22:27 Gar | |
GAR Asmanyň ahy deý dökülip duran gar, Meniňem kalbymy öz kalbyňa gar! Oňmaýyn bagrymy bagryňa oýkap, Doýmaýyn durkuňdan başymy ýaýkap! Süňňum bilen seň süňňüňe siňeýin, Soň sil bolup gaýalardan ineýin! Humar edýän şerabyňdan içeýin, Şony berseň, bar arzuwdan geçeýin! Ýuwaýyn seň bilen ähli hasratym, Baglap ykbalyňa ykbalym, bagtym! Ýaýnaýyn: gündizler — müň dürli öwsüp, Gijeler — tümlügiň bagryny böwsüp! © Çary ATAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |