Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:42
Goňur bagşy

Türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny içgin öwrenip, bu ugurdan ençeme kitaplary we makalalary ýazan alym mugallym Seýitguly Mämmetnurowyň galamyndan çykan «Gurt Ýakup — dessançy bagşy», «Halallyk», «Milli miras — türkmeniň ruhy hazynasy», «Edebiýatymyz — ruhy täjimiz», «Türkmen halkynyň edebi-medeni gymmatlyklary» atly kitaplary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ömrüniň soňky ýyllarynda ol sazşynas alym W.A.Uspenskiniň ýüz ýyl mundan ozal Türkmenistana eden syýahatyny dowam etmegi maksat edindi. Şonuň netijesinde «Ile döwlet getiren bagşylar» (sazşynas W.A.Uspenskiniň syýahatynyň dowamy) atly kitabyny ýazyp tamamlady. Kitapda 70-den gowrak bagşy, sazanda, tarçy, tüýdükçi, dutar ussalary, halypalar, olaryň ýollaryny dowam edýänler barada söhbet açylýar. Alymyň redaksiýamyza iň soňky gezek gelende getiren ady rowaýata öwrülen Goňur bagşy baradaky makalasyny siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Bäş müň ýyllyk ajaýyp taryhy bolan türkmen halkynyň düýnki gününem, şu günki gününem, umytly ertirinem bagşy-sazandasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Geçmişde özüniň aýdym-saz älemindäki ýol-ýörelgesi, ussatlygy bilen öçmejek yz goýan ägirtleriň sany barmak büküp sanardan kän. Şolaryň biri-de döwründe ajaýyp sungaty, seýrek gabat gelýän tereň zehini bilen özüni tanadan ussat halypa Goňur bagşydyr. Türkmen bagşyçylyk sungatynyň taryhynda Goňur bagşy baradaky maglumatlar ýeterlik däl. Men bu bagşy baradaky gürrüňleri çaga wagtlarym eşidipdim. Has soňrak bolsa halk arasyna çykyp, Goňur bagşy barada sorag-ideg etdim. Netijede, maňa ol hakda köp zatlary bilmek başartdy.

Goňur bagşy XIX asyryň ahyrlarynda, takmynan, 1888-nji ýylda Çarbag obasynda Hudaýguly aganyň maşgalasynda dünýä inýär. Maşgalada Goňurdan başga-da bir gyz bolup, olaryň öýleri Murgap bilen çatylyp oturan kölüň kenarynda ýerleşipdir. Ýaşajyk Goňury aýdym-sazyň datly hem hupbatly ýoluna iteren, obalarynda tutulan sünnet toýuna çagyrylan bagşynyň aýdan aýdymlarydyr çalýan sazlary bolupdyr. Bagşynyň joşup aýdýan nagmalary, täsin jukguldylary, barmaklarynyň çalasyn hereketi bilen gara gazmadan alýan ýakymly, özüne bendi ediji sazlary, bagşynyň daşynda egele gurap oturan märekäniň içinde kakasynyň dyzyna ýaplanyp oturan körpeje Goňurjygy-da öz erkine goýmandyr. Şodur-da şodur, Goňuryň ýüreginde bagşy bolmak arzuwy köräpdir. Ol wagt tapynsa, oýna-beýlekä kän göwün bermeýşine, kölüň gyrasyndaky ýylgyndyr petdeleriň kölegesinde oturyp, elindäki taýagyny dutar edinip, toýda diňlän bagşysyna öýkünipdir. Şundan soň Hudaýguly aga ogluny yzyna tirkäp, bagşy Tosy Ýazy oglunyň ýanyna alyp barypdyr. Ondan ogluna saz çalmagy öwretmegi haýyş edipdir. Şol günden başlabam Goňuryň oýnagy dutar bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen Goňur dutarda saz çalmagy, aýdym aýtmagy öwrenipdir. Bir günem kakasy ony eşege mündürip, sazyň piri Baba gammaryň aramgähine zyýarata äkidipdir. Zyýaratçylaryň arasynda eli dutarly bagşy-sazandalaryňam bolmagy, olaryň piriň aramgähiniň gapdalynda ýörite edilen sypada üýşüşip, aýdym-saz edip oturmagy ýaş Goňury heýjana salýar. Goňur olaryň her biriniň aýdym aýdyşyny, dutar çalşyny ünsli synlap, köp zat öwrenýär. Halypalaryň ýaş bagşylary diňläp, olara pata berişlerini görýär. Şol sapar kakasynyň ogluny diňläp, maslahat bermeklerini halypalardan haýyş etmegi, ýaş oglany hem begendirýär, hem tolgundyrýar. Pendiden gelen Jumamyrat bagşynyň özüni diňläp, eliniň hereketini synlap beren maslahatlary, käbir sazlary çalyp görkezmegi onuň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlar bolýar. Ol bu ýerden ýüregi hyjuwdan dolup, guş bolup uçup gaýdýar.

Şondan soň ol has-da kämilleşýär. Günleriň birinde Goňur iş bilen Ýolötene gidende, Talhatanyň Gökje obasyndan Öwezdurdy Welmämmedowdyr Babanyýaz Gurban bilen tanyşýar. Şeýdibem, dostana gatnaşyklaryň öňi başlanýar.

Ýatsa-tursa aýdym-sazyň gadymy hem müdimi ojagy bolan Pendi topragyna gitmek, guljaly Jumamyrat bagşyny tapyp, didarlaşyp, ondan tälim almak pikiri Goňura ynjalyk bermeýär. Ahyry ol ata-enesiniň razylygyny alyp, niredesiň Pendiniň Gulja obasy diýip ýola düşýär. Onuň öýüni tapyşyna, halypa bagşa şägirt bolmak üçin alys ýoly söküp gelendigini mälim edýär. Jumamyrat bagşy Baba gammaryň aramgähinde gören ýetginjegini tanaýar hem-de ony myhmanlap, şägirtlige alýar. Halypasyna duşmak arzuwyna ýeten Goňur gysga wagtyň içinde köp zatlary öwrenýär. Ýaş şägirdiniň uçursyz ýatkeşligi, sähel ugrukdyrdygyň, yzyny alyp gitmegi, eliniň ýitiligi, aýdyma gelşikli jukguldylary, ýakymlydan belent sesi halypany az begendirmeýär. Şägirdine göwni ýeten halypa soňabaka ony özi bilen toýlara alyp gidýär. Şeýdibem onuň ýüzi açylýar, örüsi giňeýär.

Günleriň birinde Jumamyrat bagşy şägirdine ak pata berýär. Şundan soň Goňur halypasynyň maslahaty bilen, Gojaly obasynda ýaşaýan, köpleriň halypasy Gara Kärlä şägirtlige durýar. Ol bu ezber elli ussat halypadan sungatyň inçe syrlaryny irginsiz öwrenýär.

Ol şeýdip Pendiniň gülşenli güýzüni görüp, gyşyny gyşlap, jenneti ýazyny ýazlap, gyzyl köz bolup oturan gülälekli meýdanlarynda, begres geýnen baýyrlarynda gezýär, ylham alýar. Hyruç edip saz çalýar, aýdym aýdýar. Şeýdibem, ýazlag wagty öz bagtyny — Miwäni tapýar. Halypasy Gara Kärliden ak pata alyp, dogduk obasy Çarbaga dolanyp gelensoň, Miwe bilen durmuş gurýar. Goňury bütin oba gujak açyp garşylaýar. Ol indi diňe Ýolöten däl-de, eýsem, Baýramaly, Mary, Sarahs töwereklerinde-de isleglenip başlaýar.

1929-njy ýylyň ýaz günleriniň birinde, tutumly tutulan toýda ady Pendiden çykyp, Sarahs, Mary, Ýolöten illerine dolan meşhur Garly bagşy bilen didarlaşmak, aýdym aýdyşmak bagty Goňura miýesser edýär. Şol toýda oňa aşa göwni ýeten Garly bagşy ýokary baha berýär.

Ýolöten etrabynyň «Soltanbent» daýhan birleşiginde ýaşap geçen Öwlüýäguly Ýazmyrat ogly: «Goňur akga ýaly bagşy Egriniň (Murgabyň) boýunda bäri-bärde bolmaz. Ol «Goňurja barka, Alaja süňk ýok» diýdiren hakyky ussatdy» diýerdi.

Goňur bagşy barada sorag-ideg edip ýörşümize Ýolöten etrap hassahanasynyň lukmany Allanazar Aganyýazowdan bir gyzykly wakany eşitmek bagty miýesser etdi. «Gatyýapda oturylan ýyllary (XX asyryň ýigriminji ýyllarynyň ahyry, otuzynjy ýyllarynyň başy bolmaly) Gyzyl obasynda uly toý tutulýar. Şol toýa-da, nirelidigini biljek däl, Aman diýen bagşyny çagyryp getirenler. Şonda göwni galan Goňur özüni kemsidilen hasap edip, toýa myhman hökmünde çagyrylan-da bolsa, oňa gitmezligi ýüregine düwüp, öýünde içini hümledip oturypdyr. Goňşy-golamlar: «Toýa gideli» diýip barsalaram, bagşy gitmejek bolupdyr. Ýöne ony alyp gidipdirler. Mähellä tagam çekilensoň, Aman bagşy märekäniň ortasynda özleri üçin ýazylan düşege geçip, aýdyma başlapdyr. Ol esli wagt aýdym aýdansoň, oturanlara ýüzlenip: «Sizde-de bagşy-sazanda bolmaly. Eger şu ýerde bolsa, özüni tanatsyn. Belki, aýdym aýdar, saz çalar» diýipdir. Oturanlaryň nazary Goňur bagşyda eglenipdir. Şeýle-de bolsa, bagşy sypaýyçylyk edipdir, emma köpçülik ony öz erkine goýmandyr. Şundan soň, öňem eli gijäp, süňňi galpyldap oturan Goňur turuwbaşdan örän beýik aýdymlara tutduryberen. Adamlar biri-biriniň ýüzüne seredişip: «Goňur-a betine tutdy» diýşipdirler. Goňur barha gyzypdyr. Ol bäş-alty aýdymy sesinde baryny edip aýdyşyna, dutary eýesiniň gapdalynda goýup, ýerine geçipdir.

Toý eýeleri bagşylara halat-serpaý ýapypdyr. Aman bagşy gurply, özüni oňarýan adam eken. Ol öýüne gelşine, kakama: «Jumamyrat, agyldaky düýeleriň birini Goňuryň gapysynda daňyp gaýt» diýipdir. Hawa, Goňur akganyň göwnüne deglen wagty şeýleräk oýunlary etmesem bar eken» diýip, gürrüňdeşim ýylgyrdy.

Ýaňy-ýakynlaram märekede, toý-tomaşada bagşynyň taýsyz ussatlygy hakda söz açylanda: «Pylan aýdym Goňur halypa bilen gitdi» diýerdiler.

Hawa, Goňur bagşy müdimi sungaty bilen özüne unudylmajak ýadygärlik goýup gitdi. Halypa bagşy 1944-nji ýylda aradan çykýar. Goňur bagşydan zürýat galmasa-da, at galdy. Onuň ömürboýy hemrasy — Gelenje ussanyň ýasan dutary häzir bagşy bilen duldegşir goňşy bolup oturan Baýram Sarynyň ogly Juma Saryda gymmatly ýadygärlik hökmünde aýawly saklanýar.
Bölümler: Taryhy Şahslar | Görülen: 62 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Seýitguly MÄMMETNUROW. | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Lacrymosa • 19:49, 16.12.2023
Ýatan ýeri ýagty bolsun! Seýitguly mugallym ajaýyp ynsandy, hakyky mugallymdy, hakyky halypady, irginsiz alym adamdy. Ýagşy adam ýatdan çykmaz diýleni. Hiç ýatdan çykmajak ynsanlaryň biridir.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203