10:50 Eljernon üçin güller / 12 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 12 (dowamy) 3 maý Geçmişimi ýatlamda, hakykatdanam bir zatlaryň bolanyny, ýa-da göwnüme şeýle bolup geçen ýaly görünýänini ynam bilen aýdyp bilmeýänligim ähli zatdan beter ynjalygymy bozýar, belki-de men hemmesini toslap tapýandyryn. Ömrüniň ýarysyny uklap geçiren, indem ukyda ýatan wagty kim bolanyny bilmek isleýän bir adama meňzeýän. Gije basyrganyp düýş gördüm, kä bir ýerleri ýadymda. ... Alatozandan ýaňa hiç zat saýgarman, uzyn bir dälizden ylgap barýan. Öňe ylgaýan, soň öwrülip yzyma ylgaýan. Gaty gorkýan, çünki jübimde bir zatlar gizlengi. Onuň nämedigini, nireden gelenini bilemok, emma ony menden almak isleýändiklerine aklym ýetýär. Birden diwar ýykylýar, opurylan ýerden mor saçly bir gyz çykyp, elini maňa uzadýar. Ýüzi solgun maska ýaly. Ol meni gujaklaýar, öpýär we göwünlik berýär, ony gujagyma berk gysasym gelýär, emma gorkýan. Ol meni goýberenok, men bolsa barha gorkýan, sebäbi bir zenana asla ýanaşmaly däldigimi bilýän. Içimde bir zatlaryň möwç urýanyny we sandyraýanyny duýup başlaýan. Ýyly bolýar. Başymy galdyrsam, onuň elinde gana bulanan pyçak görýän. Gaçmaga başlaýan. Jübimde zat ýok. Jübülerimi dörjeleýän, ýöne nämäni ýitrirenimi ýa-da ony näme sebäpden gizlänimi bilemok. Oýanyp Alisany ýatlamda, meni edil düýşümdäki ýaly howsala gurşap aldy. Men nämeden gorkdum? Belki bu, nähilem bolsa, pyçak bilen baglydyr. Kofe edindim, çilim çekdim. Ozal hiç beýle düýş görmändim we munuň düýbüniň geçen agşama direýänini anyk bilýän. Alisa hakynda başgaça pikir edip başladym. Erkin assosiasiýalar – entegem gaty azaply proses. Pikirleriňi kontrol etmegi taşlaýmak örän kyn zat... Beýniňi giňden aç, islendik zadyň oňa guýulmasyna rugsat ber... Keşpler stakandaky suw köpürjigi ýaly ýarylyp gidýär... wanna otagy... aýal ýuwunýar... gyz... Norma suwa düşünýär... Açar deşiginden jyklaýan... Süpürinmek üçin ýerinden turýar, men onuň bedeniniň özümiňkiden tapawutlydygyny görýän... Bir zatlar-a ýetenok. Koridorda ylgaýan... Kimdir biri meni kowalaýar... ol adam däl... lowurdap duran äpet bir aşhana pyçagy... Gorkyma gygyrmakçy bolýan, emma sesim çykanok, bokurdagym kesilipdir we ondan gan akýar. – Eje, Çarli meni yşyklaýar! Ol näme üçin tapawutly? Oňa näme boldy…? Gan... derýa bolup akýan gan... Üç kör syçan... üç kör syçan. Olaryň ylgaýşyny! Olaryň ylgaýşyny! Olar guýruklaryny aşhana pyçagy bilen kesen fermeriň aýalynyň yzyndan ylgaýarlar. Munuň ýaly zady görüpmidiň? Üç... kör... syçan... Ir ertirden aşhanada Çarliniň ýeke özi. Entek her kim ukyda, ol bolsa özüniň ýüpi bilen güýmenýär. Ine ol ebeteýsiz öwrülýär we köýneginiň iligi üzülýär. Ilik çylşyrymly nagyşly linoleumyň üstünden togarlanyp, wanna otagyna tarap gidýär we Çarli ony gözden ýitirýär. Hany ilik? Çarli gözläp wanna otagyna girýär. Ol ýerde içi hapa eşikli gapyrjak bar, Çarli ondaky eşikleri dörjeläp, synlamagy halaýar – kakasynyň eşikleri, ejesiniňki... Normanyň eşikleri. Bir gezek bulary geýip Norma bolansyranda, ejesi oňa gowja şapbat çalypdy. Normanyň gan yzlary bolan içki geýimine gabat gelende howsala düşüpdi. Oňa näme bolduka? Belki, özüni ýaralan kişi häzir onuň jigisini aňtaýandyr... Näme üçin bu ýatlama beýlekiler ýaly ýadymdan çykyp gitmedikä? Näme üçin bu maňa gorky salýar? Munuň Alisa bolan duýgularym bilen nähili baglanyşygy bar? Näme üçin aýallardan uzak durmalydygymy öwredilenine, indi düşünmäge başlaýan. Alisa bilen beýle gepleşmeli däldim. Aýallar barada pikir etmäge meniň hakym ýok – häzirlikçe ýok. Näme üçin maňa her kim, adam bolup başlanymy gaýta-gaýta aýdýarlar? Men mydama-da adamdym, hat-da hirurgyň pyçagy maňa degmezden öňem adamdym. Men – adam... Men söýmeli. 8 maý. Jenap Donneriň arkasynda nämeleriň bolup geçýänini indi bilsemem, muňa ynanmak kyn düşýär. Bir zatlaryň ters gidýänini ilkinji gezek iki gün ozal aňdym. Jimpi stolyň aňyrsynda hemişelik müşderimizе bezelen torty gaplap dur. Bu tortuň bahasy 3 dollar 95 sent. Jimpi kassany şaňňyrdatdy we onuň aýnasynda 2,95 sanlary ýazyldy. Ýalňyşyny düzetmek üçin agzymy açamda, birden stoluň aňyrsyndaky aýnadan müşderiniň keýp bilen gözüni gyrpanyny gördüm, Jimpi hem oňa jogap edip ýylgyrdy. Müşderi gaýtargysyny aldy, men Jimpiniň aýasynda ullakan kümüş puluň ýalpyldanyny we çaltlyk bilen ýarym dollary jübüsine salanyny gördüm. Içerik giren aýal: – Çarli, entek eklerler gutaran däldir-ä? – diýdi. – Häzir göreýin. Bu zatlar biygtyýar şaýat bolanlarym hakda oňatja pikirlenmegime itergi berdi. Elbetde, Jimpi ýalňyşmady. Müşderä bir dollary bilgeşleýin kem urdy, olar biri-biri bilen gaty gowy aňlaşdylar. Hersi özüne düşen paýy aldy. Näme etjegimi bilmän, çäresiz diwara ýaplandym. Jimpi on bäş ýyl bäri Donneriň elinde işleýär. Donner öz işgärlerine mydama ýakyn dostlary ýaly garaýardy we Jimpiniň maşgalasyny birnäçe gezek agşam naharyna hem çagyrypdy. Bir ýere gidende Donner ony öz ýerine goýup giderdi, şeýle-de Jimpiniň aýalynyň hassahana çykdajylary üçin oňa pul bereninem eşitdim. Şonuň ýaly adamdan zat ogurlmagy aklyňa sygdyryp bolanok. Bärde başga bir sebäp bolmaly. Meselem, Jimpi tötänden ýalňyşandyr, ol ýarym dollar bolsa – bary-ýogy çaý pulydyr. Ýa-da jenap Donner hemişelik müşderiler üçin bahany aşaklatmaga rugsat berendir. Goý, näme bolsa bolsun, ýöne Jimpi ogry bir bolmasyn. Nähilem bolsa, ol maňa hemişe gowy garaýardy. Hiç zadyň anygyna ýetmek islämokdym. Ekler getirip berdim we bulkajyklary tekjäniň üstüne ýerleşdirmäge başladym. Kassanyň aýnasyna bolsa gaýdyp seretmedim. Emma... içerik mor saçly keltejik aýal girdi – ol hemişe ýaňagymdan çümmüklärdi we maňa ýakynda gyz tapyp berjek diýip degişerdi – onuň mydama diýen ýaly Donneriň ertirlik edinýän we Jimpiniň satyş stolynyň aňyrsynda duran wagty gelýäni ýadyma düşdi. Ol sargytlaryny öýüne eltip bermegim üçin köplenç meni ugradardy. Men onuň satyn alan zatlaryny biygtyýar hasapladym: 4 dollar 53 sent boldy we Jimpiniň kassa näçe urýanyny görmezlik üçin arkama döndim. Hakykaty şeýle bir bilmek isleýärdim, şol bir wagtda hem ondan gorkýardym. Jimpiniň sesi gulagyma degdi: – Iki elli üç, hanym Uiler. Kassanyň şakyrdysy. Gaýtargynyň şaňňyrdysy. Stolyň tyrkyldysy. – Minnetdar, hanym Uiler. Yzyma öwrülen wagtym, onuň eli jübüsindedi we şaýy pullaryň pessaýja sesi eşdilip gitdi. Sargytlar gowşurylanda ol näçe gezek meni araçy edip ulandyka? Aradaky tapawudy kim bilen paýlaşdyka? Oňa şunça ýyllap ogurlyk etmäge kömek etdimmikäm? Satyş stolynyň arkasyndaky işine jan edýän Jimpiden gözümi aýryp bilemok. Onuň keýpi kökdi, göçgünlidi, ak şapkasynyň astyndan der akýardy. Ýöne, ine ol meniň seredýänimi gördi, gaşyny çytdy we yzyna öwrüldi. Ony urasym geldi. Stolyň arkasyna geçip, gowy edip ursadyň. Mende öň şeýle islegiň bolany ýadyma düşenok... Otagymyň ümsümliginde duýgularymy kagyza dökdüm. Peýda etmedi. Jimpiniň jenap Donnerden ogurlyk edýäni ýadyma düşende, bir zatlary döwmek, çym-pytrak etmek, mynjyratmak islegi gurşap alýar. Zulum etmäge ukybymyň ýoklugy gowy bir zat. Ömrüme hiç kimi bir gezegem urup görmedim. Bir netijä gelmegim gerek. Jenap Donnere, özüne ynanyşy ýaly ynanýan kişisiniň ogrudygyny aýtmalymy? Jimpi boýun almaz, menem hiç zady subut edip bilmerin. Jenap Donneriň özi beýle habary nähili garşylar? Näme etmelidigini bilemok. 9 maý. Gije gözüme uky gelmedi. Jenap Donnerden ogurlyk edilmegini arkaýyn keseden synlap biljek däldim, sebäbi onuň eden ýagşylyklarynyň öňünde özümi juda borçly duýýaryn. Sesimi çykarman dursam, Jimpiniň jenaýat şärigi bolaryn. Emma, ony degişli ýere habar bermäge meniň hakym bir barmyka? Onuň hapa işler etmegine özümiň kömek bermegim meni has beter biynjalyk edýär. Entek hiç zada düşünmeýärkäm, menden hasap soralmazdy, emma häzirki dymmagym meni edil Jimpi ýaly jenaýatça öwürýär. Hawa, Jimpi meniň bilen bile işleýär. Üç çagasy bar. Eger Donner ony kowaýsa? Tagtadan aýagy bilen onuň başga iş tapjagy gümana. Maňa name, bu zatlardan? Bu ýerdäki ýaňsy şu ki, hiç bir bilim, hat-da giň göwrümlisi hem bu kiçijk meselejigi çözmäge ýardam bermeýär. 10 maý. Professor Nemura ähli zady aýdyp berdim. Munuň maňa degişli ýeriniň ýokdugyny, soňunyň juda ýakymsyz boljak bu işe bulaşmagyň düýbünden gerek däldigini aýtdy. Meniň araçy hökmünde ulanylmagym, oňa hiç hili täsir etmedi. Eger şol wagtlar bolýan işlere düşünmedik bolsaň, diýmek seniň işiň – gapdala çekilmek – diýdi. Seniň günäň hamala bir pyçagyň adam ýaralandaky ýa-da bir maşynyň adam kakandaky günäsinden artyk däl. – Meni dilsiz-agyzsyz demir bilen deňeşdirmäň! Men – bir adam. Ol ilki bada aljyardy, soňra güldi. – Dagy näme, Çarli. Ýöne, men operasiýadan öňki bolan zatlar hakda aýdýaryn. Her zatdan hoşal, ulumsy – onuňam ýüzüne bir ýumruk atasym geldi. – Operasiýadan öňem men adamdym. Eger unudan bolsaňyz... – Elbetde, elbetde Çarli. Emma, maňa dogry düşün... Hemme zat başgaçady... – ol birden biriniň keseliniň taryhyny barlamalydygyny ýadyna düşürdi we gaçyp gitdi. Doktor Ştraus. Ol biziň psihoterapewtik seanslarymyzda köplenç geplemän oturýardy, ýöne öz aladamy agzamda, jenap Donnere ähli zady aýdyp bermegim meniň borjumdygyny aýtdy. Bu barada näçe köp pikir etdigimçe, şonça-da ähli zat çylşyrymly görünýär. Kimem bolsa biriniň bu düwüni çözmegi gerek we bil baglap boljak ýeke-täk biri bar, olam – Alisa. On biriň ýarynda ahyry belli bir karara geldim. Onuň nomerini aýlap, üç gezegem trubkany goýdum we diňe dördünji gezek onuň jogap bererine özüme zor salyp garaşdym. Ilki başda meniň bilen täzeden duşuşmak barada eşitmegem islemedi. Emma, men ýeň bermedim: – Saňa mätäçligim bar, sen mydama gowy maslahatlar berýäň. – Entek ol ikirjiňlenip durka, men üstüni ýetirdim: – Sen maňa kömek etmeli! Maňa garşy jogapkärlik duýýänyňy özüň aýtdyň ahyry. Sen bolmadyk bolsaň, men hiç bu wakalara girmezdim. Sen meni asla başyňdan sowmaly dälsiň! Sesimden bir zatlar duýan bolsa gerek, çünkü edil şol agşamlyk edinen kafede meniň bilen duşuşmaga razy boldy. Trubkany goýup, telefona dikanlap bakdym. Onuň edýän pikirini, duýgysyny bilmek, maňa näme sebäpden beýle möhümkä? Ýyl boýunça meniň diňe bir islegim ony begendirmekdi. Şol sebäpdenmikä oprerasiýa razylyk bermegim? Kafeniň ýanynda köp wagtlap eýläk-beýläk ýöredim durdum, tä uzakdaky polisiýanyň maňa şübheli bakyp başlanyna çenli. Men içeri girip bir çaşka kofe aldym. Bagtyma, geçen gezekki oturan stolymyz boş ekeni... Alisa meni derrew gördi we elini galgatdy, ýöne ýanyma gelmezden öň satyş stolunyň ýanynda eglenip, özüne kofe alyndy. Ol gülümsiredi, munuň sebäbine derrew düşündim – bize tanyş bu oturan stolymyz. Bu romantiki tötänlik. – Elbetde, eýýäm giç boldy – diýip, men ötünç soradym – ýöne, ant içýän, seniň bilen hakykatdan gepleşmegim gerek. Men tas dällireýärdim... Ol kofesinden owurtlap, meniň Jimpiniň etmişiniň üstüni açyşym, öz duýgularym we maňa berlen gapma-garşylykly maslahatlar barada beren gürrüňimi sesini çykarman diňledi, soňra oýa batyp şeýle diýdi: – Çarli, men saňa gaty geň galýan. Soňky döwür sen şeýle ösdüň, ýöne şonda-da çaga ýaly ýaýdanyp dursyň. Seniň ýeriňe men karar berip bilmerin. Ömür baky çaga bolup galmak islemeýän bolsaň, onda başga kişileriň maslahatyna garaşmagyň gerek däl. Çözgüdi öz içiňde özüň tapmagyň gerek, nämäniň dogry boljagyny duýmagyň gerek. Özüňe ynanmagy öwren. Içki gozgalaňym ýetjek ýerine bardy we birden onuň näme diýjek bolýanyna aklym ýetdi. – Onda näme, size görä, meniň özüm... Ol baş atdy. – Eýýäm käbir zatlara düşündim. Göwnüme, Ştraus bilen Nemuryň ikisem mamla däl öýdýän. Maňa dykgat bilen seretdi. – Saňa bir zatlar-a bolýar, Çarli. Şu wagt ýüzüň başgaça! – Dogry aýdýaň! Bir zatlar bolýar! Öňümde bir tüsseden perde bardy, senem bir gezejik üflediň welin perde ýok boldy. Gaty aňsat bir pikir. Özüňe ynanmaly. Beýle zat öň aklyma-da gelmezdi. – Berekella saňa, Çarli! Men onuň elinden pugta ýapyşdym. – Sebäpkäri sen. Sen gözlerime eliňi degirdiň we maňa yşyk sowgat berdiň. Alisa gyzardy we elini çekip aýyrdy. – Geçen gezek, seni gowy görýänimi aýdypdym. Ýöne has dogumly bolup seni söýýän diýmelidim. – Beýtme, Çarli. Biraz garaş. – Garaş!? Şo gezegem şeý diýipdiň. Nämä garaşmaly? – Şş-şş... Nämede bolsa garaş. Okuwyňy gutar we seni nirelere getirjegini gör. Sen gaty çalt üýtgeýärsiň. – Bolanda näme? Saňa bolan duýgylarym asla üýtgemez. Eger has akyllansam, seni has beter söýerin! – Gürrüň bu barada däl... Bolan zat şu – seniň ýoluňdaky ilkinji zenan men boldum. Edil zenan hökmünde. Men seniň mugallymyňdym, ýagny kömek we maslahat soralýan adamdym, şol sebäpden meni söýmedik bolsaň, bu geň bolardy. Başga zenanlara bak. Özüňe wagt ber. – Çagalar mydama öz mugallymlaryny söýýäler, maňa emosional taýdan entek çaga diýjek bolýaňmy? – Gep oýnatma. Sen meniň üçin asla çaga däl. – Emosional taýdan yza galyp ulanan birimi? – Ýok! – Onda näme? – Meni gyssama, Çarli. Bilemok men. Birnäçe aýdan, ýa-da birnäçe hepdeden başga adam bolarsyň. Şonda belki, biz intellektual derejede gatnaşyp bilmeris, emosional taýdan öseňde bolsa, asla meni görmegem islemersiň. Çarli, meniň özüm hakda-da pikir etmegim gerek. Ýaşabereli, yzynam görübereris. Sabyrly bolaly. Elbetde, onuň sözlerinde belli bir many bardy, emma onuň anygyna ýetmäge özüme ýol berip bilmedim. – Geçen gezek... – diýip zordan aýtdym. – Muňa nähili garaşanymy göz öňüne-de getirip bilmersiň... Özümi nähili alyp barmaly, näme gürleşmeli, nähili täsir etmeli... bu barada kelle döwüp, tas dälliräpdim. Seniň gaharyňy getirjek bir zat edäýmäýin diýen pikir meni gaty gorkuzdy. – Men hiç gaharlanmadym. Tersine. – Ýene-de seni haçan görüp bilerin? – Seni özüme baglap goýmaga hakym ýok. – Eýýäm saňa baglananymy göreňokmy näme?! – diýip gygyrdym, ýöne beýleki stollardan bize bakýanlaryny görüp, gahardan ýaňa titreýän sesimi peseltdim. – Men bir şahsyýet, bir ynsan, bir erkek kişi, özümi kitaplar, kassetalar we elektron labirintler bilen çäklendirip bilemok. Ine, sen “Başga zenanlara seret” diýýäň-ä. Başga zenanlary tanamaýan bolsam nädeýin? Töwerekdäki hemme zat senden söz açýar. Kitabyň sahypasyna seredýän we o ýerde seniň ýüzüňi görýän – uzak geçmişden gelen bulanyk bir tegmil däl-de hakyky, janly ýüzüňi görýän. Oňa çalaja elimi degirsem, ýitirim bolýar... Şonda kitaby parça-parça ýyrtyp, penjireden zyňyp goýberesim gelýär. – Çarli, haýyş edýän... – Ýene-de seni haçan görüp bilerin? – Ertir, laboratoriýada. – Ony göz öňüne tutmaýanymy sen bilýäň-ä. Ýogyna gitsin laboratoriýa. Ýogyna gitsin uniwersitet. Ikiçäk görüşme barada soraýan. Göwnemek isleýänini duýdum – meniň erjelligim onuň üçin garaşylmadyk sowgat boldy. Meniň özümem juda geň galdym, emma islegime ýetýänçäm Alisany gününe goýmajagymy bilýärdim. Gorkudan bokurdagym boguldy, elimiň aýalary derledi. Haýsyndan has beter gorkýardym? Onuň «hawa» diýjegindenmi ýa-da «ýok» diýjeginden? Ýene bir minut jogap bermesedi, dartgynlykdan ýaňa özümden gidýärdim. – Bolýar, Çarli. Laboratoriýada bolmasyn, ýöne ýüzbe-ýüzem bolmaz. Entek bize ikiçäk galmak gerek däl. – Islän ýeriňde – diýip demimi goýberdim. – Seniň bilen bolmak isleýärin hem-de testler, hasabatlar, soraglar, jogaplar barada pikir etmegem islämok... Alisa az salym pikirlendi. – Merkezi parkda mugt bahar konsertleri berilýär. Geljek hepde meni şol ýere çagyryp bilersiň. Onuň öýüne gelenimizde, maňa tarap öwrülip çaltlyk bilen meni ogşady. – Gijäň rahat bolsun, Çarli. Maňa jaň edeniňe-de begendim. Ertir laboratoriýada görüşeris. Gapydan içeri girip gitdi, men bolsa tä sönýänçä onuň penjiresiniň yşygyna bakdym durdum. Hiç hili sorag ýok. Ähli zat düşnükli. Men ony söýýärin. (dowamy) © Daniel KIZ Terjime © MANGO ----- Eljernon üçin güller / 1 Eljernon üçin güller / 2 Eljernon üçin güller / 3 Eljernon üçin güller / 4 Eljernon üçin güller / 5 Eljernon üçin güller / 6 Eljernon üçin güller / 7 Eljernon üçin güller / 8 Eljernon üçin güller / 9 Eljernon üçin güller / 10 Eljernon üçin güller / 11 | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |