14:30 «Eger onuň göwnün ýykjak bolsaňyz...» | |
* * * Eger onuň göwnün ýykjak bolsaňyz, Ýalandan ýykmaň. Çyndan ýykyň, Gaýdyp dikelmez ýaly. Arzuwyn, umydyn ýakjak bolsaňyz, Köredip goýmaň, Kül ediň, Uçgunam döremez ýaly. Şatlanan gününde üýşüp daşyna, Gussa bürenende, Gaçyň-da, Geçiň siz, Kalbyňyz goraň. Ol ýeke-de çeker, asla basylmaz, Derdi elemden. Onuň betbagtlygy size bagt berip, Gussa çoýsa ruhunyň barlygy. Ruhy guluňyz, Ýok edip ony. Ýedi gat Zeminiň astyna gömüň, Dirilmez ýaly. Ýöne welin indi galp sözler bilen, Iki dünýäň dälisine öwürmäň. Başarmasaňyz-da Pursat dörediň, Ýaşary ýaly. © Maksatmyrat ÇARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
0
0
| |