09:58 Eljernon üçin güller / 13 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 13 (dowamy) 11 maý. Oňatja pikirlenip we birneme azap çekip, Alisanyň haklydygyna akylym ýetdi – öz duýgurlygyma köpräk bil baglamaly. Şu gün Jimpini üns bilen synladym we girdejiniň bir bölegini üç ýola jübüsine salanyny gördüm. Üstesine-de, diňe hemişeki we ynamdar müşderiler bilen şeýle edýärdi we meniň pikirimçe olaryňam günäsi az däl – eger razylyk bermeselerdi Jimpi beýle aňsatlyk bilen ogurlyk edip bilmezdi. Ýöne näme üçin hut ol günä ýassygy bolmaly? Bu pikir meni öz özüm bilen ylalaşmaga mejbur etdi. Belki, gelen kararym artykmaç gowy bolman biler, ýöne bu öz kararymdy we emele gelen ýagdaýa görä maňa iň gowusy bolup göründi. Meniň hemme zady bilýändigimi aňar ýaly Jimpini habardar etjek. Onuň bilen duşda gabatlaşdym. Meni görüp tisginip gitdi we yza çekildi. Haýal-ýagallyk etmän işe girişdim. – Seniň bilen maslahatlaşmagym gerek. Dostlarymyň birinde kynçylyk ýüze çykdy – ol tötänden tanyşlarynyň biriniň öz başlygyndan ogurlyk edýänini gördi, indi hem näme etjegini bilenok. Habar berip, ol oglanyň durmuşyny bozasy gelenok, ýöne dostum başlygyny gaty gowy görýär we bu tertipsizlige sesini çykarman durup bilenok. Jimpi dikanlap maňa bakdy. – Onsoň, ol seniň dostuň näme etmekçi bolýar? – Ine, şol hem iň kyny... Onuň hiç bir zat edesi gelenok. Özüň pikir edip gör, eger ogurlyk bes edilse, ol hakda geplemegiň manysy barmy? Ol bulary unudar goýberer, hamala hiç zat bolmadyk ýaly. Jimpi agaç aýagyny çözýarkä: – Seniň dostuň başgalaryň işine burnuny sokmagy beter gowy görýär – diýip gaharly hüňürdedi. – Bular ýaly zatlara gözüňi ýummaly. Hakyky dostlarynyň kimlerdigini, näme ol bilenokmyka? Hojaýyn – hojaýyndyr, işgärler bolsa birlikde, agzybir bolmaly. – Dostum beýle pikir edenok. – Bu onuň işi däl. – Sesini çykarmasa, günäň bir bölegi oňa-da düşer. Ýöne, aldatmaklygy öz-özünden bes etse, onda aýdyljak zadam galmaýar. Eger tersine bolsa, ol hojaýyna hemmesini aýdar. Nähili pikir edýäň, ogry bu şerti kabul edermikä? Jimpiniň zordan saklanýandygyny gördüm. Meni gaty erbet edip urmak isleýärdi, ýöne çäresiz ýumrugyny düwüp oňdy. – Dostuňa aýt, ol oglanyň başga çykalgasy ýok. – Ine, bu gowy boldy. Meniň dostum gaty begener. Jimpi arkasyna döndi, sesini çykarmady, soňra ýaýdanyp maňa bakdy. – Ol dostuň... Paýa girmek islemezmi? – Ýok. Onuň ýeke-täk islegi – bu zatlaryň tiz wagtda soňlanmagy. Jimpiniň gözleri gahar-gazapdan gyzardy. – Bu işe goşulanyňa sen entek puşman bolarsyň. Men bolsa mydama saňa arka durýardym... Maňa psihiatry görüp gaýtmaga wagt geldi... – diýdi-de tasap gitdi. Belki, bu zatlary Donnere aýtmagym gerekdi. Dogrusy, Jimpi işi bilen hoşlaşmaly bolardy. Bilemok... Men özüme düşenini etdim. Ýöne, Jimpi ýalylaryň näçesi bu dünýede ýaýnap ýör! 15 maý. Okuwym üstünlikli ilerleýär. Uniwersitetiň kitaphanasy meniň ikinji öýüm boldy. Maňa aýratyn bir kabinet berdiler. Sekuntda bir sahypany okap ýetişýärin, haçanda kitaplary agdaryşdyramda, hökman töweregime tomaşasöýer talyplar üýşýär. Häzir meni hemme zatdan beter gadymy dilleriň etimologiýasy, wariasion hasaplamadaky iň täze işler we Hindistanyň taryhy gyzyklandyrýar. Haýran galaýmaly – şeýle seredeniňde deňeşdirip bolmajak düşünjeleriň arasynda, görüp otursak, düýpli baglanyşyk bar eken. Men indiki derejä geçdim. Aýry bilim ugurlaryndan gelýän akymlar hem, hamala bir çeşmeden gaýdýan ýaly biri-birine ýakynlaşdylar. Talyplaryň din we syýasat baradaky jedelleri, indi maňa çaga gürrüňi ýaly eşdilýär. Şeýle ýönekeý derejede pikir alyşmakdan, mundan buýana lezzet almaýaryn. Adamlara mysal üçin, haýsydyr bir meseläniň ähli çylşyrymlylygyna düşünmeýändiklerini, onuň çuňlygyna aralaşyp bilmeýändiklerini aýdanyňda, olar näme üçindir öýkeleýärler. Ýokardakylaryň durmuşy hem onçakly lezzetli däl. Bart meni kafeteriýada ykdysady faktorlaryň bankyň hasabat stawkalaryna bolan täsiri baradaky işleri bilen tanalýan bir ykdysadyýet professory bilen tanyşdyrdy. Haçandan bäri ökde bir ydysadyýetçi bilen käbir zatlary maslahatlaşmak isleýärdim. Meselem, parahatlyk wagtynda ykdysady blokadany ýarag hökmünde ulanmagyň ahlak tarapy meni juda gyzyklandyrýar. Käbir senatorlaryň birinji we ikinji dünýä söweşleriniň mysalyndaky ýaly, birnäçe kiçi döwletlere garşy embargo syýasatyna we harby-deňiz blokadasyna geçmek teklibi hakynda näme pikir edýänini soradym. Ol sesini çykarman, boşluga bakyp meni diňledi. Ol berjek jogabyny pikirlenýän ýaly göründi, ýöne birnäçe minutdan soň bogazyny arçap goýberdi we inkär ediji başyny ýaýkady. Bular ýaly meselelerden özüniň baş çykarmaýanyny düşündirdi. Ony harby ykdysadyýet däl-de hasabat satwkalary gyzyklandyrýar. Bir wagtlar ikinji dünýä söweşi döwründe dünýäniň ykdysady gatnaşyklary barada makala çap eden doktor Wessi bilen gürleşmegim gerek. Entek agzymy açyp ýetişmäkäm elimden tutdy we joşgunly silkeledi. Meniň bilen tanyşanyna şatdygyny, ýöne wagtynyň ýokdygyny – leksiýalara taýynlanyp ýetişmelidigini aýtdy. Ony gören diňe mendim. Amerikan edebiýatyndan bir hünärmen bilen Çoser hakynda gürleşmekçi bolanymda, bir gündogarşynasdan Trobrian adasy barada soraşdyrmak islänimde we bir psiholog, ýaşlar meseleleri boýunça ekspert bilen önümçiligiň awtomatizasiýasy we işsizligiň arasyndaky baglanyşygy oýlanyşmak islänimde hem edil şeýle boldy. Olaryň hemmesi diňe öz bilimleriniň çäklidiginiň üstüniň açylmagyndan gorkýarlar we hemişe sypjyklyk bilen menden gaçmagyň ýoluny tapýarlar. Töweregimdäki adamlar indi düýbinden başgaça görünýärler. Professorlaryň tutuş hemmesini akylyň ägirtleri hasaplamak nähili akmaklyk eken! Olaryň ählisi ýönekeý adamlardan bolup, üstesine-de dünýädäkileriň muňa akyl ýetirmeginden gorkýarlar. Alisa – olam bir ynsan, perişde däl. Ertir agşam ony konserte äkitmekçi. 17 maý. Daň atyp gelýär, men bolsa uklap bilemok... Düýn nämeleriň bolanynyndan baş çykarjak bolýan. Agşam juda gowy başlady. Biz baranymyzda çemenlik doly eken, Alisa bilen agajyň aşagynda boş bir ýer tapýançak, otlukda uzanyşyp oturan jübitleriň arasyndan kynlyk bilen geçmeli bolduk. Töwerekde adamlaryň barlygyna şaýatlyk edýän zat, diňe garşylyk görkezýän zenan gülkisi we selçeň çilim yşyklarydy. – Şu ýerde durubereli – diýdi Alisa. – Orkestriň ortasynda oturmak hökmän däl. – Nähili saz çalýalar – diýip soradym. – Debýussiniň «Deňizi». Haladyňmy? – Şeýle saza entäk kän düşünemok. Bu barada oňatja pikirlenmek gerek. – Gerek däl – diýip pyşyrdap aýtdy, – sazy duýjak bol, goý ol seni gurşap alsyn. Ol otluga uzandy we başyny sazyň gelýän tarapyna öwürdi. Menden nämä garaşýanyny bilemok. Bu zatlar ylmyň tämiz çyzygyndan we yzygiderli bilim toplamak prosesinden nähili uzakdy! Men elimiň aýasynyň derlemeginiň, gursagymdaky agyrlygyň, ony gujaklamak isleginiň – diňe bir biohimiki reaksiýalardygyny öz-özüme gaýtaladym durdum. Nämeleriň meni beýle gaharly hala getirýänini aňlamak üçin, men ähli gyjyndyryş – täsir ediş zynjyryny hem yzarlap gördüm. Ýöne, mundan soňraky hereket maňa körek we näbelli göründi. Ony gujaklamalymy ýa-da ýok? Gujaklanymy isleýärmi ýa islänokmy? Gaharlanarmy ýa-da ýok? Özümi oglanjyk ýaly alyp barýanyma düşünýärin we muňa-da janym ýanýar. – Ine... – diýip zordan aýtdym. – Rahatja ýerleşip otyr. Kelläňi egnime goýaý. – Ol özüni gujaklamagyma ýol berdi, emma maňa tarap bakmady. Ol töweregini unutjak derejede sazyň jümmüşine siňip gidene meňzeýär. Muny hakykatdanam isleýärmikä ýa-da diňe maňa dözmezçilik edýärmikä? Elimi biline goýdum. Alisa tisgindi, ýöne gözüni orkestrden aýyrmady. Ol diňe saz bilen meşgul ýaly bolansyrady. Bu boluş ony – maňa jogap bermelimi ýa-da ýok? – soragynyň çözgüdinden halas edýärdi. Saz diňleýärkä meniň ýakynlaşanymy bilmediksireýän bolmagy mümkin, hamala: baş üstüne, bedenime degip bilersiň, ýöne ruhuma degme – diýýän ýaly. Gödeklik bilen alkymyndan tutup, ýüzüni özüme öwürdim. – Näme üçin maňa bakaňok? Meni ýok hasaplaýaňmy? – Ýok, Çarli – diýip pyşyrdady, – men özümi ýok hasaplaýaryn.. Ony özüme dogry çekdim. Ol tisgindi we dartyldy. Şonda boljagy boldy – gulaklarym güwwülledi... elektrikli byçgy... örän uzaklarda... Soňra aýaz: elimiň, aýagymyň tüýleri tiken-tiken boldy... barmaklarym guruşdy... Birdenkä biriniň maňa bakýanyny duýdum. ...Akyl ýetirmekligiň duýdansyz üýtgemegi. Garaňkylygyň bir künjeginden, ýakynjakdan, men özümizi biri-birimiziň gujagynda gördüm. Men töweregime garadym we agajyň arkasyna bukulyp duran on bäş ýaşlaryndaky ýigdekçä gözüm düşdi. Alisa: – Näme bolýar? – diýdi, soňra gaýtalap sorady: – Näme bolýar? Men böküp turdum, ol hem garaňkylykda ýitirim boldy. – Gördüňmi sen? Gaharly hereketler bilen ýubkasynyň ýygyrdyny düzedişdirip durşuna: – Ýok – diýip jogap berdi. – Hiç kimi görmedim. – Ol ine, şu ýerdedi. Jyklap durdy. Ýakynjakdan. – Çarli, nirä barýaň? – Ol uzaga gaçyp giden däldir. – Köşeş, Çarli. Bu hiç zady aňladanok. Belki, onuň üçin hiç zady aňlatmaýandyr.... Biriniň aýagyna büdräp garaňkylyga okduryldym, ýöne elbetde hiç kimi tapmadym. Ony näçe pikir etdigimçe, ýürek bulandyryjy duýgy has güýçlenýärdi we onuň soňy özüňden gidip ýykylmaga eltjekdi. Özümi ele almaga jan etdim we Alisanyň ýanyna dolandym. – Yzyndan ýetdiňmi? – Ýok, emma ol şu ýerdedi. Men ony gördüm! Alisa birhili maňa geňirgenip seretdi: – Özüňi erbet duýýaňmy? – Kellämde bir wyzzylly bar... Bahym aýrylar. – Gideli bu ýerden. Alisanyň öýüne gelýänçäk, ol oglan we onuň gözleri bilen özümizi bir az wagtlyk görüp bilmegim kellämden çykmady. – Öýe girelimi? Kofe gaýnadaýyn. Elbetde, öýe girmek isledim, ýöne nämedir bir zatlar meni saklady. – Gowusy girmäýin. Meniň entek käbir etmeli işlerim bar. – Çarli, men ters bir zat aýdan ýa-da eden däldirin-ä? – Mesele onda däl. Şol oglan... Ol meniň aňkamy aşyrdy. Alisa alkymymdady we menden bir posa garaşdy. Ony gujakladym, ýöne şol wagt hemmesi täzeden başlady. Eger häziriň özünde gaçyp gitmesem, basgançakda duran ýerimde şarkylkap özümden gidýän. – Çarli, sen çyndanam ýaraňok. – Ony gördüňmi, Alisa? Ýöne, meni aldama. Ol başyny ýaýkady. – Ýok. Gaty garaňkydy. Emma, men ynamly aýdyp bilerin... – Men gideýin. Saňa jaň ederin. – Oňa özüni dürsemäge maý bermän, podýezdden çaltjak çykdym. Bolan zatlaryň ählisiniň galýusinasiýadan başga zat däldigine umuman ynanýaryn. Doktor Ştraus bir aýala ýakyn bolmagyň ýa-da jyns gatnaşygynyň pikirini etmegiň, diňe bir tolgunma we howsala däl, hatda galýusinasiýalara sebäp bolýan ýaşdan heniz emosional taýdan çykmandygyma ynanýar. Üýtgeşik tizlikde zehin taýdan ösmegim meni aldady, adaty bir emosional durmuşda ýaşap biljegime ynandyrdy. Soňky bolan wakalar Alisa Kinnian ýaly bir aýal bilen doly aragatnaşyga taýyn däldigimi ap-açyk görkezdi. Muny boýun almazlyk mümkin däl. 20 maý. Çörekhanadan kowuldym. Geçmişe aslyşyp galmagyň akmaklykdygyna düşünýärin, ýöne peçleriň howruna çawlanan, onuň ak kerpiç diwarlarynda nähilidir bir mähribanlyk bardy... Ol ýer maňa öýüm ýalydy. Näme sebäpden meni beýle ýigrenýärkäler? Donneri günäkärlemäge sebäp ýok. Ol öz kärhanasynyň we işgärleriniň pikirini etmeli. Emma, ýene-de... Ol meniň üçin kakamyň derejesindenem has ýokardady. Ol meni kabinetine çagyrdy, gadymy stolynyň ýanyndaky ýeke-täk kürsüde oturtdy we ýan tarapa bakyp şeýle diýdi: – Seniň bilen gürrüňim bar, Çarli. Soňa goýup ýörmegiň manysy ýok... German daýyň meniň iň gowy dostumdy, oňa işlerim nähili gitse gitsin, seniň hemişe bir işiň, jübüňde puluň we başyňy sokjak bir jaýyň boljagyna söz beripdim... – Bu öý meniňki we ... – ...we men saňa bu ýurt üçin janyny gurban eden öz oglum ýaly garadym. Haçan German ýogalanda – sen o wagt näçe ýaşyňdadyň? On ýedimi? – men kasam etdim... Öz-özüme diýdim: Artur Donner, bu çörekhanaň eýesi bolup otyrdygyňça, Çarlini idegsiz goýmarsyň. Ýatjak düşegi, iýjek çöregi bolmaly. Uorrene alyp gitmekçi bolanlarynda, seniň mende işlejegiňi we saňa özümiň göz-gulak boljagymy düşündirdim. Uorrende bir günem bolan dalsiň. Saňa bir otag berdim... Nähili pikir edýäň, sözümde durupdyrynmy? Men baş atdym, ýöne elindäki haýsydyr bir kagyzlary saklaýyşyndan çen tutsaň, bu zatlary aýtmagyň oňa nähili kyn düşýäni görnüp durdy. – Men yhlas etdim... Hiç erbet işlemedim... – Bilýän, Çarli. Men häzir iş barada aýdamok. Saňa bir zatlar boldy, ýöne näme bolanyna düşünemok. Diňe menem däl... Hemmeler gürrüňiňi edýär. Olar gorkýarlar, Çarli... Seni işden çykarmasam, başga alaç ýok. Onuň sözüni kesmekçi boldum, ýöne ol başyny ýaýkady. – Düýn agşam tutuş bir delegasiýa üstüme geldi... Çarli, düşünäý, men çörekhanamyň batmagyna ýol berip bilmerin! Ellerine, içindäki ýygyrt-ýygyrt bolan bir bölek kagyza bakdy, hamala ol ýerde ozal bolmadyk bir zady tapaýjak ýaly. – Çarli, meni bagyşla. – Nirä gideýin men? Bu gürrüňleriň dowamynda ol birinji gezek ýüzüme bakdy. – Indi bu işiň saňa gerek däldigini gaty gowy bilýäň. – Jenap Donner, men hiç hili başgasyny bilemok. – Gel, meselä seredip göreli. Sen indi on ýedi ýyl ozalky, hat-da dört aý ozalky Çarli däl. Özüňe nämeleriň bolanyny maňa düşündirmediň. Ylalaşýan, bu seniň öz işiňdir. Belki, gudrat boldy. Sen ajaýyp ýigide öwrüldiň, hamyr garyjyda işlemek we öýlere zat eltip bermek bolsa ajaýyp ýigide laýyk iş däl. Şübhesiz, ol haklydy, ýöne içimde bir zat onuň kararyna erjellik bilen garşylyk görkezýärdi. – Galmaga rugsat beriň, jenap Donner. German daýyma söz berdiňiz ahyryn, meni işletjegiňize. Entek maňa iş gerek, jenap Donner. – Ýok, Çarli, gerek däl. Eger bu şeýle bolsady, olaryň hemmesini jähenneme ugradardym we seniň arkaňda durardym. Ýöne, olar senden öler ýaly gorkýarlar! Men öz maşgalamy hem ýatdan çykaryp bilemok. – Eger pikirini üýtgetseler? Olar bilen gepleşerin. – Gürrüň jenap Donneriň isleýän tarapyna ugrukmady, ýöne men indi saklanyp bilemokdym. – Olar maňa düşünerler – diýip ýalbaryp haýyş etdim. – Ýeri bolýar – diýip, ahyry ol uludan demini aldy. – Synanyş, ýöne öňünden duýdurýan: gowy zatlar eşitmersiň. Kabinetden çykamda Frenk Reýli bilen Jo Karp edil şol wagt gapdaldan geçip barýadylar we men Donneriň ulaldyp aýtmaýanyna derrew düşündim. Meni görmek olar üçin juda uly bir azapdy. Frenk bulkaly mejmäni aldy, yzyndan adyny tutup gygyramda, ikisem öwrüldi. – Görüp dursuň, Çarli, işim kän. Soň, başga wagt. – Ýok, şu wagt. Menden gaçýaňyzmy? Näme üçin? Ýaňra, heleýbaz hem kezzap Frenk maňa üns bilen seretdi we mejmäni stoluň üstünde goýdy. – Näme üçinmi? Näme üçindigini saňa aýdaýyn. Sebäbi sen örän ähmiýetli biri bolduň, köpbilmiş, akylly adam bolduň! Indi sen kellesi çişen wunderkind. Ýanyň mydam kitaplyja, hemme soraglaryňam jogabyny bilýäň. Bolanda näme? Özüňi bizden gowudyryn öýdýäňmi? O’keý, ýok bol şu ýerden. – Men saňa näme etdim? – Seniň edeniňmi? Eşidýäňmi, Jo? Men saňa aýdaryn näme edeniňi, jenap Gordon. Öz teklipleň bilen hokga çykardyň, indi biz, beýleki galanlarymyz iş ýakmaz ýaly görünýäs. Ýöne, saňa ýene-de aýtjak zadym bar. Meniň üçin sen ömür boýy bolşuň ýaly, şol tentekligiň. Belki, seniň kitaplaryň atlaryna we her hili çylşyrymly sözlerine düşünmän bilerin, ýöne bu meniň senden erbetdigimi aňlatmaýar. – Hawa – diýip Jo baş atdy we bir ýerlerden orta çykan Jimpä bu netijäni nygtamak üçin öwrüldi. – Sizden dost bolmagyňyzy sorap duramok – diýdim. – Meniň bilen gatnaşman bilersiňiz. Ýöne, meni işimde galdyryň. Jenap Donner munuň size baglydygyny aýtdy. Jimpi içiňden geçip barýan bakyş bilen maňa seretdi, ýigrenç bilen tüýkürdi we gaharly jyzyrdady: – Her niçik-de bolsa, güýçli degnaň bar eken! Gümüňi çek, jähennem bol! – Ol öwrüldi we agyr aksaklap uzaklaşdy. Ine, şeýle. Üstümden gülüp, meniň hasabyma özlerini akylly duýýarkalar hemme zat gaty gowudy, ýöne indi olar bir wagtlar hezil edip kemsiden kemakylyndan pesde galdylar. Başarnyklarymyň örän täsin ösüşi bilen, olaryň «men»-liginiň gabarasyny gowy edip kiçeltdim we olaryň ähli kemçiliklerini ýüze çykardym. Men olary satdym, bu ýüzden meni ýigrenýärler. Meniň işden çykarylmagymy islemedik ýeke-täk kişi Fanni Birden bolup çykdy we güýçli basyş etselerem, olaryň talabyna asla gol çekmedi. Hanym Birden: – Emma weli beýtmegim, seniň nähili gaty üýtgäniňi bilmeýändigimi aňladanok, Çarli – diýdi. Sen düýbünden başga biri bolduň! Bilemok, bilemok... Sen sadadyň, gowudyň, ynamdar adamdyň, gaty bir kelleli bolmasaňam akýüreklidiň. Şeýdip, derrew akylly bolmak üçin özüňe näme etdiň? Bu dogry däl. – Bir ynsanyň has akylly bolmak, bilim almak, dünýä we özüne aň ýetirmek islemeginde näme erbetlik bar? – Injili ünsli okasaň, adamyň Hudaýyň özi üçin bellän çäklerini aşmaly däldigine düşünersiň. Çarli, eger sen şeýtan bilen bir zatlar etmedik bolsaň, mysal üçin, ýa-da başga bir zat... onda, belki, ähli bu zatlardan dänmäge heniz giç däldir? Öň nähili bolan bolsaň, şonuň ýaly gal. – Ýok, Fanni, hemme ýollar eýýäm bölünen. Men erbet zat etmedim. Men ýagtylygy görmäge mümkinçilik döredilen dogabitdi kör birine meňzeş. Bu günä bolup bilmez! Meniň ýalylaryň sany basym milliona ýeter. Beýle gudrat ylma bagly. Hanym Birden toý tortunyň üstüne bezelip goýlan öýlenýän ýigit we gelne bakdy we dodagyny çalaja gymyldadyp pyşyrdady: – Haçan-da Adam ata we How ene akyl ýetirme agajynyň miwesini iýenlerinde, özleriniň ýalaňaçdyklaryny gördüler, şehweti we haýany bildiler. Bu bir günädi. Mundan soňra olar üçin jennetiň gapylary hemişelik ýapyldy. Eger olar ýylanyň ýalbar-ýakaryna yrylmadyk bolsalardy, biz hiç haçan garramazdyk, ejir çekmezdik we ölmezdik. Ne oňa, ne beýlekilere başga aýdara zat galmady. Hiç kim gözüme bakyp bilenok. Özal nadanlygym we kemakyllygym üçin äsgermeýädiler, indi bolsa akylym we bilimim üçin ýigrenýäler. Eý, Hudaý, olara menden näme gerek? Aň düşünjäm, tanaýan we söýýänlerimiň ahlisi bilen aramy bozdy, meni öýden kowdy. Özümi hiç haçan beýle ýalňyz duýmandym. Eger Eljernony beýleki syçanlar bilen bir kapasa goýsalar nähili bolardyka? Gyzykly. Ony ýigrenerlerdimikä? (dowamy bar) © Daniel KIZ Terjime © MANGO ----- Eljernon üçin güller / 1 Eljernon üçin güller / 2 Eljernon üçin güller / 3 Eljernon üçin güller / 4 Eljernon üçin güller / 5 Eljernon üçin güller / 6 Eljernon üçin güller / 7 Eljernon üçin güller / 8 Eljernon üçin güller / 9 Eljernon üçin güller / 10 Eljernon üçin güller / 11 Eljernon üçin güller / 12 | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |