20:42 Edähet/toplum/ | |
AKWARIUM Irimtik süňkleriniň daşyna ýukajyk deri örtülen diýmeseň, äkidip, anatomiýa dersinde görkezme esbap edäýmeli arryk adam, ýassanyp ýatan ýerinden, syryşyp ýatan barmaklary bilen, ujy köze sokup goýulan çişi aldy-da, ony ernine gysdyrylan tüýdige golaýlatdy. Muny görüp, garşysynda keseren giýäbendem gyzan syh bilen içi mazaly ýakylyp arassalanan bir bogun gamyşy dodaklap öňe omzady. Tüýdikleriň uç-uja birigen ýerinde dym-gyzyl bolan çiş, aýallaryň saça dakynýan temençesine sünjülen ulurak gara “kişmişe” basyldy. Jyzyrdap çykýan ala tüssäni, tüýdikçiler bir-birinden gysganyp demligine dartyp ýatyrlar. Öýkenleri dumandan dolansoň uludan haşşyldap, käselerindäki ajy gök çaýy başlaryna çekensoňlar, eli çişli kişi barlygyna gaty bir üns berilmedik üçünji ýoldaşlaryna söz gatyp ugrady: Beýleräkden uzanyber-haw! Bular ýaly wagtda mürehede garaşsaň boş galarsyň. Adam bolup ýör-ow bü. Hm-m. Taşlanmyş – diýip, ikinjem söze gatylyp galdy. Taşlapdyr? Nädip taşladyň-aý? Oglanlar, şu size bir gürrüň. Şuny taşlamak ýaly aňsat zat ýok eken. Hä? Hawa, itiň aňsady. Meň bir ülpedim bolardy, şu zat döräli bäri ýapa-ýassan. Gürp-tarp goýdy oturyberdi. Baý, bir semredem, görgüli, taşlansoň. Öwret diýdim. Nädip taşladyň öwret diýip aýagyna ýykylyberdim. Sebäbi bir gezek lomkam tutup janymy alyp gelýäkä, oguljygym öňümden ýörjen-ýörjen bolup çykyp, aýagymdan ýapyşanda, depip goýberäýipdirin. Ýekeje çagamy. Şu ynanmarsyňyz ýigitler, ejem näresse bir urandyr. Ýere ýykyp, üstümde oturyp eline kamaý gelen zat bilen salyp otyr. (Agyran-ynjan ýerim ýokla) Soň güýji ýetmän kemperip ýatan agzy bilen dişlän bolýa. Käşgä dişi bolsa, pahyryň. “Çagaňa el galdyrdyň, sen indi gutaran adam. Süňküňi eredýänçä gidýän indi, öliň zeýkeşden çykýança goýmaýaň” – diýip bir aglandyr. Eje diýdim. Seň aglan günüň men ýok diýdim. Gitdim dostumyň ýanyna. Aýt, guluň bolaýyn goýdur şuny diýdim. Elime bir paket “şykalat” berdi. 150 gram dagy bar ol. “Men saňa goýdur diýsem, üstüne goýdurjak bolýaňmy” - diýdim. Tut şuny diýdi. Çagalaryna aýtdy, akwariumy äkel diýdi. Zyp gidip getirdi. Onbäş litirlik dagy bar. “Şuny suwdan doldur, munam gowy edip ez. Her gün kiçijek çaşka bolýamy käse bolýamy bir käse iç, bir käsede suw guý” - diýdi. Şeýdip gün-günden dozasyny kemeldip-kemeldip, ahyram taşladym. Ýöne, ynanmarsyň, şu bir humar tutan wagty şol gapdan bir käse suw içmesem, hiç zat bilen wejim bolmanam gezdim. Özüňi aldamakda. Heleýe içirip görýän. Näme şu diýsem “suw”diýýä. Iki aý ýaly diňe şoň suwundan içip, ahyry taşladym. Bäh, ýamman aňsat ekeni ol-a – diýip, çişe elini uzatdy. Ol barmana ýoldaşam tüýdügini taýýarlap ýetişdi. HORTAŇ Bäş-alty aýdyr, aýagymyň agyrysyna çydap bilemok. Gijesi bilen owkalap, aýalymyňam eli ýolunýa. “Güni bilen depämden gum sowuryp ýörenim ýetmeýän ýaly, bulam bir meň maňlaýymyň şorydyr-da” diýip, igenip öldürip barýa olam. Çydamadym. Gitdim lukman inimiň ýanyna. Jan inim, meni bir gutar şu beladan. Bolmasa kesip zyň gyzyňy alaýyny. Arabada geziberjek. Şundana gowy bolar. Janym agam, araba nädip götersin seni? Aýaklaryň göterip bilenok-la. Horlanmaly, horlanmaly ýene bir gezek horlanmaly. Menden semizlerem gezip ýör-ä how. Senem gaýdyp ýanyma gelmesin diýip edýäňmi, näme? Başyň çykmaýan bolsa, aýt: agam, menden