14:56 Eý ruhym! | |
EÝ RUHYM! Eý ruhym! Men ýaýal hä?, Ziñkidikläp, bökjeklämok, Eý ruhym! Men haýal hä?, Leñkidikläp, ýepbeklämok, ,,Söýeñogam söýýänleri", Diýsem dymýañ, ýok gepläñok, Ýygnap goýan arzuwlarñy, Aýap ýörün, ýok eplämok, Pul ýaly seçýäler wagty, Ýok çöplämok, geçip dura, Sagat, minut, sekunt saýy, Hasap edip geçenleri, Hepdeleri, güni, aýy, Ömri gädýär, seni nätýär?, Garraýañmy, ýaşarýañmy?, Goýa indi çaşarmañy, Sen-ä öwrenipsiñ halys, Gabak berip gaş almany. Eý ruhym! Men çaman hä? Howlygamok, gyssañogam, Tapmadym yşgyñ ussadyn, Ussa ýogam, bu golaýda, Bejerere gursagymy, ,,Ynan" diýme haýyş edýän, Ýasyn tutjak umytlaryñ, Meni maña duşman eden, Umytlary unutmaryn.... © Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |