kysmatymy özüm ýazýaryn.
Görülen: 189 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna, Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 23
avatar
0
1 Gerceknazar96 • 20:30, 02.03.2024
7/10
avatar
0
2 Sylapberdi • 20:53, 02.03.2024
Goşguda bir gowy ritm bar eken.
Ýokdur ýaşamakdan uly wezipe,
Ýokdur ynsan ýaly gudrat ylahy.
Ýokarky setirler edil şygar ýaly kalbyñy joşdurýar.
Goşgydaky pikirler yzygider ýaýbañlanýar, 1 bentdäki aýdylyp başlanan pikir ikinjide ösdürilýär.
Kä şahyrlañ Hakdan gelse galamy,
Meniñki durmuşyñ hut öz sowgady.
Şeýle-de bolmaly, sebäbi ol öz durmuşyny hem adamy söýýär, oña ynanýar.
Gowy goşgy. Tamamlama has-da dabaraly. Edil Uly teatryñ sahnasynyñ açylyşy mysaly torźestwenno.
Hiç ýerde hiç haçan dalaşgär dälkäm,
Baýragyna eýe boldum durmuşyñ.
Edil bäsleşigiñ şahsan öz gimni ýaly bolupdyr.
10/10 we ýene rugsat bolsa 10/10.
avatar
0
3 Мukam • 21:26, 02.03.2024
Bu goşgyny belli awtor ýazypdy ( awtory tanalýan, ussat bolmaly) emma özi duýmazdan önki goşgularyndan kemter gaýtýan ýaly. Bu goşgy tejribesi bilen ýazylan goşgy
avatar
0
4 Mekan • 22:32, 02.03.2024
9/10
avatar
0
5 Belki • 22:33, 02.03.2024
Ezbez näme?
Ýamanam däl welin gowja tapyndyjyk bolaýsady iki-ýeke. Okap gutaranyñdan soñ añyñda hiç zat galanok.
Jemlemede soñky ýeke setir gereksiz. Ne añry ne bäri bolup galypdyr. Üstünlik!
avatar
0
6 aygull • 22:57, 02.03.2024
"Hic ýerde, hiç zada dalaşgär dälkäm" diýmeli ýaly

3-nji teswir dogry aýdýañ. Tejribe-de gerek welin, sap şoňa daýanaýmaly däl.
5/10
avatar
0
7 Küle • 23:01, 02.03.2024
3/10
avatar
0
8 LegLek • 07:43, 03.03.2024
«ezbez» nämekä? Ýa awtor «ezber» diýjek boldumyka?

Taýyn onda hemişelik ga:lmaga.
Ga:la:ýmarsyň, hiç birimizem ga:la:ýmarys, ylahy däl-de, tebigy başarnykly şahyr dogan :)

Jemlemesi gowşak.
7/10
avatar
0
9 Medicall • 16:00, 03.03.2024
Ezbez - gadymy söz.  türkmen dessanlarynda-da ulanylan ýerleri bardyr (okaýanlar biläýmeli.)
Ezber bilen ezbez many taydanam meñzeş däl. Ezbez sözüni nähili manyda ulanyljak bolanyny şol setire hemem ondan soñky setirlere ser salañda düşünmek kyn däl. türkmen dili baý dil.  Indi türk sözlerini öz sözlügimize saljak bolup, başarsalar başarmasalar (suwjuklap) ulanyp ýörüşleri ýaly özümizde şunuñ ýaly ne gözel baý dilimiz, ýiteñkirlän gadymy sözlerimizi hem (kän ullanmasagam birlän, ikilän dikeldibersek) ulanybersek ilki başda öz özümize, öz aslymyza hormatymyz bolardy...

Şu ýerde dilçilerem bar, ezbez sözüniñ gadymy sözdügini, manysyny tirip bererler diyip garaşdym welin gynansagam olardanam ses çykmady.

Megerem olaryñam şu eserde ulanylan ezbez, tokunmak ýaly gadymy sözlerimiz ýadyna düşýän däldir?!

Indi dilçi bolmasamam düşündirjek bolaýyn: ezbez bolmak - bezikmek,  bezbez bolmak,  "Bezbez boldum rakyplaryñ sözünden"  dessanlaryñ birinden.  bir zatdan ýadamak, bir zadyñ juda irizmegi, şol gaýtalanyp duran bir ýagdaýyñ gaýtalanyp bezikdirmegi, ýadatmagy.

Mysal üçin meniñ özümem ýañy ýakynda-da ullandym şu sözi:  "şol adamy meñ ýanyma ugratmañ, gaýrat ediñ, özüñiz diñläýiñ şony, meñ inim ezbez şoña düşündirmekden, ýadatdy, hiç düşünenok, ýa-da başga birine ugradaýyñ".

(şiwe sözüdir-dä diyjeklere öñünden aýdaýyn, eger şiwe sözi bolsa onda şu söz Balkanda ulanylyşy ýaly Ahalda-da ulanylýar, dil edebiýat ugrundan ýörüte ýokary bilimlilerem ulanýarlar. )

Tokunmak sözem bir zada degmek,  ulaşmak, türkçe ulanýan dokunmak sözüñiziñ gadymy türkmen dilindäki görnüşi.
avatar
0
10 Hyýalbent • 16:35, 03.03.2024
8/10
Awtora üstünlik
avatar
-1
11 Belki • 16:38, 03.03.2024
9-a. *ulandym.
avatar
1
12 sussupessimist • 21:09, 03.03.2024
"Ez-bez" bolmaly dogry yazylşy. Bez bolmagyň halys iren, bizar-peteňi çykan formasy.
Ulanmaly, dogry aydyar Nurdan. Aslynda, şiwe diyilyän sozlerdenem ürkmeli däl. Bary-yogy 5 milliona yeter ya yetmez halkymyz bar, dil baylygyny dolulygyna ulanmaly, garyplaşdyrmaga derek. Alynma sözlerdenem gerek yerinde çekinmeli däl, dilde näçe sinonim kop bolsa bolubersin. Yone kä sözleri: "türkmençede yok" diyyanler – ony içgin owrenmeyanliginden şeyle netijä gelyär.
Şoň uçin "Göroglyň" şirin dilem hazir Tagta tarapyň şiwesi yaly bolup gorunyär.
avatar
1
13 sussupessimist • 21:14, 03.03.2024
Sapargeldi Annasähet, Ata Gowşut, Çary Aşyr yaly yazyjylary, dessanlary, "Şamar" yaly erteki kitaplary köpräk okamaly, dilimizi owrenmek uçin.
avatar
0
14 sussupessimist • 21:18, 03.03.2024
Esere 4/10.
Awtoryň eli yörgünlidigi bildiryär, yone esere tazelik yetenok. Yazyp bilyanligi, ol ukyby-başarnygy durmuşyň berenligi hakda artygy bn yaňzydypdyr. "Onsoň? Bol, yaz-da onda! Gozga-da bir meseläni!" diyesiň gelyär.
avatar
0
15 paragraph • 05:15, 04.03.2024
6/10
avatar
0
16 Seýrаn • 08:39, 04.03.2024
Ýazyp bilýänligi üçin 5/10
avatar
0
17 Pero • 09:38, 04.03.2024
5/10
avatar
0
18 garagar • 23:31, 05.03.2024
5/10
avatar
0
19 Lacrymosa • 11:15, 10.03.2024
10 bal gürrüňsiz
Ruhumy owmaç deý owýar ümsümlik,
Eşdilip durmasa köçäniñ gohy.

Kä şahyrlañ Hakdan gelse galamy,
Meniñki durmuşyñ hut öz sowgady.

Gör, muň tapýan kepini!
hemme setirini alyp oturmaly
ýazybilýän zalywat eken öz-ä
Malades, ýegen!

TÜRKMEN D I L I N I Ň DÜŞÜNDIRIŞLI SÖZLÜGI
I tom
EZ-BEZ [ez-vez], hal. Bizar, iren, halys. Sen, han ogul, gulak as, şu öňünde oturan ýumruk ýaly iki garry perzent aýraçylygynyň nalasyny çekip, halys ez-bez bolandyr (,,Edebiýat we sungat'').
avatar
0
20 janjennet • 13:28, 13.03.2024
5/10
avatar
0
21 Gülkamat • 09:52, 18.03.2024
8/10
avatar
0
22 Мango • 01:38, 19.03.2024
Ýokdur ýaşamakdan uly wezipe...

ýaşamak wezipe däl-ä....

4/10
avatar
0
23 Rowaç • 18:26, 20.03.2024
3/10.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203