15:17 Durmuşy hekaýatlar | |
Öňem bir aýalyň adamsy orak orup gelipdir-de,minnetli gürläpdir: -Aý,keýwany han,äriň keşigi kändirem,kyndyram.Onuň bilen harçaňlaşman,ugruňajyk geşişiňe,getirenjesini bişir-düşür edibirler-diýipdirler. Aýaly oňa ýeň bermändir: -Ýa,heý,kakasy,siziň işiňiziň näme keşigi bar?Hysyrdynyň ulusy biziň başymyzda ahyryn. Ine,seret,kendirigimi ýazyp,un eläp otyryn.Seň göwnüňe ol ýeňil ýalydyram.Ýöne,buiň hubbatly iş,kakasy.Ynanmasaň,elede göräý. -Haý,keýwany han,göräýmedikmi onyňam!-diýen boýnuboş görgüli dillenip-dillenmänkä,aýupisint aýaly unly elegiň aşagyny öllägetdin,adamsyna uzadýar.Emel edilenden habarsyz parlaňküş pahyr näçe ýaýkanjyrasa-da,eger-eger çyg çekip gözegleri bitiberen elek pylan zeýilli un geçiräýse nädersiň. -Näçe elesemem,keýwany han,bolonog-ow,biýä-diýip,adamsy işi oňarmaýandygyny boýun alypdyr. -Ömrylla-da bolmaz,kakasy.Çünki sürüm sürmek-gatnamak,orak ormak-oýnamak,desse çekmek-baryp gelmek,harman döwmek-at münmekdir.Haý-haý,çaýkanyp un elemek-diýip,aýaly ýylgyraýypdyr. Edebiýat we sungat gazyeti | |
|
Ähli teswirler: 0 | |