Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:46
Durmuşa syn
DURMUŞA SYN

Bu durmuş däldir ejeň,
Gözle kynçylykda tär.
Eliň tutmakdan geçen,
Ýykylsaň, güljekler kän.

Daşdan gatydyr başyň,
Ejizligi elän - är.
Çeýnäp oturan aşyň,
Agzyňdan aljaklar kän.

,,Yşk" boldumy güýmenje
Hem wagt geçirmäge kär.
,,Men ýaryň!" diýp gülenje,
Ýasama gurjaklar kän.

Ýalan - ýarany ogryň,
Ýaman niýetlerden dän.
Indi sözleseň, dogryň
Depäňden urjaklar kän.

Bezese, hoş gylygyň,
Ynsan bary ýaman däl.
Müň şükür, ýagşylygyň
ýolunda durjaklar kän.

Nury SAKÇYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 86 | Mowzugy paýlaşan: Sakçy | Teg: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 3.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 21:52, 21.01.2023
Bu durmuş däldir ejeň
===
durmuşdan zeýrenip sögünýänsiň öýtdüm :-)
avatar
0
2 Medenýet • 22:10, 21.01.2023
Ejeň däldir bu durmuş diýäý onda.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203