Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:53
Geliň, kino hakynda gürrüň edeliň

GELIŇ, KINO HAKYNDA GÜRRÜŇ EDELIŇ

Biziň döwrümizde kino hakynda köp gürrüň edilerdi. Hiç kimiň aladasy görünmek däldi, görenlerini aýtmakdy. Hasam Şükür bagşy kinosy ýaňy çykaýan döwürlerde.

Bu kinony gören haýrandy. Hatda Çingiz Aýtmatam ony gowy görüpdir diýişerdik. Uly ýazyjyň Şükür bagşa beren bahasy her kimiň dilindedi. Şükür bagşyny täzelikde-de gördüm. Onuň şol gowulygy. Könelmändirem, “häh şu taýsyny oňarmandyrlar ekenowam” diýdirenok. Soň pikir etdim, bu kino näme üçin şeýle täsirlikä?

Şükür bagşy köpçülige görä pikir edenok. Onuň ýaşaýyşa, bolýan wakalara özüçe garaýyşy bar. Adatça seniň obaňy çapdylarmy, senem git-de çap. Senem ýesir al, soň öz ýesirleriňe çalyş. Ýa ýesiriňi git-de handan satyn alyp gaýt. Oňam ýesirlerini satyp bilse başga armany ýokdur. Olaram gelip bizden ýesir satyn alyp gidýärler-ä.

Emma Şükür başgaça pikir edýär. Ine, şoň başgaça pikir edýänem biziň göwnümizden turýar. Ol agasyny saz bilen halas etjek. Ol ýowa ugraljak ýere dutaryny alyp gelýär. Garaşylmadyk bir zat. Garaşylmadyk pikir! Indi biz şol täze pikiriň ýol alanyny isleýäs. Şükür obaň adamlaryny, serdaryny öz pikiriniň dogrudygyna ynandyrmaly. Bu ýerde ýogaljak bolup ýatan ýaşulyň sözleri oňa goldaw bolýar. Birinji maslahatda-da ýaşulylar bardy. Olar gan dökülmegine garşy çykyp, ýesirleri satyn almagy teklip etdiler. Emma olary diňlemediler. Soň näme üçin ýaşulyň sözi ýer alýar? Bu ýerde ýaşuly täze pikiriň arkasynda durup çykyş edýär.

Serdaram razy bolmaly bolýar. Ýöne “Soň gezek biziňkidir” diýýär. Bu jümle Şüküriň jogapkärçiligini hasam artdyrýar.


Kino gutarýança biz Şüküriň tarapynda durup, onuň ýeňilmezligini isleýäris. Emma Gulam bagşam ussat. Özem çykgynsyz ýagdaýa düşen ussat. Eger Şükürden ýeňiläýse han ony ýanyndan kowar. Dartgynly, ýeňiş iki tarap üçinem gaty gymmatly, ýaryş başlanýar. Şükür ýeňiläýmeli bolýar. Hatda agasam “Tur, tur, türkmeniň namysyna ysnat getirme “ diýip oňa gygyrýar. Ýene-de Şükür ussatlyk bilen dutaryna kakman, onuň bir kirşini aýyryp başlaýar. Agasy oňa näme üçin gygyrypdy? Ol garşydaşynyň dutarynyň bir kirşiniň ýolunany görübem, utanman oň garşysyna Şüküriň iki kirişde çalyp oturanyna namys edýär. Şükür namysa galmady. Gaýta Gulam bagşy haýran bolup dutaryny çalmasyny goýdy. Gör, türkmen nähili eken, ol ýeňişini adalatly gazanýar.


Iň soňunda-da film “Adam öz bagtynyň Ýerde, Suwda, Zähmetdedigine düşünmese bu gan döküşikli durmuş dowam eder” diýen gaty güýçli, hemme döwürlere degişli, könelmejek pikir bilen jemlenýär. Ol mafiýalaryň, milletçi faşistleriň, ýarag söwdasyny edýänleriň... ýene-ýene haram ýol bilen baýamagyň garşysyna aýdylan şygar ýaly. Bu bolsa hemme döwürlerde-de derwaýys.

Görüň, biz nähili kino alyp bilýän ekenik!

© Ylýas AMANGELDI

Çeşme: https://makalam.com/gelin-kino-hakynda-gurrun-edelin-628/
Suratlarda: "Şükür bagşy" kinofilminden kadrlar.
Bölümler: Teatr we kino sungaty | Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 09:57, 13.10.2023
ajap ýazgy bolupdyr.
Ylýas aga sag boluň.
ykjamda, gowy düşündirdiňiz.

häzirem gynansakda... gan dökülmegi dowam edip gelýär...
avatar
0
2 Мango • 11:46, 13.10.2023
REKLAMA
Nurmyrat Saryhanowyň "Şükür bagşy" powesti.
https://edebiyat.clan.su/news/sukur_bagsy_1/2023-01-04-385
avatar
0
3 Pero • 13:11, 13.10.2023
Bu ýazgy kinony täzeden görmeli etdi. Onsoñam ençe gezek görsemem,kinodaky jemleýji jümlä ūns bermändirin. Nähili ajaýyp kino hakykatdanam. Åhliadamzat kinosy. Ýazgy hem ajap bolupdyr. Eliñiz dert görmesin!
avatar
0
4 Medicall • 15:13, 13.10.2023
Gaty täsirli kino, asylam könelmejek özem. Watançylyk, mertebelilik, paýhaslylyk, agraslyk, sungatyñ beýikligi, inçeligi, yhlas şol kinoñ sütüni. Öñki kinolañ haýsyny alañda-da agramly, gowy kino düşürip bilýan ekenik diýdirýar. Kärizgenlerem şeyle kinolañ biri.
avatar
0
5 Мango • 10:57, 16.10.2023
- Görüň, biz nähili kino alyp bilýän ekenik!
- gördük, nähili kino alyp bilýändigimizi, 1963-nji ýyllarda. ondan bäri 60 ýyl geçipdir. bu günlerde-de kino göresimiz gelýä-dä... türkmen kinoçylarynyň kinosyny...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203