08:03 Goşgular | |
GOŞGULAR Şeýle pursatlar boldy ynansaň, Seni terk edesim-edesim geldi. Gündizlerne hassa kimin düşekde, Gijelerne goşgy ýazdym heserli. Ýaşym damjak-damjak boldy dammady, Heýkel ýaly doňup gezdim esli gün. Öz ýanymdan saňa atan hemlelem, Ýykyp biljekdi ol äpet Eýfelem. Sensizlik ilkiler kyn däldi çünki, Öýke güýç berýärdi ejiz göwnüme. Günler ýukaldansoň kinäň gatyny, Jeza kesen ýaly duýdum ömrüme. Ezizleň küýsegi Baýram günleri-de tukat bor eken, Dünýäň şowhuny-da güňleç eşdiler. Ezizleň ýanynda bolup bilmeseň, Gussa syýa bolup kalbyň keşdelär. Şol özüne çeker durar howlumyz, Oňa uzan mährem ýodalar bardyr. Her ulag geçende intizar bakyp, Ýoluma garaýan dideler bardyr. Bir ýerlerde tanyş owaz ýaňlanýar, Ol saz ýatlamalaň gapysyn açar. Hyýalymda ylgap gelip körpelem, “Ejem geldi” diýip boýnymy guçar. Goý ýaňlansyn,ýatlamalaryň sazy, Bolmanda ruhumy göterip bilýär. Küýseg artyp,sabyr-takat gowzasa, Ezizlemi maňa getirip bilýär. *** Boş galdy agaç seki, Çykamok men daşary. Sensizlikmi ýa güýziň Çigreginden üşedim. Ýene serhet çekipdir, Aramyza aýralyk. Gussa çekmejek bolup, Ýürek baý “ýer peşedi”, Onsoň halys çydaman Bu barlyga ýüzlendim: - Bes ediň! *** Eneňiziň gujagynda myrlapjyk, Ýatyrdyňyz,oýarmaga dözmedim. Oýansaňyz belki göýbermezdiňiz, Heniz päk gözýaşyňyzy dyňzadyp. Ýene bir hoşlaşyk ezdi kalbymy, Serimde ýakymsyz ýyldyrym çakdy. Görüşýänçäk,Alla sizi gorasyn, Ezizlerim, men ýene ýola çykdym! Meňli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |