Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:08
Gögerçinler bilen söhbet

GÖGERÇINLER BILEN SÖHBET[/c]

Ýene tümlük, ýene gije, oýa men,
Gögerçinleň sesi gelýär üçekden.
Men olardan seýrek gelýän bu ýere,
Käte salym düşýär iki-üç hepde.

Şonda olar menden ýadyrgaýarlar,
Awçy gelip, galan ýaly ahmala.
Wah, siziňki hezil, ganatyňyz bar,
Maňa görä ýakynrak siz asmana.

Men gorkup aýagmy ýerden üzmäge,
Bendi etdim arzuwlarmy, örkledim.
Höwesim ýok hatda suwda ýüzmäge,
Oglankam men uçmaga-da ökdedim.

Adamlar guş däldir, gögerçinlerim,
Düşünmezler maňa, çünki olaryň
«Kalby hem gulagy möhürlenendir»,
Derdim diýsem, meger, gülki bolaryn.

Onsoň men derdimi size hem Haka
Aýdýan, ind-ä bu islegem sabady.
Tesbide pikirim baglaýan sapak
Üzüldi-de, monjuklary dagady...

Pikirlem pytrady, gije tümlükde
Görnenok hiç bir zat göreçlerime.
Söze düşünjek ýok, derdim ümlükde
Aýtdym üçekdäki gögerçinlere...

© Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Seýrаn • 11:52, 13.05.2024
Gowy dertdeş tapynypdyr. Goşgam gowy, ýöne dertden beter gögerçinler bilen diňe käbir duýgusyny äşgär edipdir. Derdi barada örän az agzapdyr. Bir oglanlykdaky arzuwly bendinde gysgaça aýdylýar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203