Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

05:14
Gorky

GORKY

Kükregme it maslygy
dykylan ýaly,
demim gysýa, Tuana,
içi çyňlap ýatyr
kelle çanagmyň.

“çagalygmyň” ýasy
hergün günortan.
gujagyňda jaýla meni, Tuana.
Hiňlen hüwdä,
diňsin bady
assadan
ýan otagdan gelýän agy sesleriñ.

Oýar meni, Tuana.
bu gorkudan halas et.
gurşun dökýär
depämden
başymdaky daýzalar.
çiňňerlip dur
jam içinde
ýat adamlaň gözleri.

Tutyny syr, Tuana
Yşyk syzmasyn
Ganmadym hüwdüden,
sypala başym –
uzak gije
gursagymda
sallançagyň
jygyldysy…

…Penjiräni açma, Tuana,
gorkýan guşuň sesinden.

© Begençgeldi ORAZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 108 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 09:49, 11.11.2023
goşgy Begençgeldiň çagalyk trawmalary bilen baglymyka?
Tuana-na näme, kim?

gözletdim welin:
"Tuana ismi, eski toplumlarda kadın hükümdarlar için kullanılan bir sözcüktür. Veya hükümdarların eşleri bu isimle anılmaktadır. Ayrıca Tuana isminin anlamı cennet bahçelerine düşen yağmur olarak yorumlanmaktadır.
avatar
0
2 Garlawac • 12:49, 13.11.2023
Mende ýokdy bu goşgusy, minnetdar ýetireniňize!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203