Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:58
Enem

ENEM
(Mejnunyň dilinden)

Gelenňe görä ýanyma,
Göwnümi göteräý, enem.
Tende amanat janyma,
Bir umyt getiräý, enem.

Gujakla, bagryňa basyp,
Ogluňy görmersiň basym.
Leýliň dünýä aglan ýasyn,
Huşumdan ýitiräý, enem.

Ynjama halyma beýle,
Perişan ykbalym şeýle.
Meň üçin her säher, öýlän,
Dilegde oturaý, enem.

Yşkyň jebir-u-güzabyn,
Çeksemem, puşdur azabym.
Köňlüme çöken azaryň,
Sebäbin otaraý, enem.

Atam Seýide dözmeden,
Al gana ýuwdum gözlerin.
Jigerme jiglän sözlerim,
Huzurna ýetiräý, enem.

Ýürek ýara, dilim gury,
Ýitirdim dünýäde ugry.
Sen – Käbäň mukaddes nury,
Haýyşym bitiräý, enem.

Ýazsamam, yşkym köremez,
Sözlesem, sözüm ýöremez,
Mejnunyň derde ýaramaz,
Umydyň bitiräý, enem.

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 57 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203