17:56 Ejeme | |
EJEME Ana geldi, joralary ejemiň, ,,Täze ýyly", gutlap ýörler mazaly. Öň şulara goşulýardy ejemem, Derdi bilen, duýmasada mazany. Hudaýa öwredip bolýamy näme? Şatlyk bilen derdi özi paýlaýa. Obaňda uludan toý tutýar biri, Başga biri ejesini jaýlaýa. Ýüregme gam geldi, hemmäň şat güni, Bol-telki saçakda kemlik duýulýar. Diri güni söýgä mätäç bolanlar, Diňe ölenden soň, artyk söýülýär. Ogulgözel bilen, Orazgül geldi, Täze ýyly gutlap ýörler mazaly. Bu adamlaň ýüreginde şagalaň, Meň ýüregim ejemjanyň mazary. 03.01.24 © Ýazmyrat ÇÖRLI | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
0
| |