08:53 Düýş | |
Gözlermiñ içine gorky gaçypdyr, Ýerdäki, möhletim bolupdyr tamam. Dirilik suwumy ajal içipdir, Saklandy zaman. Günähim dag ýaly sogabym zerre, Edilmeli işler galypdyr ýarym. Ýalñyşlarym, üçin garaşýar dürre, Duýýan ýok halym. Bizi, bendi eden hokga baz dünýe, Gara görkezenok ýakyn uzakdan. Ynsany, barmakda oýnan Iblisler, Ýatyr duzakda. Geçmiş, kino deýin lentadan geçip, Tanadym özümi giç boldy emma. Ýaradan, öñünde gara der seçip, Hasap berdim her bir ýazylan jümlä. Boljak zatlar gözlerimde janlanyp, Düýşde Tañrym maña syryn açypdyr. Sorag-jogap günün, *ýat edip* bu gün, Kalbymyñ, içine gorky gaçypdyr. © Süleýman TEKÄÝEW *ýat edip*- ýatlamak manysynda alyndy. | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |