02:47 "Duýgularymda gal, Ýusubym!" | |
"DUÝGULARYMDA GAL ÝUSUBYM" Seniñ hatlaryñ "Mähri! Sõýgi barada birazajyk "Gürlejek" (Ha gül, ha gaharlan, ol õz işiñ) Sebäbi meniñ Ol barada õz duýgularym, garaýyşlarym bar. Paýhasly pikirim, täze nakylym: sõýülýäñmi sõý, sõýüleñokmy kõý" Her gezek hatyñ şu ýerine gelenimde sen hut golaýjygymda ýylgyryp duran ýaly, hat-da maña eliñi uzadan ýaly bolýarsyñ. Onsoñ men allanićigsi bolup bile düşen suratymyza naýynjar garap "Näme üçin meni goýup gitdiñ.." diýip hamsygýan. Gõzlerimden bolsa ýaşlar syrygýar. Şonda sen gelýäñ-de elimdäki haty gõrkezip: "bol yzyny oka" diýip maña üm atýañ. Onsoñ hatyñ dowamyny okap başlaýan: "Men birje ummanda ýüzüp bilýän, olam seniñ gõzleriñ ummanynda, galanynda bolsa men hokman gark bolýaryn. Hawa, hawa "Õzi" aýtdy. Gaşlaryñy daramda ol maña "men ýaý bolup, soñky "okuma" çenli seni goramaga aýap saklajakdygyma sõz berýärin" diýdi." Men seniñ hatyñy okap oturşyma seniñ ýanyñ bilen ýatlamalaryñ ganatyna münip senli günlere dolanýaryn. Seniñ meni ynjytmajak bolup ot elek boluşyñy diýsene. Adamyñ onda-da seni jany, durky, dünýäsi bilen sõýen adamyñ gadyryny diñe ýitireniñde bilersiñ diýileni boldy meniñki. Sen gideniñden soñ meniñ diñe bir õýüm däl, eýse tutuş dünýäm boşap galana dõndi. Meniñ dünýämde nähili ornuñ bolanlygyny näme üçin şol wagtlar saña aýtmadymkam?! Seniñ dünýäñ gõzelligi tükeniksiz mähir derýasy bolup ol häzir häzirlerem meniñ õmrümi çoýup dur. Seniñ diýseñ owadan kalbyñ bardy. Sen gõýä dünýäni õzgertmäge ýagty jahana gelen ýalydyñ.Sen ýagşylygyñ, yşkyñ melegi ýalydyñ. Sen ähli zatdan her bir hereketden gowulyk gõrmegi başarardyñ. Meni bolsa hiç ynjytmajak bolardyñ. Men bolsa juda läliksiredilýänimdenmi ýa mydam sen meniñ ýanymda bolarsyñ, meni taşlap gitmersiñ diýen ynanjymdanmy hiç saña sõýgi sõzüni aýtmandyryn.. Ahh, Ýusubym..Ýusubym! Seniñ: "Sõýgi Allanyñ Ýaradan ajaýyplyklarynyñ "Şasydyr- Gõzbaşydyr" Bir sõzde bolsa ol Gudratdyr. Diñe şonuñ üçindir şu wagta çenli, häzirem, indem onuñ waspyny- hiç bir zada deñäp bolmaýanlygynyñ asyl sebäbi. Beýik Biribaryñ Älem jahany ýaradaly bäri bolan bolýan we boljak ähli "iñ-ler" şol "Gudratda"-Sõýgide jemlenendir" diýen kesgitlemäñ manysyna hem seni ýitirip has çuñ düşündim. Sen meniñ sõýgi perişdäme õwrülip gõzlerimden ýitip barşyña: "Mähri ynanýarmyñ? Ol ähli zatda Danalaryñ Danasy, diline düşünseñ ol - Sõýgi ähli üstünliklere barýan Ak ýoly salgy berer. Şol ýolda ikilik edilmese onda onuñ açary eliñde biläý...Girersiñ hazynañ çetinden, onsoñ aýt tapmadyk zadyñy" diýip dünýäni ajaýyp duýgularyñ bilen ýañlandyryp barýarsyñ..Men bolsa sensiz dogjak günleri garşylamakdan gorkýan. Dañyñ atmazlygyny isleýän, hat-da ýatlamalarymda bolsa-da hiç kimiñ senli günlerimi menden almazlygyny, bir pursat-da bolsa senli ýatlamalamdan meni oýarmazlyklaryny isleýän..Duýgularymda, gal Ýusubym! © NURDAN | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |