00:08 Eljernon üçin güller / 2 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 2 (dowamy) HASAWAT 6 MART 8 Men gorkýan. Koležde we dogtorçylyk mekdebinde işleýänleň köpüsi maňa bagt arzuw etmäge gelliler Bart gül getirdi pisihiki bölümden diýdi. Ol üssünlük arzuw etdi. Meňki şowuna bolar diýip umut edýän. Menne towşan aýajygy bagt getirýän teňňe hemem nal ba. Dogtor Ştrawus beýle yrymçyl bolma Çarli diýdi. Bu ylym. Ylmyň nämedigini bilemok ýöne her kim şony aýdýa. Belki o maňa şowlulyk getirer. Ýöne iň soňy bir elimde towşan aýajygyny beýleki elimdede bagt getirýän teňňäni saklap durun. Deşilenje teňňäni. Ýanym bilen nalam aljak bollum ýöne agyr görüp kurtgamda goýdum. Çörek bişirilýän ýerden Jo Karp şakalatly pirog getirdi jenap Donner iweripdir olaram meň sagalmagym üçin ýagşy dilegde eken. Çörek bişirilýän ýerdäkiler maňa ýaramaýannyr öýdýäler sewäwi prafesyr Nemur şeý diýip aýt diýdi aperasýa barada agzama diýdi. Birden aperasýa başa barmasa bu syr bolup galmaly. Soň Kinnian hanym geldi maňa bir topar žurnal getiripdir özem howsalaly we bir zatdan gorkýady. Ol stollaky gülleri gowlaşdyrdy hemme zady deňje edip tertipli ýerleşdirdi. Ýatan ýassygmy düzedişdirdi. Ol meni gowwörýä sewäwi men ähli zady öwrenmäge yhlas edýän ulular üçin merkezdäki beýlekileň bolsa hişzat piňinede dä. Ol meň akylly bolanymy isleýä. Men bilýän. Soň prafesyr Nemur inni zyýaratçy gelmejegni meňem dynç almallygmy aýtdy. Men aperasýadan soň Eljernony ýeňerinmi diýip soradym olam belki diýdi. Aperasýa bolmalysy ýaly geçse men o syçana özi ýaly akylly hatda özünnenem akylly bolup biljegimi görkezerin. Şonno men gowy okap hemem sözleri dowry aýdyp bilerin hemem gaty kän zat bilerin menem beýlekiler ýaly borun. Hemme kişi haýran wolar. Aperasýa bolmalysy ýaly geçse men akylly borun belkide kakamy ejemi hem jigimi taparyn olarada görkezerin. Meňem özleri ýaly hem jigim ýaly akyllydygymy görüp nähili haýran galarlar. Prafesyr Nemur eger hemmesi ugruna gitse onno olar beýleki adamlaram akylly etjeklerni aýtdy. Belkide dünýäň her ýerinne. Ýenede meniň ylym üçin beýik iş bitirjegimi hem meşhur boljagmy adymyňam kitaplarda ýazyljagny aýtdy. Meşhur bolaýyn ýa bomaýyn maňa tapawudy ýok. Meňem beýlekiler ýaly akylly bolasym gelýä hemem meni gowwörýän kän doslamyň bolanny isleýän. Büwün maňa iýmäge hişzat bermediler. Akylly bolmagym üçin şeýdilmegiň gerekdigni bilemok hem meň iýesim gelýä. Prafesyr Nemur şakalatly pirogymy ally. Beýtmesi gowy dä. Dogtor Ştrawus aperasýadan soň bereris diýdi. Aperasýaň öňünnen hişzat iýmelläl. Hatda peýnirem iýmelläl. HASAWAT 7. MART 11. Aperasýada hiç hili agyry duýmadym. Dogtor Ştrawus men ýatyrkam edipdir. Nädip edenni bilemok sewäwi men görmedim gözümem kellämem 3 günläp daňylgydy şüwüne çenlem hasawatlammy ýazyp bilmedim. Meň ýazyşymy synlap oturan horajyk şepagatçy aýal maňa HASABAT diýip ýaňlyş ýazýaň diýdi hemem dowry ýazlyşyny görközzi. Muny ýatda saklamaly. Nähili ýazylýany kän ýadyma düşenok. Şüwün gözümden daňyny aýyrdylar şondan hasabaty ýazyp bildim. Ýöne kellämiň daňylary entek ba. Olar gelip aperasýa gitmeli wagtyň bolanny aýdanlarynna men gaty erwet gorkdum. Meni zor bilen krawatymdan düşürüp tekerleri bolan başga bir krawatda ýatyrdylar we otagymdan çykaryp karidor boýunça üssünde aperasýa otagy ýazylgy gapa çenli tigirläp getirdiler. Men ýaşyl diwarly äpet otaga haýran gallym hem daş töwerekde gaty kän başga dogtorlar otyrlar olar aperasýany synlaýalar. Edil şou ýaly bolar öýtmännim. Durşuna ak geýimli adam stolyň ýanna gelli oň ýüzünnede edil telewizirdakylaňky ýaly ak esgi bady we eli yrzyn ellikli rahat bol Çarli bu men dogtor Ştraus diýdi. Salam dogtor men gorkýan diýdim. Ol hişzatdan gorkma Çarli sen häzir uklarsyň diýdi. Meň gorkýan zadymam şoda diýdim. Ol başymy sypady soň ak maskaly 2 adam gelip elimi hem aýagmy gymyllamaz ýaly edip daňdylar şonna gaty gorkdum hemem aglasym gelli ýöne olar meň ýüzüme yrzyn bir zat geýdirdiler dem alar ýaly we oň geň ysy bady. Dogtor Ştrausyň hemmelere aperasýa hakda hem näme etjek bolýany hakda aýdýanlarny eşidýädim. Emma hişzada düşünmeýädim we belki akylly bolamsoň oň näme diýýänne düşünerin diýip pikirlennim. Uludan dem allym hem gaty ýadadym hem derrew ukladym. Haçan men oýanamda ýene öz krawadymdadym hem garaňkylykdy. Hiç zat göremokdym ýöne gepleşýänlerni eşitdim. Olar şepagat uýasy bilen Bartdy menem näm bolýa çyrany ýakyň hemem haçan aperasýa edýäňiz diýdim. Olar güllüler Bart bolsa hemmesi edilli Çarli diýdi. Garaňkylygyň sewäwem seň gözüň saralgy. Gudrat. Olar men ýatyrkam edipdirler. Bart herwün timpiraturamy we meň bilen bagly beýleki zatlary bellemäge gelýä. Ol diýýä bu ylmy usul. Islän wagtymyz gaýtadan etmek üçin hemme zady ýazmak gerek. Meň üçin dä beýleki akylly däller üçin. Şoňçün bu hasabatlary ýazmagym gerek. Bart muň ekispermentiň bir bölegidigini we hasabatlaň suratyny alyp öwrenjekdiklerni we beýnimde näm bolup geçýänni biljekdiklerni aýtdy. Nädip ony biljekdiklerni bilemok sewäwi men olary milýon gezek okadym ýöne beýnimde näm bolýanny bilemok hemem olar nädip bilsinler. Nähilem bolsa bu ylym hemem beýlekiler ýaly akylly bolmaga men gaýrat ederin. Şonda olar meniň bilen gepleşerler we men olaryň ýanynna oturyp Jo Karpyň we Frenkiň we Jimpiň her dürli ähmiýetli işlerini maslahat edişlerini diňläp bilerin. Olar işlänlerinde hudaý barada ýada prizdentiň sowýan pullary barada ýada rispublikaçylar we dimakratlar barada gürrüň edýäler. Olar edil uruşýan ýaly gohlaşýadylar şonda jenap Donner gelip boş ýaňramaňyzy bes ediň we derrew işiňiz bilen boluň diýip gygyrýady. Meňem şo hakynda gürleşesim gelýär. Eger sen akylly bolsaň dostuňam köp bolýar olar bilen gürleşip bolýar we sen hiç haçan ýalňyz bolmaýaň. Prafesyr Nemur başymdan geçýänleri hasabatda köpräk ýazmalydygymy onnan başgada näme duýýanymy we öz geçmişim barada ýazmalydygymy aýtdy. Men ýadyma düşüribem pikir edibem bilemok diýdim o bolsa synanyşyp gör diýdi. Gözlerimiň entäk saralgy wagtynda men pikir etdim hem ýatladym ýöne hiç bir zat bolmady. Men näme barada pikir etmelidigini bilemok. Belki onnan soraryn olam maňa akylly bolamda nähili pikir etmelidigimi aýdar. Akyllylaň näme pikir edýänini we näme ýatlaýanyny. Gaty täsin. 12 mart. Prafesyr Nemur köne kagyzymy alansoň her täze kagyzza HASABAT diýip ýazmagym geregem dä eken. Diňe şo günki senäni ýazmaly. Bu gaty gowy pikir hem wagtyňam tygşytlanýa. Men krawatymdan dikelip penjireden otlary agaçlary synlap bilýän. Horja şepagat uýasynyň ady Hilda özem ýaman mähirli rehimli. Maňa iýer içer ýaly zatlar getirýä düşegmi düzedýä hemem maňa kelläňi aperasýa etdirmäge ursgat berip sen gaty batyr ekeniň diýýä. Hytaýyň bar çaýyny berselerem menä ursgat bermezzim diýýä. Menem çaý üçin däl akylly bolmak üçin etdirdim diýdim. Olam diýýä belki seni akylly etmäge olaň hakam ýokdur sewäwi eger hudaý seň akylly bolmagňy islesedi doglaňda akylly bolup doglardyň. Adam ata we How ene hakda iýlen gadagan miwäň günäsi hakda olaryň kowulmasy hakda näme diýip näme aýtjak. Belki prafesyr Nemur we dogtor Ştrawus ellemäniňden gowusy zatlara garyşýandyr. Ol aýal ýaman hor özem gepläninde ýüzi gyzarýar. Ol maňa hudaýa ybadat etmelidigmi we ondan maňa edilen zatlar sebäpli bagyşlanmagmy soramalydygmy aýtdy. Ýöne men gadagan miwe iýmedim günäde etmedim indem men gorkýan. Ol aýalyň munuň hudaýa garşy işdigini aýdyşyna görä belki men beýnimi aperasýa etmäge nähak ursgat berennirin. Ol aýalyň gaharyny getiresim gelenok. 13 mart. Buwün başga şepagat uýasy gelli. Özi örän owadan ady Lüsil ol maňa hasabatlarda adyny nähili ýazmalydygymy görkezdi onuň saçlary sary we gözleri gök. Hilda nirede diýip soradym olam dogum bölüminde dili ýadaýança ýaňrap biljek ýerde diýdi. Dogum bölümi näme diýip soramda o taýda kiçijek çagalar dogulýar diýdi menem o nähili bolup geçýä diýip soramda ol edil Hilda ýaly gyzardy hem biriniň timpiraturasyny ölçemeli diýdi. Hiçkim maňa kiçijek çagalar barada gürrüň bermändi. Belki akylly bolamda bilerin. Şüwün Kinnian hanym gelli we Çarli sen gaty gowy görünýäň diýdi. Men özümi gowy duýýan ýöne entäk akyllanmadym diýdim. Aperasýadan soň gözlemden sargyny aýyrarlar menem akylly bolaryn hem köp zatlar bilerin hem beýleki kişiler ýaly her zatlar barada okaryn hem gürleşerin diýip pikir etdim. Ol bu beýle däl Çarli diýdi. Bu derrew bolanok we akylly bolmak üçin zähmet çekmek gerek. Men muny bilemokdym. Zähmet çekeniň bilen bolýan bolsa onno apereasýa nämä gerek. Ol doly ynamym ýok ýöne eger men akylly bolmak üçin zähmet çekemde hemme zady ýatlap bilmegim üçin aperasýaň gerekdigini aýtdy öň men hişzat ýatlap bilemokdym. Men oňa beýle bolsaha gowy däl diýdim sewäwi derrew akylly bolaryn hem dolanyp baryp nähili akyllydygymy oglanlara görkezerin olar bilen gürleşerin belkide çörekçi ussaň kömekçisi bolaryn diýip pikir etdim diýdim. Soňam ejem bilen kakamy tapmak isleýän. Nähili akylly bolanyma olar haýran galarlar ejem elmydam meň akylly bolmagymy isleýärdi. Akyllananymy görseler belki olar meni kowmazlar. Kinnian hanyma men örän örän gaýrat etjegimi aýtdym. Olam meň başymy sypady we men saňa ynanýan Çarli diýdi. HASABAT 8 15 mart. Meni hassahanadan çykardylar ýöne entäk işe başlamadym. Hiç zadam bolanok. Men bir süri testden geçdim we