10:12 " Garaşýanyň gelmedimi, eý dünýä" | |
Exclusive "GARAŞÝANYŇ GELMEDIMI, EÝ DÜNÝÄ..." Garaşýanyň gelmedimi, eý dünýä Elinde jadyly taýagy bilen? ...Bir zatlary umyt edýän deý dünýä Ýöräp barýar agsak aýagy bilen. Garaşýanyň gelerlimi, heý, dünýe. Ähli görmeýäniň hem görýänleriň Müdimilik salgysydyr bu pany. Ýörejek ýoluňa ýüp örýänleriň Kelläňde durmasyn apy-tupany Ähli görjekleriň hem görýänleriň. Eý, gije-gündiziň daşyndan bakýan, Diňe saňa sözläp bolýar adamsyz. Galsa birden joşgun derýalar akman Ýol almak mümkinmi, ýöräp ýadawsyz, Eý, ähli pursatlaň daşyndan bakýan?! Men bir kert gaýadan gaýtsam towlanyp, Sile dönüp, siňerin bu topraga. Her öwrümde halym barha gowlanyp, Her ömrümde gülle borun toplara Men bir kert gaýadan gelsem towlanyp. Täze yşga düşdüm köne pelekde Garaşýanym bulut, ugradanym gar. Tolgunmady köňlüm heýjanelekde Gijeler bar yşgym asmana dargar Täze yş uçrady köne pelekde. Görünmedik pikirleriň üstünden Möýler sabyr bilen örýärler kerep. Gümmezleri saklan gaýym sütünden Düýpleri iýilse galmaýar derek Görünmeýär pikirleriň üstünden. Gyzyl alma bişýär ýaşyl Turanda Birin ýolsaň, ýene biri ýetişýär. Agaç suwsuz galyp, toprak guranda Miweler gök bolup düýbüne düşýär Gyzyl alma bişsin ýene Turanda. Gel, üýşüp diläli Soltandan ýagmyr, Maksat bir bolanda açylar gapy. Erär damja-damja ýürekde ahmyr, Eliňde döwülmez paltanyň sapy Gel, bile diläli Soltandan ýagmyr. 2021 © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 21 | |
| |