18:46 Gar... | |
GAR... Gar bilen örtülen jaýlaň üçegi, Indiripdir ýylahyryň perdesin. Gyş-ýyllaryň aýgytlaýjy müçesi, Hem täze ýyllaryň çakylyk sesi. Kejir ýapraklary merdem çynaryň, Aýasynda saklap agramyn garyň, Şahasyndan tänmän inkär edip dur Ähli aýralygyn bütin ýer şaryň. Garda täzelenýär dünýäň lybasy, Paýhas kimin höküm sürýär ümsümlik. Syýahata çykyp göwün telwasy Gaý-tupan turuzýar aňdaky çuňluk. Gardan soň tebigat köşeşýär esli, Hatda Güneş çykýar ýylgyryp sähel. ...Belki tebigat deý,ýeňlärdi ýüküm Saňa derdim aýdan bolsam bir mahal. © Meñli Aşyrowa Arhiwden | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
0
0
| |