05:57 Dymýan | |
DYMÝAN Dymýan. Ah, näler kyn bolsa-da Ýene dymýan. Içimde bolsa oýanýar Gaýnagy ýeten Ýanardag. Garañky otagdan köçäñ Ýagtysyna bakyp dymýan, Derdimi gozgan bu güýzüñ Çagbasyna bakyp dymýan. Şemdandaky goşa şemi Uzak-uzak ýakyp dymýan. Öñ şeýle kän aglardym men Eşitmediksyrardyñ sen. Öñ mähir bile bakamda Esetmediksirärdiñ sen. Bir gün dymmazlygmy isläp Aglaý-aglaý ýalbararsyñ. Dirikäm gowşurylmadyk Güli mazara goýarsyñ. Elbetde ykbalym ýalkap Seni menden soña goýsa, Setirlermi okap-okap Içiñ burup ökünersiñ. Ýöne bulardan maña nä? Men eýýäm başga älemde Günähim - sogabym bilen Nobatyma garaşýarkam, Bakylyk karary üçin Agyr şertde göreşýäkam Sen düşermiñ, heý ýadyma?! Munda bolsa bir çümmüjek Üns-aladadan başga Näme gerekmiş adama?! Aý bor-da. Barybir dymýan Wulkan çogup gelýär herhal. Daglar deý göwräm ýarylyp Param-parça borun belkäm. Ah,şeýle kyn,şeýle çetin Bolsa-da dymýan nädeýin. Soñra wagtyñ özi aýdar Saña birmahalky dymyp Kän-kän zat hakda aýdanym © Meñli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |