15:41 Eziz obam - oda | |
EZIZ OBAM (Oda) Meni senden aýryp bilmez aýralyk, Dogry, gaýdypdymam gollarmy salgap. Galyberdiñ...Diýdim: "Bar zat haýradyr", Bagry girýan atam içinden aglap, Ugradypdy, kysmatyndan razydy, Okar, ertir adam bolar balasy. Edil oñat eser ýaly manyly Şäher Onuñ gyzyn juda halady. Şeýde-şeýde geçiberdi aý-ýyllar, Eziz obam, bilýänsiñ-le kyssamy. Mekany sen söze, saza maýyllañ, Sorasalar halypamy-ussady, Ilki bilen, señ adyñy tutýaryn, Nusgalyksyñ iñ ezbere, ökdä-de. Senden alýan ylhamymyñ hut baryn, Synlap ak bugdaýly atyzlaryñy Göwnüm doly boldy, Gözüm dokmäde. Seniñ erkin guşlaryñ deý erkin men, Çuñlugy söýýärin baglaryñ ýaly. Alkyş-dilegini aldym, gör, kimleñ, Ruhum bar kemerli daglaryñ ýaly. Aga-gara göz ýetirdim goýnuñda, Tapdym galan reñki gögüñ ýüzünden. Seniñ dakan monjugyñ bar boýnumda, Üzülmedi... Indem asla üzülmez. Iñ bir çepiksize diýýärler "iri", Ýazylmadyk sözlük ekinzarlygyñ. Ýatladyp dur ýigitleriñ her biri, Batyr serkerdesin hökümdarlygyñ. Gyzlañ hakda oturmaýyn aýdybam, Ak altynly pelleñ hüýrleri olar. Ýollaryndan sowlup geçer gaýgy-gam, Rysgy dag bor ak hanany çöpläniñ, Çöplemedik bagşy ýa şahyr bolar. Şol gyzlañ biri men, golumda galam, Dilimde aýdymym, ýürekde zarym. Señ duzuñy iýip, aýtmaryn ýalan, Indi señ goýnunda ýaşamasam-da, Gitdigiçe sen hakda kän ýazýaryn. Ýene-de ýazaryn, neneñ ýazmaýyn, Awara ruhumyñ sygman jahana Ha pyýada, ha atlanýan ýeri, sen. Çykyp depelere, inip akara, Joşup, gaýnap, rarahatlanýan ýeri, sen. Toprak içre ata-babam rysgy bar, Üstünde ganybir jana-janlarym. Zybanda tarypy, kalpda yşky bar, Eziz obadaşlam - halaýanlarym. Tanap hem tanaman sylaýanlarym. Obam bilen, obadaşlarym bilen, Dogan-gardaş, babadaşlarym bilen, Bölüşmäge çäksiz saglyk ber, Allam! Üstünlik, mertebe, beglik ber, Allam! Şundan gaýry zady asla dilemen. Alma bolup düşsem-de öz bagymdan, Elmydama onuñ bilen bile men. © Gurbanjemal ANNAKOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |