22:28 Galsamam bir, galmasamam. | |
Kagyz derdimi götermez, Ýazsamam bir, ýazmasamam, Meni hyýala götermäñ!, Duýsamam bir, duýmasamam. Umytlarmyñ başy aşak, Irdim gussalary daşap, Mañlaýa ýazlany ýaşap, Gezsemem bir, gezmesemem. Zyýanlymy ýa peýdamy, Ot bolup ýanýar herýanym, Yşgyma çenäp peýkamy, Ursamam bir, urmasamam. Bagyrdym: ,,kalbymy gyrmañ!", Gyrdylar, goýdular arman, Ýaraly ýüregme derman, Bolsañam bir, bolmasañam. Höwesim ýok, sebäbim ýok, Soragym köp, jogabym ýok, Indi bärde durarym ýok, Galsamam bir, galmasamam... ©Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 25 | |
| |