Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:45
Geçenler-geçdi, gardaşym...
GEÇENLER-GEÇDI, GARDAŞYM...

Şahyr dostum Gurbandurdy Orazowa


Bu bazarda söwda gyzdy. Kimler alar, kimse satar,
Göwün islän harytlaryň düzüm-düzüm, hatar-hatar...

“Tanyş… Dost… Soraýsam nesýe?”. Gardaş, bu pikiri taşla,
Sen nirede gezip ýörsüň? Bu ýeriň düzgüni başga!

Ymtylma. Gözüňi dikme. Öz nebsiňe sak bol örän,
Munda ýeňil gopulýandyr, kisäň agramyna görä...

Şowhun. Jedel. Başagaýlyk. Her kim öz bähbidin arar,
Bu görnüşde durmuş bilen özboluşly meňzeşlik bar.

Uzakly gün ygyp-selpäp, aýaklarmyz agyr basýar,
Häzir diňe bir köwşüm däl, meň-ä ýüregimem gysýar...

“Gol bulaýlap” çagyryp dur çaýhanaň tanyş tüssesi,
Çaýlaşaly, egser öýtseň, çaý bu göwünleň gussasyn.

Ýeri, bolýar, unudaly dünýäň gohuny-ahyny,
Ýa ýeser söwdagär ýaly, peýläli „bazar” ahyryn.

Wah, biz munam oňarmarys, bu ýaşdan soň, alyp-satyp,
Töwekgellik ötdi bizden. Galaýmaly bergä batyp!

Otur. Oýlan. Böwrüň diňle — bu ýollaryň öwrüminde,
Bilseň, biziň bar baýlygymyz — galagoply ömrümizdir...

Ynha, böldürdik ellini... Öňde altmyş, ýetmiş, segsen...
Bu ne sahy söwda boldy? Bu jomartlyk dälmi, eýsem?

Ýollar näçe azaldykça, köpelýändir, bergiň-borjuň,
Ömür örňäp, galňadykça ýukalýandyr golda „harjyň”.

Eh, bimany geçen günler... Jany gynap oturmaly,
Näme? Nirde? Näçe? Haçan? Bir-bir sanap oturmaly…

Bize derek, gardaş, diň sal, bozup häli ümsümligi,
Öz hasabyn ýöredýändir gursagmyzyň gürsüldisi...
Bölümler: Goşgular | Görülen: 50 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Bagabat • 12:47, 18.03.2023
Surat hudožnik Pawel Benkowyňky (1879-1949).
avatar

Старая форма входа
Total users: 203