13:11 Erkin däl erkim | |
Ganatym gyryldy, erkin däl erkim. Remezan Mämetgurbanow Erkin däl erkim, Ruhum kapasda. Men bagty gözleýän, Döwük kompasda. Iññe deşiginden bakýaryn dünýä, Gözel görünýä. Ýüregimiñ ýüregi bar. Dört diwar, Dert azar, Derdi zar kalbym. Garypja külbämde, gülleýän köñlüm. Penjireden nurly Güneş ýylgyryp, Ýygrylyp, Ýyllaryñ ýyndamlygynda, Şatlyk nämedigni unutdy beýnim. Senem hakydamdan günlerde bir gün, Öçersiñ, Leýlim! Her gün unutmaga, Artýarla meýlim. Bu gün, gaýdy gitdi elde barymyz. Bagymyz barlyksyz, Bermez hasyly. Has uly, Arzuwlañ tutdum ýasyny. Ýarsyny-da rowa görmedi ykbal. Ykýan, Armanlarda elde taýagym, Soñky umydymyñ berdim talagyn. Bimahal bedende üzüldi ýüpler, Barlygym, Birmahal unutdy köpler. (Wah, köpekler...) Ýalan ýok, Dowam etdirmekden ýakyn, Dolanmak... © Süleýman TEKÄÝEW | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |