Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:39
Gaston / hekaýa

GASTON


Öňden niýet edişleri ýaly, gyzjagaz oýandygy, ikisi bileje şetdaly iýmekçidi; ine-de, ol düýbünden nätanyş adamyň garşysynda otyr. Aslynda bu onuň kakasy, olar ahyry görüşdiler. Gyzyň ony soňky gezek haçan görenem anyk ýadyna düşenok (meger, ondan bäri ençeme ýyl geçendir, ýa öňňünjikmidi?). Her niçigem bolsa, gyz ýene kakasynyň gaşynda, ýöne olam bir töwra adam. Birinjiden-ä, onuň ilde görülmedik «äpet» murty bar, gyzdan sorasaň-a, oňa murt diýer ýaly hem däl, bir tüýsli, burnunyň astyndan başlap, dodaklarynyň gyrasy bilen çogup duran gyzylymtyl-goňur saç bogdagy bolup görünýär. Ikinjidenem, ak köýnege, penjege, boýunbaga derek, ol egnine ak-gök zolakly güpbi atynypdyr. Eliniň gylam ýüzündäki ýaly gür, diňe reňki açygrak. Giň gök balakda, ýöne ne köwüş geýipdir aýagyna, ne-de jorap. Aýakýalaňaç gezip ýör, gyzjagazam, elbetde, onuň edenini edýär.
Bu-da onuň tünegi. Gyzy Parižden myhmançylyga geldi. Ýöne ýaňy otuz alty ýaşyndaky adam üçin öte köne, lagşap giden bu öýüň diňe «öý» ady bar. Gyzjagaz bolsa bary-ýogy alty ýaşynda, özem awgustyň bu yssy gününde ýaňyja ukudan oýanan. Irden gezmäge çykanlarynda gyzjagaz dükanyň öňünde goýlan şetdalylara seredip durupdy; kakasy ondan bir kilogram satyn alyp berdi.
Indem ikisi kiçeňräk tegelek stoluň başynda otyrlar, öňlerinde-de şetdalyly okara. Ýedi şetdaly bar, biri çüýrük. Tennis topy ýaly togalak, birenaýy gyzaryp, kä ýerem çala gögeripjik duran şetdalynyň sapagynyň bolmaly ýerinde içindäki şänige deňiç çümüp gidýän jaýryk bar.
Kakasy gyzyň tabagyna iň ullakan hem terje şetdalyny goýup, çüýrügini özüne aldy; daşyny arassalap, dişledi. Olar hiç zat hakda warsaky urman, hiç zady meýilleşdirmän, ýeke agyzam dil ýarman dymyşyp otyrlar.
Şetdalyň iýilmän galan çüýrükli bölegini elinde saklap oturan kakasy jaýryk atan şänigiň içine garady. Gyzam şoňa üşerilip seretdi.
Edil şol pursat jaýrykda iki sany murtjagaz göründi, olar yzýany daş çykan goňrumtyl, tokgaja kelleden sallanyp durdy. Soňam jaýrygyň gyrasynda iki sany kiçijik aýak peýda boldy-da, olar möjejigiň şänigiň içinde galan göwresinem çekip çykardy. Jandarjyk daş-töwerege esewan edýän kibi, bir pursat doňup durdy.
Kakasy bilen gyzjagaz şänikden çykan möjejigi üns bilen synladylar. Jandar bir salym gymyldaman duranyndan soň, şänikden doly boşady-da, şetdalynyň dişlenen ýerinden süýrenip gaýtdy.
Gyzjagaz heniz beýle möjejigi görmändi – süýrüje, sarymtyl-goňur, birgiden aýakly murtlak mahluk. Özem juda dogumlyja. Ýeserje diýseňem boljak. Kakasy şetdalyny tabakda goýdy. Jandar süýrenip, tabagyň düýbüne düşdi, oýurganan ýaly bolup saklandy.
Gyzjagaz:
– Bu kim? – diýip sorady.
– Gaston.
– Ol nirede ýaşaýa?
– Şetdaly ýygylyp satylýança şänikde ýaşaýardy, ýöne ýarysyny dişlämsoň, indi öýsüz-öwzarsyz galaýdy öýdýän.
– Mynjyradyp öldürjekmi?
– Ýok. Näme üçin mynjyradaýyn?
– Ol ýürekbulanyjy möjek ahyryn.
– Goýsana! Bu-ýa göwnaçyk jalataý Gaston.
– Almadan gurçuk çykanda, her kim gorkup çygyrýa, sen welin beýdeňok.
– Näme üçin beýdeýin?! Biz her gezek öýden çykamyzda kimdir biri gorkup, çygyryp ýörse, saňa ýararmy?
– Nämüçip beýtsin?
– Şo-da! Onsoň biz Gastony görüp, nämüçin çygyrmaly?
– Ol biz ýaly däl-ä.
– Dogry, köp zat babatda bize meňzänok. Ýöne şetdaly şäniginde ýaşaýan beýleki jandarlardan kän bir tapawudam ýok. Indem, görgüli, öýsüz galdy. Bu sypaýylygy, görmegeýligi bilen indi nirä gitsin?
– Görmegeýligi?
– Hawa, Gaston maňa gabat gelen munuň ýaly jandarlaryň arasynda iň syratlysy.
– Onuň özi näme diýýä?
– Ol bumat birneme aljyraýa. Ýaňyja-da öýünde ähli zat ýerbe-ýerdi: töründe krowady bardy, bärsinde ýene bir otagy...
– Hany, görkez.
Kakasy şetdalyny alyp, Gastony tabakda ýeke galdyrdy-da, daşyny arassalap, galanynam iýdi.
– Fu, hiç kim, hiç kimem beýtmezdi! – diýip, gyzjagaz ör-gökden geldi. – Başga biri bolsa, ony şetdalysy bilen zyňardy.
– Näme üçin zyňmalymyş? Bal ýaly şetdaly.
Ol şänigi ikä böldi-de, Gastonyň gapdaljygynda goýdy. Gyzjagaz ony üns bilen synlady.
– Şu taýda ýaşaýa diýsene!
– Öň ýaşaýardy. Indi Gaston öýsüz galyp, öz başyny özi çaramaly boljak. Görýäňmi, islän zady ýanynda eken. Ne gözel durmuşy bardy.
– Indi nämesi galdy?
– Wah, indi üýtgeşik zady ýok.
– Indi nätmeli bor?
– Biz näme edip bileris?
Gyzjagaz:
– Birinjiden-ä, biz ony mynjyratmarys – diýip, aýgytly jogap berdi.
– Onda nä?
– Yzyna goýberelimi?
– Indi bu öýünde ýaşap bilmez-ä.
– Dogry, ýöne ol biz bilenem ýaşap bilmez ahyryn!
– Beýle durmuşa göwni ýeterem öýdemok.
– Ýöne asla biz bilen ýaşap bilermikä? ‒ diýip sorady gyzjagaz.
– Şänikde biri ýaşasa, belki, bileje ýaşardam.
– Iň bolmanda, synanyşyb-a görerdi, hämi? Şetdaly iýesiň gelýämi?
Kakasy:
– Bolýa, seret hany, depesi çüýrükli ýene bir şetdaly barmyka? ‒ diýip sorady. ‒ Tapsaň, şoň içinde ýene biri bar bolaýmagy ahmal.
Gyzjagaz uly gapdaky şetdalylaryň ählisini gözden geçirdi-de:
– Barysynyň gapysy ýapyk – diýdi.
– Bolýa, birini iýip gör.
– Ýok, maňa-da seňki ýalysy, şänigiň içinde kimdir biriniň bolany gerek.
– Bilýäňmi, dogrymy aýtsam, meň iýen şetdalym aslynda zaýa hasaplanýar, dükanlarda köplenç onuň ýalylary satanoklar. Men ony ýalňyşlyk bilen satyn alypdyryn. Şoň üçin indi biziň-ä alty sany terje şetdalymyz bar, Gaston bolsa öýsüz ýatyr.
– Maňa terje şetdaly gerek däl, meniňem içi adamjykly şetdaly alasym gelýä.
– Bolýa onda, gidip, saňa şonuň ýalysyny tapyp getiräýerin.
– Onýança men näme işläýin?
– Isleseň, meň bilen git, ýa öýde gal. Bäş minutdan gelerin.
– Telefona jaň gelse näme diýeýin?
– Jaň gelesem ýok-la, ýöne birden jyňňyrdasa, jogap berdänim, kimdigini sora.
– Ejem jaň etse näme diýeýin?
– Çüýrük şetdaly gözlemäge gidenimi aýt, ýa kelläňe gelenini diý.
– Yzyma gaýtmagymy islese näme diýeýin?
– Gaýdasyň gelse, «bor» diý.
– Sen gaýtmagymy isleýäňmi?
– Ýok, islämok, ýöne meniň däl-de, seniň islegiň has wajyp.
– Näme üçin?
– Men seniň halan ýeriňde bolmagyňy isleýän.
– Meň şu taýda bolasym gelýä.
– Bolýa, bahym gelýän.
Ol jorabyny, köwşüni geýdi, penjeginem atyndy-da, daş çykdy. Gyzjagaz henizem äm-säm bolup duran Gastony synlady. Gaston tabagyň içinde gezim edip, haýsy tarapa gitjegini, özüni nirä urjagyny bilmedi. Telefona jaň geldi, ejesi gyzyň yzyndan sürüjisini iberendigini aýtdy, sebäbi bir tanyşynyň gyzy alty ýaşaýarmyş, şonuň şanyna gurnaljak oturylyşyk üçin ertir Nýu-Ýorka uçmaly. Ejesi:
– Trubkany kakaňa ber – diýdi.
– Ol maňa bir sanyjak şetdaly getirmäge gitdi.
– Ýekeje şetdalymy?
– Hawa, biçjigini, içi adamjykly.
– Kakaň bilen birki gün galarlygyň bar eken, şoňky ýaly gürläp başlaberdiň.
– Ýok, içi adamjykly şetdalylar bar. Men bilýän. Şetdalyň içinden şoň ýaly biriniň çykanyny özüm gördüm.
– Näme çykdy – gurçukmy?
– Gurçuk däl, Gaston!
– Kim?
– Gaston, ullakan-ullakan neme, kimdigini bilemok.
– Islendik adamyň eline gurçukly şetdaly düşse, zibile taşlar, seň kakaň welin iliň tersinedir. Bir topar bolar-bolgusyz erteki otarar.
– Bu erteki däl.
– Bolýa-la, maňa häki bir ýigrenji möjek üçin gaharlanjak bolma!
– Gaston bärde, özüniň ýumrulan öýüniň ýanynda gezip ýör, menem saňa gaharlanamok.
– Ol diýýän oturylyşygymda hezil edip oýnarsyň.
– Ähä.
– Nýu-Ýorka uçup gitmegem gyzykly bolar.
– Ähä.
– Kakaň bilen görşeniňe begenýärmiň?
– Dagy näme.
– Ol bir tüýslek adam gerek?
– Hawa.
– Biraz nemeräkmi?
– Hawa. Wiý, ýok. Ol ýöne şetdalydan ýa başga bir zatdan gurçuk çykanda çygyranok. Diňe üns bilen seredip oturýa. Ýöne bu ýönekeýje gurçuk ahyryn, şeýle dälmi?
– Edil özi.
– Onsoňam ony mynjyradyp öldürmeli, hämi?
– Gaty dogry. Seni halys göresim gelip gitdi, balajygym. Iki günüm iki ýyla döndi. Onda, görüşýänçäk, sag bol.
Gyzjagaz tabakdaky Gastona seredip otyrdy, ol asla göwnüne ýaranokdy. Ol bir hili, nejis bolup göründi, ýogsa-da, ilkibaşdanam şeýledi ahbetin. Onuň öýem ýok, öwzaram, ak tabagyň içinde süýrenjikläp ýören betnyşan, samsyklaç, ýürek bulandyryjy, bolgusyz jandar. Gyzjagaz aglady, ýöne içinden aglady, sebäbi bireýýäm öz ýanyndan möňňürip aglamagy halamok diýen netijä gelipdi, çünki bir aglap başladygy, göz ýaş dökmäge şeýle bir kän sebäp tapylýardy welin, hiç saklanyp bilmeýärdi, bu-da onuň halamaýan zadydy. Şetdalyň arasy açylan şänigem juda bolgusyz eken. Gorkunçmy, nämemi, garaz, hapa.
Kakasy bir kilo şetdaly satyn aldy, emma içinden ýekeje-de gurçuklysyny tapmady. Onsoň başga dükandan ýene bir kilogram satyn aldy, bu gezek welin çüwdi: arasynda iki sany çüýrügi bar eken. Ol ylgap öýüne gaýtdy-da, hasur-husur içeri girdi.
Gyzjagazy öz otagynda otyrdy, iň owadan köýnejigini geýipdir.
– Ejem jaň etdi – diýdi. – Yzymdan sürüji iberipdir, sebäbi ýene bir doglan güne gidýäs.
– Ýene bir doglan güne?
– Nýu-Ýorkda kän doglan güni bellenýä.
– Sürüji soň seni yzyna getirýämi?
– Ýok, biz ertir Nýu-Ýorka uçýas.
– Çyndanam?
– Meň üçin bäri gyzykly boldy.
– Menem seň bilen wagtymy gowy geçirdim.
– Sen näme üçin bärde ýaşaýaň?
– Sebäbi bu meň öýüm.
– Gowy öý, ýöne biziňkä meňzänok.
– Hawa, başgaçarakdyr.
– Ol biraz Gastonyň öýüne meňzeş.
– Wiý, Gaston hany?
– Men ony öldürdim.
– Nädip? Näme üçin?
– Her kimem möjekleri, gurçuklary mynjyradyp öldürýä.
– Ýeri bolýa. Men saňa şetdaly tapyp getirdim.
– Maňa indi gerek däl.
– Bolýa.
Ol gyza geýinmäge, sürüji gelýänçä goşlaryny ýygnamaga kömekleşdi. Ugratmak üçin gyzy hem sürüji bilen bilelikde basgançakdan aşak düşdi. Daşaryda gyzyny gujaklasy geldi, ýöne bu pikirinden el çekdi. Oňa derek ýat adamlar ýaly elleşip hoşlaşdylar.
Ol barha uzaklaşyp barýan limuzini gözi bilen ugratdy-da, bir çetdäki kafe – her gün irden baryp, kofe içýän ýerine ýöneldi. Özüni ak tabagyň içinde süýrenip ýören Gaston ýaly duýdy.

Fewral, 1962

© Wilýam SAROÝAN
Iňlisçeden terjime: © Maksat BÄŞIMOW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 135 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Wilýam Saroýan, Maksat Bäşimow | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Kyyas • 00:18, 15.12.2023
Terjime edene berekella!
avatar
0
2 Мango • 12:05, 15.12.2023
"Giň gök balakda, ýöne ne köwüş geýipdir aýagyna, ne-de jorap".

şu ýerdäki "köwüş" diýýäniň "tapoçka"-myka?

---
"Olar hiç zat hakda warsaky urman, hiç zady meýilleşdirmän, ýeke agyzam dil ýarman dymyşyp otyrlar".

"meýilleşdirmän" - resmi eşdilýär.
---

gyzyklyja zat eken.
Gastona meňzeş kakasy ýaman neýtral ekenaý.
bir hili hemme zada boýnalyk, hiç kim bilen problemsiz ýaşaýan... ýaly göründi.
ak tarelkada öýsüz galan kysmatyna kaýyl gurçuk ýaly...
avatar
1
3 sussupessimist • 12:23, 15.12.2023
Yok, обувь. Amerikanlar öyünde kan bir haly yazagan dälläy (türkmen halylary bolmansoň)), onsoň käsi (kinolarynda-da göryänsiňiz) gaty yadaw wagty gonumel köwşünem çykarman yatyberyändir krowatda. Munuň bolsa piňine-de däl.
Saroyan mundaky gahrymany özünden alyp çeken bolsa gerek. Murtuny suratlandyrşyndanam çak edip bolyar.


Onsoňam muň köp eserleri awtobiografik. Beyleki eserlerindenem çen tutsaň, yazanlary kan bir çap edilip barmayany üçin kompleksli, hiç kime gerekmejek, özbaşyna yazyp-pozup yören işi şowlamayan yazyjy yaly gòrkezyär òzüni. Onsoň çaga üçin kan bir göreşmeyanliginiň sebäbem düşnükli. Bu garyp yazyjy, oňa durmuşynda owadan gürrüňler bilen jadyly, durşy bilen gudratly dünyàden başga zat hödürläp bilenok. Gyzjagazyň ejesi bolsa gurply yeriň maşgalasy, yzyndan limuzin iberşindenem, doglan gün üçin samolyotda oňa-muňa aşmagyň mesele däldigindenem bilip bolyar. Onsoň eger suda yetàyende-de, hiç bir sud gurçugyňky yaly òyde yaşap yören romantigiň tarapyny çalmaz. Garaz, islendik göreşiň bimany. Yazyjy yeňilyàr. Şonuň üçinem passiw. Gyzy yaňybir dunya çaga nazary bilen seredip, ony erteki yaly görüp başlayar welin, ejesi yene ony agras uly adamlaryň bimährem, sowuk dunyasine gaytaryar. Şetdalydan gurçuk çykanda çygyrylyp, mynjyradylyan dünyä...
avatar
0
4 Мango • 12:44, 15.12.2023
gysjagaz ejesi bilen telefonda gepleşende ýene-de öňki halyna tarap üýtgeýäni bildirip gidýär (gurçuk barada pikiri üýtgeýär)...
avatar
0
5 Lacrymosa • 16:14, 15.12.2023
Bäý, ýaşuly ussat eken-aý, bir giden zady aýtman aýdypdyr,
Sagja bol ýetireniňe,
Şu ýaşuludan ýene bolsa, goýsana!
şu ýaşulyň hepdeligini edeliňmi?
avatar
0
6 garagar • 17:28, 15.12.2023
hawa, gurçugyň gadryny balyk biläýmese...
avatar
0
7 sussupessimist • 20:15, 15.12.2023
Hepdeligini etse bolar welin, ilki terjime etmeli-dä. Kan terjimesi yok.
Yene birki sany gysgajyk hekayasyny geçiresim gelyä. Başgalaram "edeliň" diyse, baş üstüne.
avatar
1
8 janjennet • 01:20, 16.12.2023
Terjime etseňiz okajak köpdür.
Beýan.wikide okamda da gaty gowy görüpdim. hekaýany. Hem hekaýadan soň ejeme de öz ýanymdan minnetdar bolupdym. Eli ýuka, öz-özünden hem ejem ikimizden başga maddy barlygy bolmadyk, mydama üýtgeşik-üýtgeşik ertekiler aýdyp beren, başgaça pikirlenmegi öwreden kakamdan aýryp öz ýanyna çekjek bolmany üçin hem kakamy hiç haçan taşlamany üçin...

Size-de köp minnetdar şeýle gowy hekaýany okadanyňyz üçin
avatar
0
9 Lacrymosa • 11:49, 16.12.2023
şo darajyk ýere, şo birje kerpijiň üstüne Şo Şonsuny goýubilmeli-sygdyrybilmeli däl-dä aslynda,... ýöne sygyp dur,.. Göwün sygsa gö...wre sygar diýen ýaly :) diýdim weli o taýda wanna ýa diwar ýok eken-ä
şo äpetiň şon ýalyjak näzijek-nepisje aýagynyň bolunbiljegem ynandyryjy çekilipdir. Ussadyň durup çeken nokadam kartinaň tehnikasynyň (saýlap alan tehnikasynyň) düşnükli bolmagyna ýardam edýär öýdýän
avatar

Старая форма входа
Total users: 203