Eljernon bilen milýon gezek ýaryşdym. Ýigrenýän şo syçany ol elmydam ýeňýär. Prafesyr Nemur maňa barlap görmegi we ýene ýene ýaryşmalydygymy aýdýa. Şo laberintler biderek. Suratlaram biderek. Erkek we aýal bolan suratlara seretmegi halaýan ýöne adamlar barada ýalan zatlary özümden oýlap tapmaryn. Kelläm agyrýar sewäwi men köp pikir etjek bolýan hem ýatda saklajak bolýan. Dogtor Ştraus kömek etjegne söz werdi ýöne kömek edenok. Maňa näme hakda pikir etmelligmi hemem haçan akylly boljagmy aýdanok. Ol meni diňe kuşetkada ýatmaga hemem gürlemäge mejwur edýä. Kinnian hanymam meni görmäge koleže gelýar. Oňa hişzat düzeliberenok diýip aýtdym. Haçan akyllanaryn. Olam Çarli sen sawyrly bolmaly muň üçin wagt gerek diýýä. Bu ýuwoş ýuwoşdan bolar welin sen bilmänem galarsyň. Ol Bartyň meň işlemmiň ugruna gidýändigni özüne aýdannygny aýtdy. Men şonnoda o testlerem biderek we o ýaryşlaram biderek hasaplaýan hemem bu hasabatlaram biderek hasaplaýan. 16 mart. Koležde Bart bile öýlän naharyny iýdim. Olaň her dürli gowy naharlary bar we men oňa ýeke teňňede tölämok. Oturyp erkek we gyz talyplary synlamagy halaýan. Olar kämahal gülýäler ýöne köplenç Donneriň çörek bişirilýän ýerindäki ýaly gürrüňleri edýäler. Bart gürrüňleň sungat syýasat we din baradadygyny aýtdy. Bu zatlaň nämedigini bilemok ýöne şuny bilýän din bu hudaý. Ejem ol hakda hem dünýäni ýaradyşy hakda aýdyp beripdi. Ejem hudaýy söýmelidigimi oňa ybadat etmelidigimi aýdypdy. Men doga bilemok ýöne kiçikäm ejem meniň hassa dälle sagdyn bolmagym üçin ýygy ýygydan oňa doga etmäge mejbur edendir diýip pikir edýän. Pikir edýän munuň sewäwi akylly dälligimdir. Bart eger ekisperment bolmalysy ýaly gitse talyplaň nämäň gürrüňini edýänine düşünjekdigimi aýtdy menem şolar ýaly akylly bolarynmy diýip soradym olam gülli we bu adamlar beýle bir akyllam däl diýdi sen olary ozup geçersiň hamala olar bir duran ýerinde duran ýaly bolarlar. Meni olaň käwiri bilen tanyşdyrdy olaram hamala men ýat bir keseki ýaly maňa geňňalyp bakýadylar. Tas ýatdan çykýady men olara özümiň bahym olar ýaly akylly boljakdygymy aýtmaga başladym. Ýöne Bart sözümi kessi we olara meniň labalatoriýada tämizlikçidigmi aýtdy. Soň maňa aperasýanyň gizli galmalydygyny düşünnürdi. Munuň näme üçin gizli bolmallygna düşünemok. Bart bu hişzat başa barmadyk ýagdaýy üçin diýdi prafesyr Nemur öz üssünnen gülmeklerini esasanam bu taslama üçin pul beren Uelbergiň fondunnaky adamlaň gülmeklerini islänok. Adamlaň üssümden gülmekleri maňa bildirenok. Köp adam üssümden gülýä ýöne olar meň doslam we biz şatlanýas. Bart elini egnime goýdy we Nemuryň aladasy sen dä diýdi. Maňa görä adamlar prafesyr Nemuryň üssünnen gülmezler sewäwi ol koležde alym ýöne Bart başga alymlar we dimlomlylar üçin alymlaram adam diýdi. Bartyň özi diplomly oň hünärem PSIHOLOGIÝA edil labalatoriýaň gapysynnaky ýaly. Çaltyrak akylly bir bolup bilsem sewäwi men koleždäki oglanlar ýaly dünýede bar bolan ähli zady bilmek isleýän. Sungat syýasat we hudaý hakda. (dowamy) © Daniel KIZ Terjime © MANGO Eljernon üçin güller / 1 | |
|
Ähli teswirler: 16 | |
| |