Aşgabadyň kafelerini sora, otuzdaky piwnuşkalary sora diý. Men seň ugradan pullaryňy şolardan geçirdim, bu soraýan zatlaňdan nol men - diý. Jan aga, ynanmasaň... Ynanamok. Kömek edibiljekmi ýokmy, şony aýt. Welli-wülliňi tüket. Edeýin, agam. 19-njy kabinede bar. Aky Saparowiç bardyr. şondan güýçli spesialist ýok. Şeý diý. Bilmeseň bilýäni salgy ber. Bor, agam. Meň adymy berseň, bezoçyrt kabul eder. Salgy berilen gapa bardym. Ilk-ä hiç kim ýokmyka diýip, yzyma gaýtjak boldum. Hälem özi çagyraýdy. Çagalaň iýýän çöpli süýjisi ýaly, kellesi özünden ullakan biri otyr, ak haladyň içinden gözläp tapmaly, arryk. Aýagym agyrýa diýsem, gan tabşyr, peşew tabşyr diýýä. A-haw, han aga, aýagym agyrýa meň, aýagym. Rentgen et, şöhlä tut, Güne tut, gany näme etjek. Ýa, senem Wepbi ýaly... Ýaşuly, şu ýere şypa gözläp gelen bolsaň dogtaryň aýdany bilen bol. Ýogsa-da, senden başgada müň adam bar. Bäş gram gan bereniň bilen harmanyň egsiljek bolup durmy, bu göwräň bilen. Aýagymyň agyrysy galýa dälmi şoň bilen? Nesip bolsa, bizlik mesele bolsa, sagaltman goýberenimiz-ä ýokdur, ýaşuly. Analizlere garaşyp irikgä boldum. Şonça garaşanyma görä neplenip giderin diýsem, çöpli süýji başga köçeden gopdy: Ýaşuly, öz analizleriňmi şü. Ýok daş mamamky. Bäş litire golaý ganymy içdiňiz, meňki bolman kimki bolsun. Sowatsyz gürleme, ýaşuly. Gan içip, biz ganhor däl. Onsaňam, adamda jemi bäş litr gan bolýa. Baryny alan bolsak, bu wagt garşymyzda oturmazdyňyz. Özüňkimi diýýänim, gat çylşyrymly, neponýatnyý ýagdaý bar. Sen näme et diýsene, ýaşuly, ertir irdenjik duz datman, suw içmän göni meň ýanyma gel. Men sizi nobatsyz kabul edeýin. Täzeden analiz tabşyrmasaňyz bolmaýa. Ertirem güni bilen kakylyp oturmalymy şu ýerde, analize garaşyp. Eger bir gün kakylyp oturmaga çydamasaň, soň aýagyňy uzadyp ýatarsyň Ýekeälemiň böwründe. – baý, bu çöpli süýjiň dilä, meňkidenem beter, dograp duzlap duran eken. Aýdylan wagtda, duzam datman, agzymam çaýkaman geldim. Ullakan göwüsli, tyrsyldap duran gelin ýene gan aldy. Nas kädi ýalyja çüýşänem peşewden pildiredip ellerine tutdurdym. Iki sagada golaýam balyk tutjak ýaly irkilip oturdym. Analizleri görüp, kädi kelle ýene ör-gökden geldi: Analizleri anyk özüň tabşyrdyňmy, ýaşuly? Sen näme iki gün bäri meň üstümden gülmek üçin çagyrýaňm-ow meni? Gyzyşybermesene, ýaşuly. Men ýöne düşünemok. Eto prosto neponýatno. Nämesi nepanýatnymyş oň? Düşünmeseň sowady ötgürräge ber, okasyn. Siz göwreli. Näme? Göwreli. Agyr aýak. Boýuňda bar. – Ömrüm bina bolup, bular ýaly samsyk zat eşidip gören däldirin. Hiç kimiň meni beýle kemsiden, beýle üstümden gülen ýeri ýok. Sen dälirediňmi dogtar? Aýdyp duran zadyň näme? Ine, ýaşuly, seret, üç aýlyk göwreli. Abort ederdenem giç bolupdyr. Bilemok, biri oturşmada-turuşmada, aragyňa zadyňa bir zat gatyp beripmi. Ýa naharyňa goşupdyrlarmy ýa özüň... Hi-i, goýawer dogtar. Aýdýanyň näme seň! – Özümi gaty erbet duýdum. Ysgynym gaçyp, aýaklam diýen etmejek bolup ugrady. Näme diýsene, ýaşuly, Swetlana Matjanownaň ýanyna baryp göreli, güýçli genikolog. Şoň bilen maslahatlaşyp göreli. Eto prosto neponýatno. Bu medisinada gabat gelen zat däl. Ady agzalan dogtar, kim şol, şoň ýanyna bardyk. Saçyny dagyny keçä gaçan pampaza ýaly edip, şol bolşuna-da diktumşuksyran bolýa. Analizleri görüp, olam serpmeden gaýdan ýaly boldy. Olam şo zatlary gaýtalady. Içimi ýakjak bolýan ýaly “Görkmäň, bizde päsientleň ýagdaýy sekretni şaklanýäý” diýen bolýa. Siz bilensoň oň sekredi galdymy. Asyl-a bu bela maňa nireden ýolugyp ýörkä. Il-gün näme diýer. Öýe nädip gelenimi bilemok. Jaýa gabalyp, üstümem ýapyp ýatyberdim. Abort edip bolmasa, garnyňy telär ýaly edip köçä çykyp bolmasa, märeke-mediwana görünip bolmassa. Adam pahyr näme, ne gün görse-de ýaşajak, Özleri alýança amanat jany tabşyryp bolmasa. Tünekden çykman, aýak ýolunada arka howludan gatnap, kim gelse ýok diýdirip geziberdim. Laýyk dört aý tegelenende inim geldi, derdimi soramaga. Ýeri-haw, agam, iňňä sapaýmaly bolupsyňa, esen-aman eliňe aldyňmy? Näme? Gyzyňy aýtmaýynyň sary saçy, sekretni saklarys diýen bolýadyla. Jaýa gabalyp ýatanym bilen, daşarda uly il gep ýassyk edinäýdimi ýa, meni? Ýok-la, uly il-ä däl, bir üçimiz bilýäs işde. Üçimiz? Haý, enesi ýalamadyk, melgun! Haý, uçgura çyrşalyp, ýuwulyp gitmedik, bihepbe! Çyk öýümden, nazaryňy görmäýin. Nazaryňa .... Dur-dur, aga, möjügiberme. Aýagyň agyrýamy? Aýagyň agyrarmy ýüz otuz bäş kileden ýetmiş ikä gelseň. Men näme diýdim saňa? Öz ugrumyzdan başymyz çykmasa-da, otuzyň piwnuşkasynda şeýdip, kän adamyň aýagyny sagaltdyk. SILKME Obamyzda Selim silkme diýip biri bar. Biri baryň nälet okan adamy. Syrgynda, şuňa gargynmaýan aýal-ebtat, şuny ýigrenmeýän gyz-gelin ýokdur. Ýogsam, bir maýasy ýumşak oglan. Oglan diýýänim, öýlenmedik adam. Hiç kime azary-bizary ýeten adam däl. Aýyplykda, bir Taňry gargan endigi bar. Oglanka ýüzüni örtüp duran çokuly bardy. Hol, erkeklere saç ösdürmek ýoň bolup ýören döwürler. Bu ýelterlenip, gözüne düşen saçy eli bilen ýygnaýman, kelle bilen silkip goýberip, şondanam, endik bolup galypdyr. Ine bir günem, Han Garataý aýaly bilen garşysyndan gelýäkä, silkmeligini eden. Han Garataýam näme, namysynyň guly, tutan aýalynyň bokurdagyndan. “Saňa baş atdy, oýnaşyňmy? Öýe-de baryp oturma” – diýip, şol ýeriň özünde, keýwanysynyň talagyny berip gaýdan. Ýogsam, silkmäň o keselinden bihabar adam ýok, obada. Soň köp wagt geçmänem, “Selim silkme Garataýyň aýalyna öýlenipmiş” – diýen, myş çykdy. ÇAKYLYK Howaň birden sowan wagtlarydy. Baýrammämmet agaň ejesi gaýdyş etdi. Ýaşulylar sekide otyr. Biz hatary ýaş oglanalaram, hyzmata kamaý bolup, köçäň ugrunda bir hatara düzülip durus. Içki jaýlaň birinden aýallaryň ahy-nalasy çalaja eşidilip dur. Bir wagtlar, Anna çüýşeli öňe bir ädip, yza iki ädip geldi. Gelip hemmämiz bilen salamlaşyp, hataryň çetine geçip, elini gowşuryp duruberdi. Üst-başyndan, gürlän wagty agzyndan, jähennemiň ysy kokap dur. Biraz duramyzsoň, namaz ýeriň ogullarynyň biri gelip, çakylygy bölüp başlady.”Pylankes, sen pylan köçä. Sen pylany köçä” Anna çüýşelem her köçäň ady tutulanda Şurigiň kinosyndaky ýaly, “men” diýip, bir ädim öňe çykýa-da, “hyk” edip hynçgyryp goýberýä. Duranlaryňam, öý eýesiniňem muňa gahary geldeni magat görünip dur. Soň, ahyry maňa-da bir köçäni birikdirip geçip, Anna çüýşelä-de öz köçesini tabşyrdy. - boldy-boldy, arkaýyn bol, hyk. Soň öý eýesi yzyna gaýdyp gidensoň, ýaňky, aýagynyň üstünde zordan duran ýerinden, maňa gaňrylyp sorady: - Ertir 12-demi? - Hawa-hawa. - Bagşyly diýdimi? 21.11.2019 © Umyt KÜLE. | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |